16:38 Aýdere | |
AÝDERE
Goşgular
Ýene geldim seň goýnuňa Aýdere, Ne ajaýyp çynar boýly hozlaryň. Nesip etsin bize seniň üstüňde Gyşyň gyşlap, ýazlamaklyk ýazlaryň. Sen bir gelin – alkymyňda garyň bar, Göwsüňde al-elwan goşa naryň bar. Sen bir dutar –ne ajaýyp taryň bar, Waspyň dilde, söwdügim sen, Aýdere. Saňa gelen ýatlar mydam serinde, Orun berer ömür ýürek töründe. Säher bilen ýara gülleň tiremde, Bagtymyzyň çüwdügi sen, Aýdere. Suwuň melhem, howaň hoştap bu jana, Günämi ötmegil bolsam bigäne. Men seniň şahyryň, bilmedim gana, Ömürboýy öwdügim sen, Aýdere. ▶ ÝÜREGIME Gaýa-gopuz ýok ýerinden Aýt, neçün takadyň ýok. Gündiz, agşam, ýarygije, Aladasyz sagadyň ýok. Gowsy, biz çykaly daga, Göwnüň açar çeşme, şahyr. Bagtly sen dag goýnunda, Ömürboýy teşne, şahyr. Öz obaňda Gün doguryp, Togap etseň ýüzüňe sen. Hem dem alsaň şam-u-säher Gurban bolup tozuna sen. Ol baky juwan Sumbaryň Enaýy şapak şamy bar. Ýürek, tukatlanmasana, Aýt, mundan gowy näme bar?! ▶ SUMBAR Waspyňy söýlesem seniň Synyk göwne seýik, Sumbar. Kenaryňda gördüm bu gün, Bir gyz, misli keýik, Sumbar. Ol gyz meniň bagtymmydy, Ömür täji-tagtymmydy. Oýa, uky wagtymmydy, Gitdi, boldum köýük, Sumbar. Owaz goşup çynaryňa, Akýaň sygman kenaryňa. Baş egdim bu hünäriňe, Ýokdur senden beýik, Sumbar. Ýaz gününiň ýagşy ýaly, Gyz-geliniň nagşy ýaly. Döwletgeldi bagşy ýaly, Taryplasam, laýyk, Sumbar. ▶ ARPAKLEN OÝLANMASY Eger Peleňzawy görmedik bolsaň, Aw etmedik bolsaň Şalçekilende. Eger-de Akgaýa barmadyk bolsaň, Dyz epmedik bolsaň Arpaklende, «Gördüm» diýme onda Sumbar jülgesin. Bu ýerlerde eglenmese nazaryň, Ne peýdasy öazyp ýören gazalyň. Bolsaň-da sen perzendi Çünt-Hasaryň, «Gördüm» diýme onda Sumbar jülgesin. Ýazda Erem baga diýer: «Gaýra dur», Bilbilleri müň owazy ýaýradar. Ynan onuň lezzeti has aýrydyr, «Gördüm!» diýgin şonda Sumbar jülgesin. Gözellikden serhoş seriň aýlanar, Munda diňe ýagşylykdan söýlener. Kalbyň tämizlener, ruhuň şaýlanar, «Gördüm!» diýgin şonda Sumbar jülgesin. ▶ «ENE, OGLUŇ BU GÜN KYRK BÄŞ ÝAŞADY..» Bu gün gör, nähili sahawatly gün, Näçe taryplasaň mahabatly gün. Diýseň şanly sene hem şöhratly gün, Ene, ogluň bu gün kyrk bäş ýaşady. Başy çal sepelän ogluň garap dur, Agtyklaň degişip diýýär: «Garrapdyr», Diýmeseler bolýar: «Haly harapdyr», Hyk-çok bilen ogluň kyrk bäş ýaşady. Gülseň-de şadyýan, gözüňde gussa, Ýatlamaýyn ony, ol agyr kyssa. (Peder gitdi, ýatman ýeke gün hassa), Ogly onsuň bu gün kyrk bäş ýaşady. Dagdan inýän çeşmäň akyşy täsin, Bilbiller saýraýar berýän dek häsin. Bu durmuşa artyp barýar höwesiň, Ene, ogluň bu gün kyrk bäş ýaşady. Düýn dälmi, çybyk atda oýnanym, Süýji tagamlaňdan iýip doýmanym. Düýn dälmi, yşk ataşda gaýnanym, Ene, ogluň bu gün kyrk bäş ýaşady. Bu gün gör, nähili sahawatly gün, Näçe taryplasaň mahabatly gün. Diýseň şanly sene hem şöhratly gün, Ene, ogluň bu gün kyrk bäş ýaşady. 15-nji iýul. 1994 ▶ MELHEMIM Balyk biler tereň derýaň gadyryn, Öýsüz biler nämeligin çadyryň. Daglar hakda sowuk çeşme dillener, Çeşme hakda ilki teşne dillener. Ýar gadyryn biler diňe ýarsyzlar, Binamysa hemşer bolar arsyzlar. Düýbi takyr köle çeňňek atylmaz, Melhemi bolmasa emgek gutulmaz. Eý, şypakär, sende meniň melhemim, Sen bolmasaň dymar ýörer ylhamym. ▶ «BARÇA DEŇDIR HAK HUDANYŇ GAŞYNDA...» Baýmysyň ýa garyp, parhy ýok asla, Barça deňdir hak hudanyň gaşynda. Mollamysyň, aryfmysyň, parhy ýok, Barça deňdir hak hudanyň gaşynda. Enäň göz-gaşynda söýlenen ömrüň, Enäň gözýaşyna eýlenen ölmüň. Dolanan döwranyň, aýlanan döwrüň... Barça deňdir hak hudanyň gaşynda. Watanyň öňünde bolsaň günäli, Kim bagyşlar eýsem agyr günäňi. Zemin içre ähli ýerden ýöräni... Barça deňdir hak hudanyň gaşynda. Hak hudaga nazar kylyp säherler, Gözýaş dökdüm, ýatsyn – diýip – gaharlar, Alymlar, zalymlar, goja şahyrlar... Barça deňdir hak hudanyň gaşynda. Enäniň süýt bilen ideden ogly, Sözüm bar diňleseň, eý, adam ogly. Diýmesinler saňa: «He-eý, nadan ogly», Günä ýegdir hak hudanyň gaşynda. ▶ ENE GÖZÝAŞY Ene ajy gözýaşyny döküp dur, Egnin silkip-silkip ýyglaýşyny gör. Ah, sen, näletkerde – ezraýyl kysmy, Enäni otlarda daglaýşyny gör. Ýüregiňi ezmedimi bozlaýşy, Haraý isläp, çar tarapa gözleýşi. Bir tikeni balasyna dözmeýşi, Şonda-da keýpiňi çaglaýşyňy gör. Daglary eledip bilýän güýji bar, Buzlary eredip bilýän güýji bar. Dünýäni ýöredip bilýän güýji bar, Şonda-da ejizläp aglaýşyny gör. Ajy däl-de, (şatlyk gözýaş dökülsin), Oňa sebäp ömürbaky ökünsin. Bolmasa – kyýamat, dünýe ýykylsyn, Enäň gözýaşyndan çagşaýşyny gör. Didaryňa zar gezeýin ene jan, Ymjydaýsam har gezeýin ene jan, Seň saýaňda zor gezeýin ene jan, Bäş günlük panyda ýaşaýşymy gör. ▶ DOSTUMA Akmämmet Annaýewe Eselende esreýän bar düýe deý, Peselende pisleýän bar güýe deý. Bir kişi bar, (bolsaň onuň gurbany), Şo bir durşy çüýremeýän söýeg deý. Belki, durmuş durmuş bolmazdy onsuz, Şatlyk bu jahana dolmazdy onsuz. Göwnüň göterilip, gelýär ýaşasyň, Diýýäň: «Ýaşan ömrüň bolsady soňsuz». Şeýle dostuň barka mydam ýanyňda, Gojalykdan nyşan galmaz janyňda. Sahawatlyk satylmaýar bazarda, Eger-de bolmasa başda ganyňda. Eselende esreýän bar düýe deý, Peselende pisleýän bar güýe deý. Bir kişi bar, (bolsaň onuň gurbany), Şo bir bolşy çüýremeýän söýeg deý. ▶ ARZY BAJY Arzy Ymamgulyýewna Güler ýüzüň müň bir derdiň dermany, Sözleriňde müň bir derdiň emi bar. Güler ýüz, süýji söz şypadyr jana, Eýsem, aýdyň, şundan belent näme bar. Iň soňky deminde düşende haýdan, Ýadymda bir sözi gojanyň aýdan: «Gyzym, alyp galdyň beladan-gaýdan», Arzy bajy, şundan belent näme bar. Şahyryň kalbyna gussa dolanda, Uçgun köräp, sowuk köze dönende, Gudratyňdan ylham şemi ýananda, Arzy bajy, şundan belent näme bar. «Halasgärim» diýdi, goja-da, ýaş-da, Melhemiňden ýaza öwrüldi gyş-da, Taňrym saňa medet beripdir başda, Arzy bajy, şundan belent näme bar. ▶ ÝAZGÜLÜŇ Biri diýdi: «Gözleriniň gurbany», Ýene biri sözleriniň gurbany. Biri diýdi: «Näzleriniň gurbany», Yşk ataşda ýakan näzdir Ýazgülüm. Ýaşlaryň içinde ýaşy owadan, Humaý gözi, gyýma gaşy owadan. Tawus guşdan, ýaşylbaşdan, gubadan, Uzlaryň içinde uzdur Ýazgülüm. Bir bakyşda gamgyn göwni çagladan, Bir ýakyşda gije-gündiz agladan. Goşa narda baky gözüm egleden, Ýazlaryň içinde ýazdyr Ýazgülüm. Adyň doga kimin dakdym boýnuma, Guwanarman näz-kereşme oýnuňa. Armanym ýok, girsem zemin goýnuňa, Waspyn edip türkmen gyzy, Ýazgülüm. ▶ GÖWNE TESELLI Halyň harap, teň bolanda, Gylyç dartyp, jeň bolanda, Takdyr birden düňderende, Aglap durma, aglap durma. Ýigit başy gallalydyr, Baş çykarmak hyllalladyr, Penakäriň bir alladyr, Namardyna boýun burma. Dost diýeniň bolsa birdir, Baýlyk eliňdäki kirdir. Allaýar aglama, irdir, Oýun gurma, oýun gurma. Gözleme duşmanyň ilden, Başa bela geler silden. Päkkäň gorkma gaýdan, silden, Gorka durma, gorka durma. Ogluň-da bar, gyzyň-da bar, Gaýrat entäk dyzyňda bar, Halallygyň duzuňda bar, Beýdip ýörme, beýdip ýörme. Görýäň hallan atanlary, Görýäň dostun satanlary, Görýäň bagty ýatanlary, Eliň serme, eliň serme. Pes wagtyňam kanagatdyň, Mes wagtyňam kanagatdyň, Keýpiň ýokka henek atdyň, Daglap durma, daglap durma. Geçer gider ümür-duman, Göwnüňden aýrylar güman. Beýik zaman, beýik zaman, Aglap durma, aglap durma. ▶ INIME Baýmuhammede Ata-ene baky bolar öýtdük, Peder gitdi, ýürek dagladyk inim. Görsek gözünde ýaş göwni kem enäň, Sessiz aglap, dünýä sygmadyk inim. Çekmeli biz indi ata keşigin, Abat saklamaly ata işigin. Alla aýyrmasyn ata üşügin, Namartlara boýun egmedik inim. Geýip çykýaň onuň gyrmyz donuny, Ýöne dowam etmek agyr ýoluny. Indi bilýäs, biziň ýaly onuny, Goýaňda pedere degmedik inim. Ogul-gyz ýetişdi, agtykly bolduk, Şadyýan gülseler, bagtly bolduk. Misli köşki-eýwan, tagtly bolduk, Şolar bilen göwün çagladyk inim. «Daş boluň – diýipdi – jenjel-dawadan», Adam bolup ýaşamaly owadan. Şonda siller bösüp bilmez böwedin, Gerek dälkä ýagmyr, ýagmadyk inim. Goňşy-golam, öýler bolsun salamat, Şudur, belki, eger bolsa keramat. Dilegim daş bolsun bizden melamat, Besdir indi, öň kän ýygladyk inim. | |
|
√ Ne ajaýyp hüý erer, eý şohy siminber saňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Aýna / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Pyglym harapdyr / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |