22:27 Aýdymlarda waspy edilen gerçek | |
AÝDYMLARDA WASPY EDILEN GERÇEK
Edebi makalalar
Ine, men gahrymanymyň obasy Tutlygalada. Obanyň dört tarapyny-da beýik-beýik daglar gurşap alypdyr. Bu obanyň alçak hem myhmansöýer adamlary öz mähriban obadaşlary Geldi hakynda höwes bilen, uly tolgunma bilen gürruň berýärler. Onuň çagalyk we ýetginjeklik ýyllaryny birin-birin ýatlaýarlar. Şeýle hem olar dagly enäniň goşa didarynyň uruşda wepat bolandygyna asla ynanmandygyny hem gürrüň berýärler. Dagly ene muňa ömrüniň iň soňky pursatlaryna çenli ynanmandyr: «Ogullarym hökman geler. Ine, şonda uly toý tutaryn. Gara ýeri gujaklap ýatar ýaly, olar heniz näme ýaşadylar? » diýýärdi. Menin öňümde 1939-njy ýylyň 7-nji aprelinde Geldi Gurbanmyradowyň adyna doldurylan zähmet depderçesi ýatyr. Onda bary-ýogy ýeke-täk ýazgy bar: Kürüjdeý oba Sowetiniň sekretarlygyna saýlanyldy, buýruk № 24, 17. III. 1939. PARTIZAN OTRÝADYNYŇ KOMANDIRI ÇERNOWYŇ TK (b) MK-nyň SEKRETARY ÝOLDAŞ BATYROWA ÝAZAN HATYNDAN «Krawsow adyndaky partizan otrýadynyň hatarlarynda WLKSM çleni, türkmen partizany Geldi Gurbanmyrat söweşdi hem-de hereket etdi. Ýaşan ýeri: Aşgabat oblastynyň Garrygala raýonynyň «Oktýabryň 14 ýyllygy» kolhozy. Ýoldaş Geldi ýaralanandan soň okkupirlenen territoriýada galdyrylýar. Ýoldaş Geldi heniz ýaralary gutulmanka, 1942-nji ýylyň ýanwarynda Krawsow adyndaky partizan otrýadyna meýletinlik bilen girdi. Otrýada giren ilkinji günlerinden ol özüni gaýduwsyz partizan, hökmünde görkezdi. Söweşde we her bir söweşjeň tabşyryklarda batyrgaý hereket etdi. 1942-nji ýylyň awgust aýynda partizanlara duşmanyň eýelän ýerindäki uly demirýol köprüsini partlatmak tabşyrylýar. Geldä hem şonda snaýperçi hökmünde köprüdäki garawuly ýok etmek ynanyldy. Tüm garaňky gijede köprä ýakynlaşmak bilen ol garawuluň janyny jähenneme iberdi. «Köpri eýelendi» diýip, ilkinjileriň hatarynda öňe okduryldy. 1942-nji ýylyň sentýabrynda duşmanlar N. raýonyndaky partizanlaryň bolýan ýerlerine aralaşýarlar. Geldi bu ýerde-de gahrymançylyk görkezdi. Korenewka diýen ýerde duşmanlar otrýadyň komanda punktuna aralaşmak bilen ony gabamakçy bolýarlar. Geldi munda duşmanyň üstüne okduryldy, ilkinji bolup duşmana al saldy. Ol « urra, Watan üçin» diýip, duşmanyň üstüne okduryldy. Beýleki partizanlar hem onuň göreldesine eýerdiler. Basga düşen gitlerçiler yzlaryna gaçmak bilen boldular. 1942-nji ýylyn 28-nji dekabrynda otrýadyň birtopar söweşijileri duşmanyň eýelän berkitmesine hüjüm etdiler. Bu ýerde Geldi razwedkaçy hökmünde hereket etdi. Ol beýleki partizan ýoldaşlary bilen birlikde duşman berkitmesine aralaşdy. Muny aňan duşman öz ar- tilleriýasyndan, minometyndan ot açýar. Muňa garamazdan, razwedkaçylar bir ädimde yza çekilmediler. Geldi bagry bilen duşmanyn dzotuna tarap süýşýärdi. Ine, şol ýerde-de ol snarýadyň oskologyndan wepat boldy. Ýoldaş Geldi kommunikasiýalaryny ýok etmeklikde batyrgaýlyk görkezdi. Ol duşmanyň ýaragly güýçleri we tehnikasy jemlenen üç eşelonyny ýok etdi». Partizan otrýadynyň komandiriniň bu hatynda Geldi Gurbanmyradowyň snaýper ýaragy bilen gitlerçilriň ellisiniň janyny jähenneme iberendigi hakda-da aýdylýar. Şeýle hem onuň SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Ukazy bilen (1. 9. 42 ý.) «Söweşjeň edermenligi üçin» diýen medala, front goşunlarynyn buýrugy bilen (30. 10. 42 ý). Gyzyl Ýyldyz ordenine mynasyp bolandygy hem-de otrýadyň komandowaniýesiniň ony Lenin ordenine ýazyp berendigi habar berilýär. Hat şeýle setirler bilen hem tamamlanýar: «Güneşli Türkmenistanyň söweşjeň ogly Geldi Gurbanmyradyň ýagty ýadygärligi hem-de onuň bitiren işleri otrýadyň partizanlarynyň ählisine nusga bolar». Krawsow adyndaky otrýadyň komandiri Çernow. Otrýadyň komissary Razuwaýew. 1943-nji ýylyň 15-nji ýanwary. ÝAZYJY ÝURIÝ DOLDUŇ «OTLUK AÝTYMDAKY ÝADYGÄRLIK ATLY HEKAÝASYNDAN Oraz Gylyjyň terjimesi bilen. «...Geldi Gurbanmyrady jaýladylar. Wlas aga kellesini ýalaňaçlap, hemmeleriň öňünden barýardy. Ýaşuly iki eli bilen bir ýassyk göterip barýardy, şol ýassygyň üstünde, Geldiniň partizan otrýadynda bitiren işleri üçin berlen iki ordeni we gahrymanyň söweşjeň işleriniň şaýady bolan kertikli we kese çyzmykly kemeri bardy. Ýaşulynyň yzyndan Geldiniň sekiz sany iň ýakyn partizan ýoldaşy, şolaryň arasynda otrýadyň komandiri barýardylar, olaryň yzyndan bolsa bütin otrýad barýardy... Geldiden aýrylyşygy uzaga çekdirmek isleýän ýaly, örän ýuwaş ýöreýärdiler. Geldiniň hormaty üçin köne, rus halk aýdymyny aýdýarlar. Adamlar bu gahryman ýigide bolan bütin söýgülerini we ganhorlara bolan bütin ýigrençlerini zarynlap aýdýan şol aýdymlaryndan aňladýardylar. Bu barýanlaryň birentekleriniň gözünden boýur-boýur ýaş akýardy. Wlas aga aglamaýardy. Ol ýüzüni ýokaryk tutup, üýtgeşik bir ýöriş bilen barýardy. Ol tabydy mazaryn içinde goýup, üstüne gum süren mahallarynda-da agla- maýardy. Ujuna tagtajyk çüýläp, taýýarlap getiren agajyny onuň özi Geldiniň mazarynyň başujunda dikdi. Hemmeleriň gözüniň öňünde şol tagtajygyň ýüzüne şeýle ýazdy: «1942-nji ýylyň dekabr aýynyň 28-nde bolan söweşde aradan çykan gahryman urşujy Geldi Gurbanmyrat şu ýerde jaýlandy. Rahat ýat, oglum». Iň soňky sözüni ýazandan soň, Wlas aga gözüniň ýaşyny saklap bilmedi. ...Biziň şahyrlarymyz ýadygärligiň ýüzüne türkmen halkynyň ogly, Brýansk tokaýlarynda partizanlyk edip, Watan üçin janyny gurban eden Geldi Gurbanmyrat hakynda ajaýyp goşgular ýazarlar. Şeýle ýadygärlik bolmalydyr. Ol bolar hem» Watançylyk urşy ordeniniň I hem-de «Watançylyk urşunyň partizanyna» medalynyň II derejelisi bilen sylaglanan G.Gurbanmyradowyň edermenligine bagyşlanylyp goşgular hem, oçerklerdir drama eserleri-de ýazyldy. Onuň inisi dört-bäş ýyllykda Brýanskide partizan agasynyň söweşen ýerlerine aýlandy. Öz ogly Geldijik bilen onuň guburyna tagzym etdiler. Gözleri ýolda galan ata-enäniň adyndan, bütin obadaşlarynyň adyndan oňa «Salam» diýdiler. Brýanskide türkmen ýigidi Geldi Gurbanmyradyň guburyna, ýagty ýadygärligine uly sarpa goýýarlar. Ol hakda kitaplarda, metbugat sahypalarynda ýatlap durýarlar. Baryp-ha 1943-nji ýylda ukrain şahyrasy Agata Turçinskaýa bu gerçek hakda uly goşgy ýazypdy. Ol ukrain topragyny faşist leşgerinden azat etmek üçin şirin janyny gurban eden Geldiniň önüp-ösen ýerine – Sumbar jülgesine ýörite gelip, partizanyň enesi Guba daýzanyň, kakasy Mämmetgylyç aganyň öňünde minnetdarlyk duýgusy bilen baş egipdi. Onuň «Geldi Gurbanmyrada bagyşlanýar» atly goşgusyny uruş ýyllarynda, şahyr Durdy Haldurdy terjime edip, türkmen okyjylaryna hödürläpdi. Şu ýazgyny Agata Turçinskaýanyň Geldi Geldymyrada bagyşlap ýazan aşakdaky setirleri bilen jemlemegi makul bildik. Gyzyl güller bilen bezenen oba, Egdi gahrymana egilmez başyn. Onuň adyn salyp, göwherden gaba, Nepis nagyşlardan keşdelär daşyn. Brýanskiň ýany tokaý-jeňňeldi, Onda bir dub mazar üstüne egildi. Ol mazarda ýatyr gahryman Geldi, Şonda hem partizan heňi doguldy. Babalaryň ýaly batyr bolduň sen, Ömür-baky öçmez ady aldyň sen. Namysa goýmadyň garry enäni, Taryh bezär bu şöhratly senäni. Eý, ýolagçy, eger Summara gelseň, Ýoluň düşüp, Tutlygalada bolsaň, Gahrymanyň öýlerine gelip git... Mart, 1983 ý. # Allaýar Çüriýew. “Ýürek ýatlamasy” atly kitabyndan. 1986 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |