16:17 Awçy / hekaýa | |
AWÇY
Hekaýalar
Gadymy Merwiñ ūstūnden geçýän Beýik ýūpek ýolunyñ ugrunda kiçeñräk bir oba bardy. Muña Nazar awçynyñ obasy diýýárler. Bu töwerekdäki obalara garanyñda bu obañ gelim-gidimi-de köpdi. Obanyñ ortasynda pagsadan salnan mesjide diñe bir namaz ūçinem däldi. Oba adamlary geñeş etjegem bolsalar şol ýere ýygnanýardy. Obanyñ deñinden geçýän kerwenlerem dūşläp geçensoñ her kim zeruryny satyn alyp, dokan haly palasdyr baganalaryny satyp pullanýarlar. Bir gūnem öýle namazyndan soñ kerwene garaşyp otyrkalar, ýaşy birçene baran ak sakal goja salam berip eşegini saklady-da: - Nazar awçynyñ obasymyka şu oba - diýip sorady. Owaldanam, atly-atly baýlaryñ atlary tutulman, Nazar awçyñ obasy diýilýänine görūplik edip ýören baýlaryñ biri goja bakyp: - Biz-ä, Nazar awçyñ obasy bar diýip senden eşidýäs. Gara nebsi ūçin obañ toýuny-ýasyny terk edip ýöreniñem bir obasy bolar oguşýa. Idäberiñ taparsyñyz- diýip, sesine bat beribräk ýerliksiz myjabatlar atyp jogap berdi. Onýança, bir çetde oturan ýaşulylaryñ biri turup salamlaşdy-da; - Hawa, sakgaldaş, şu oba bolmaly. Şol diýip gelen bolsañyz oglanlañ birini goşup goýbereýin, alyp barar-diýdi. Onýança hälki baý ýerinden turup: -Siz şü Nazar balaja diýip gelen bolsañyz gidip oturmañ. Biz ony bärik çagyraly diýip otyrdyk. Hany ýigitler şony oky - hyrlysy bilen alyp geliñ! Aýdylanna mähetdel iki sany atly ýigitler almaga gitdiler. Baý: - Aw eden bolup töwerekde tohumlyk goýmady how, adamlar! Bu zatlañam hasab-a bardyr. Munuñ ūstesine-de Pylan awçyñ obasy diýşip, obada bir saýhally adam ýok ýaly. Ata-baba gelýän Seýrap düzüñ-ä ady ýitdi. Onýança-da hyrlysyny eşeginiñ gaññasyndan dik asyp, idip gelen Nazar awçy, inçeräk sesi bilen salam berip märekäñ deñinde saklandy. Ýaş oglanlaryñ biri eşeginiñ boýnundan tutdy-da añyrrakda dañyp geldi. Baý aga awçyñ salamyny aldyda: - Nazar! Gelen bolsañ, ilki hol oturan myhmanyñ habaryny al. Soñ biz bilen gūrleşersiñ-diýdi. Nazar awçy agraslyk bilen saglyk amanlyk soraşdy-da, - Baý aga, myhman men diýip gelen bolsa öýde çaý - çörek beremsoñ habaryny alar otyryn. Siziñ menlik näme işiñiz bolsa aýdyp oturyñ! Baý aga oña alarlyp: - Aýtsam, sen şu günden beýläk hyrlyñy goýmaly bolarsyñ. - O nä beýle hökūm, sebäbini aýdyñ, baý aga? - Sebäbini bilesiñ gelse gulak as! Gara nebsiñ bilen obañdan bizar bolup, tohumlyk goýmadyñ keýikde, gulanda. Bihasap zat ýokdur, awçy. Geljek ýaza çenli hyrlyñ sesini eşitmäýin. Şu oturanlañam gelen karary şü! - Hää. Bolar baý aga. "Il oñlasa atyñy soý" diýipdirler. Ol elini agzyna ýetirdi-de dişlerini görkezip: - Bu degirmeni beren Alla bugdaýyny hem berjekdir, bàý aga. Baý: - Berse nesip etsin. Sen diýleni et! Edil şol wagt, aýaklarynyñ aşagy gyzgyn çägede bişip, dabanlary çokaýyñ oltañyndanam galñap giden, ýarym-ýalañaç iki sany ýortmança oglanlar awçyny tanap dogry ýanyna baryp salam berdilerde, ara salym salman: - Nazar aga! Biz-ä siziñ ýanyñyza iberdiler. Hol biziñ obamyzdan Pälwan agañ gelýän jumada kyrkyny berjekler. "Şoña söwūşlik aw edip bersin. Özlerem çül-çaga bolansoñ elleri ýuka, gaýrat etsin" diýdiler, jogabyñyzy eşitsek garañka galman gaýtmakçy-diýip, pert-pert habaryny aýtdylar.. Indi hemme zat dūşnūkli boldy. Baý aga durup bilmän: - Hany, ol obañ baýy - begi ýokmyşynmy, awça gūni galdymy?! Oglanjyk çekinmän: - Baýlara-da bizi iberdiler weli, öñki bergisini bersin diýdi. Onsoñ bärik geldik-diýdi. Bular bilen çekeleşip durman, awçy oglanlara "bolar" diýdi-de, hälden bäri garaşyp oturan myhmanynam alyp öýūne gaýtmakçy boldy. Myhman awçydan uzur sorap: - Awçy aga, maña-da rugsat beräýiñ. Meniñem haýyşym şol awdy. "Döwletliñ ýanyndan suwly ýap geçer, bidöwletiñ ýanyndan ýowy ýetik ýol geçer" diýleni boldy. Alada ūçin alyp goýan malymyzy aldyrdym. Bu gūn erte çakylygym. Şoña bir aw edip berseñiz diýip gelşimdi. Siz hälki oglanlaryñ ýumuşuny bitiriberiñ. Hemme zat bähbide ýazdy. Näme ūçin obaña Nazar awçyñ obasy diýilýänine göz ýetirdim. Alla size abraý bersin-diýip öýūne gaýdyberýar. Nazar awçy hyrlysyny taşlap eşegine mūndi-de çöle tarap ýola dūşdi. Ertesi ikindin ara oba oglanjyklaryñ: - Nazar awçy gelýär. Keýik tutupdyr, keýiik-diýip, jar çekýän seslerine hälki baý hem ýaranlaryny alyp garşylap: - Ýeri awçy?! Ýaragsyz - därisiz nädip tutup bilýäñ?! - diýen batnyksyz soragyna, Nazar awçy: - Baý aga! Siz meniñ elimdäkini alsañyzam alnymdakyny alyp bilmersiñiz - diýip jogap beripdir. Aşyr SALYH ogly. Surat: Abdylla Mämmetberdiýew | |
|
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||