05:02 Azerbaýjan hakynda aýdym | |
AZERBAÝJAN HAKYNDA AÝDYM
Goşgular
![]() (Dostum Naryman Gasanzada) Nur sepeläp, açdy ýarym ukudan, Hazar asmanyna üýşen bulutlar. Garşylady bu säher dek owadan Goltuklary reýhan gülli ýigitler. Bogazyndan içen suwy görünýän Gyzlaryñ elinde melewşe şerbet. Sürmeli gaşlaryñ oýnaklaşyna Göz dikseñ ýagşy däl, dikmeseñ-erbet. Ine, juwanlygy gadym ülkäniñ, Bir ýanyñda şerbet, bir ýanyñda gül. Saýrap dur depämde reproduktorda, Bu topragyñ beýik bagşysy bilbil. Hormatyña hormat bilen baş egip, Gülüñ ysgap, şerbetiñden içdim men, Daglaryñdan aşyp, suwuñdan ýüzüp, Ol gujakdan bu gujaga düşdüm men. Nahçewan ýolunda ýylçyr daglara Gül tylla teññeler sepen çagynda. Töweregi bir dem synlamak üçin Balyklar böküşdi Araz çaýynda. Saña "otlar ýurdy" diýse diýsinler, Men diýjek "döwletli, ylhamly mekan". Nähili buýsançly, Neneñ owadan, Ýesenini myhman alan Mardekan! Maña düşnüklidi Azeriñ sazy. Azer dili şerbet kimin şirindi. Şahandaz Azeriñ ähli adamy Maña Samet Wurgun bolup göründi. Bize "dogan!" diýip gujak açdyñyz, Söz barmy ýürege bu sözden ýakyn. Bu ýere ugramak ýeñil düşüpdi Bu ýerden ugramak bize biraz kyn!.. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |