12:11 Aýalyma hat | |
AÝALYMA HAT
Goşgular
7.XI.1933. Bursa. Türme. Sen - meniñ ýalñyzym! Ýazypsyñ şeýle: "Däli men, kelläm hem aýagym otda... Seni asaýsalar dar agajyndan, ýaşamaryn, muny bilsinler pugta..." Ýaşarsyñ, ezizim. Çal dumanlaryñ dargaýşy dek, dargar gider bar derdiñ. Ýas baglap ýörmersiñ bir ýyldan artyk. Bu döwür şeýleräk, bilýändir her kim. Ölesim gelenok, boýnum syrtmakly, Emma garagurt dek tüýlek gara gol boýnuma syrtmagy ataýsa bir gün, Nazymyñ gözünde görmersiñ dowul. Soñky säherimiñ ümüş-tamşynda görerin dost-ýary, seniñ özüñi. Ýarym, şonda, bilgin, gynanaryn men aýtmadym diýip aýdymymyñ yzyny. Eý, ezizim, ak ýürekli syrdaşym, ýarym, gözi baldan süýji aýalym, Ölüm jezasyny berjek bolýarlar diýip, neçün ýazdum saña men zalym? Sud ýañy başlandy. Ruhdan düşme. Ýolmazlar kellämi ýolan dek şalgam. Oýlanmaly bolar jellatlar entek. Entek belli zat ýok, ýarym, çekme gam. Ýyly kalson iber, puluñ bar bolsa, aýaklarym agrap, garşy aldym gyşy. Tussagyñ aýaly ýagşy zatlary göwnüne getirip ýaşasa ýagşy. 1938. Nazym HIKMET. Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |