20:44 Azym Işan | |
AZYM IŞANYÑ KEÇ YKBALY
Taryhy şahslar
Aşgabat türmesiniň ýanyndaky rus öwlüýäsiniň bir çetinde ýeke-täk musulman adamsynyň mazary ýatyr. Onuň daş-töweregi syrylyp-süpürilen, daşyndan köp aýlanylýany bildirip dur. Bu kimiň mazaryka? Ony Aşgabatda ýaşaýanlardan sorasaň: “Ol gurbany boldugym Azym işanyň mazarydyr” diýerler. – Ol bu ýere – rus öwlüýäsine nähili düşüp ýör? – Ol keramatly işany kän ýyllap türmede oturtdylar. Onuň halka etjek täsirinden gorkup, pahyryň jesedinem musulman gonamçylygyna rowa görmediler. Işany dirikä-de, türmede-de, ölenden soňam halk barybir sylap dur. Mazaryndan yhlas bilen aýlansa şypa tapýanlar köp – diýip, gürrüň berýärler. Eýsem, Azym işan kim bolupdyr?! Bu barada okyjylara käbir zatlary bildigimizden aýtsak kem bolmazmyka diýýärin. Sebäbi, totalitar syýasat halkyň sylaýan, sowatly, il-güne peýdasy degip ýören adamlarynyň gör näçesini ýok etdi? Azym işan barada “Daşoguz habarlary” gazetinde geçen ýyl gysgarak bir makala berildi diýäýmeseň, ol barada başga zat ýazylmady. Iliň hormatlaýan piriniň ölenine 40 ýyldan gowrak wagt geçse-de, ony ýatdan çykaranoklar. Halkyň arasynda onuň keramatlary, ile-güne eden ýagşylyklary, sowatlylygy, tebipçiligi barada ençeme gürrüňler, rowaýatlar ýaýrandyr. Azym işanyň atasyna Atajan işan diýer ekenler. Ol Atajan işanyň ady dakylan üçünji adam bolupdyr. Birinji Atajan işan Dowdanyň we Derýalygyň Sarygamyşa akýan wagty XVIII asyrda Ataýap obasynda Wasda garadaşlylaryň arasynda oturypdyr. Ol şol ýerde – Dowdandan oba ýap çekdiripdir. Ine, şondan hem Akdepäniň Ataýap obasynyň ady emele gelipdir. Garrylar şeýle rowaýaty gürrüň berýärler: dowdandan suw gelmesi kesilýär. Şonuň üçin ilat Atajan işany Hywa hanynyň huzuryna iberýärler. Atajan işan bir sopusy bilen hanyň kabulhanasyna barýar. köşkdäkiler işanyň näme maksat bilen gelendigini soraýarlar. Ol ilatyň akar suwsyz galandygyny aýdypdyr. Ilata Şabada ýakyn ýerden ýer berilmegini sorap gelendigini aýdýar. Han ýönekeý geýnen, köwüş-mesili işany görüp, göwni ýetmän: – Köwşüniň apgyrdyny basyp ýören işan-molla köp. Olaryň haýsy biriniň sözüni diňläp oturjak?! – diýipdir. Bu sözi eşiden Atajan işanyň gahary gelip, çykyp gaýdýar, aradan bir sagat geçip-geçmänkä hanyň garny çişip, gabyz bolup ýarylyp gelýärmiş. Han “Dat, gyssagly yzyndan ýetip, ýaňky işany alyp gaýdyň” diýip, wezirleriniň birini atlylary bilen onuň yzyndan iberýär. Olar işanyň yzyndan ýetip, ýalbaryp-ýakaryp, töwella bilen ony yzyna alyp gaýdýarlar. Işan gelenden soň han: – Bet kyldym, hata kyldym, günämi öt, tagsyr! – diýen. Işan geplemändir-de, elindäki hasasynyň ujuny onuň garnyna goýan. Birden hanyň ýeli çykyp, jany aram tapyp, gözi ýerine gelipdir. Şondan soň han işanyň dilegini derrew bitiripdir. – Mürzebaşynyň tokaýyndan Togalakdepä çenli, Şabadyň ýeňsesi garadaşla berilsin – diýip, buýruk beripdir. Şol wagtlar ol ýerler ýylgynly, toraňňyly tokaýlyk, köllük ýerler bolupdyr. Ýeňsesi derýalyk, öňi Şabat ekeni. Atajan işan hem Garrawy ýabyň öňünden mülk tutunyp, metjit-medrese açypdyr. Ol medrese tä 1927-nji ýyla çenli gelim-gidimli ýer bolupdyr. Oňa dürli ýerlerden okuwa gelipdirler, olar mugt okapdyrlar. Metjitde her gün talyplara mugt nahar berlipdir. Ahunyň hakyny hem işanlar töläpdirler. Oba “Atajan işanyň obasy” ýa-da “Işanlar obasy” diýipdirler. Azym işan şu obadaky medresäni gutaryp, Hywada okap gelýär. G. Rejebow bilen M. Tuwakbaýewanyň ýazyşy ýaly, Azym işan güýçli tebip hem bolupdyr. Onuň bir jay dürli otlardan derman taýýarlanylýan jaý eken. “Oňa girseň dürli otlaryň ysy bark urardy” diýip, garrylar gürrüň berýärler. Azym işany 1930-njy ýyldan 1950-nji ýyllara çenli 4 gezek türmä basýarlar. 1930-njy ýyllarda Azym işany “Atasynyň metjidini ýöredipdir” diýip 2 ýyl türmä basýarlar. Onuň inisi Ýahýa işany 1936-njy ýylda türmä basýarlar we Sibire sürgün edýärler. Onuň nirede öleni şu güne çenli belli däl. Şol ýyl ony hem tutmaga geljeklerini tanyşlary Azym işana habar berýärler. Ol hem bar zadyny taşlap, Garagalpagystana maşgalasy bilen gaçyp gidýär. Baran ýerinde haýyr-sogap üçin bir uly ýaba köpri gurdurýar. Şol köprüni gurany üçin hem türmä salýarlar. Nämemiş “Azym işan köpri gurduranda sopylaryny mugt işledenmiş”. Ol iki ýyldan boşap gelýär. Onsoň ol maşgalasy bilen kyrkynjy ýyllarda Türkmenistana – gadym ata-babalarynyň oturymly ýeri Ataýaba göçüp gelýär. 1943-nji ýylda Azym işany “Işanlyk edýäň, sopy saklaýaň” diýen bahana bilen üç ýyl türmä iberýärler. Maşgalasy bolsa, Akdepäniň Gökleňoý diýen ýerine göçüp gidýär. Azym işan bir ýarym ýyldan ýene boşap gelýär. 1947-nji ýylda ony “Sowet hökümetine garşy propaganda geçirendigi üçin” diýen bahana bilen ýene-de tussag edýärler. Ol bir ýyl sud edilmän Aşgabatda türmede saklanýar. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda ol türmede düýş görýär. Düýşünde Aşgabadyň aşagyndan ýeri ýaryp, dişleri saňňalyp duran aždarha çykýar-da, guýrugy bilen jaýlary çym-pytyrak edýär. Adamlary ýuwudýar. Şonda işan türmedäkilere: “Aşgabadyň üstüne bir betbagtçylyk injek, hernä soňy haýyr bolgaý, bilýän dogalaryňyzy okaň! Hudaýy ýatlaň, jaýdan daşrak boluň” diýipdir. Azym işany 1948-nji ýylyň 4-nji oktýabr güni sud etmek üçin Daşoguza alyp gidýärler. Şol ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilen gijesi Aşgabatda aýylganç ýer titremesi bolýar. Ýene bir epizod: 1954-1963-nji ýyllarda, Aşgabatda okan wagtymyz, işanyň gudratlary barada şu gürrüňleri türmede işlän bir milisionerden eşitdim. Azym işanyň ýeke özüni bir jaýda saklapdyrlar. Şonda ony gezelenje äkidip gelenden soň, kamera salyp gulplasalar-da, aňyrrak gidip gelseler, kameranyň gapysynyň gulpy açyk durmuş! Gözegçi: “Men gulplamagy ýatdan çykaryp gidipdirinow” diýip, gulplap ýene aýlanyp gelse, ýene gapynyň gulpy açyk durmuş. Bu gudraty gören gözegçi: – Işan aga, gapyňyzy gulplaýan weli, ol öz-özünden açylyp dur-la – diýipdir. Onda işan: – Oglum, howsala düşüp oturma, meniň gaçyp gitjek ýerim ýok. Meniň nesibäm şu ýerde bolsa, ony çekerin, çöplärin – diýipdir. Şondan soň ol oglan namazly-täretli goňşusy bolan Aman aga, başga-da köp adamlara işanyň gudraty barada gürrüň berýär. Ondan ol, ondan ol eşidip, şondan soň Aşgabadyň ilaty ony sylap, her gün onuň yzyndan baryp, habar alyp, zat eltip durupdyrlar. Ikinji bir gudrat 1980-nji ýyllarda boldy. Azym işanyň Ýylanlynyň Gyzyl obasyndaky köne jaýynyň ýanyndaky bagynyň içinde pioner lagerini açmakçy boldylar. Şonda oba ýaşulylary kolhoz ýolbaşçylaryna: “Beýtmäň, Işanyň mülküni hapalarsyňyz, gowy däl” – diýselerde, lager açdylar. Ol ýerde söwüt, erik, tut we beýleki agaçlar bardy. howuz bardy. lager üçin bassyrma gurdular. Bir gün lageri barlamaga bir topar barlagçy geldi. Çagalary ýatyryp, lageriň naçalnigi aýratyn nahar taýýarladyp, arak getirip, çeträkde söwüdiň aşagynda “şagal mesligini” guradylar. Ine, birdenem, meýlisiň gyzan pillesi, nädip bolany belli däl, lageriň bassyrmasy ýanyp başlady. Çagalary turuzyp, aýyrmaga zordan ýetişdiler. Emma birentek zatlar ýandy. Şondan soň, ol ýerde lager gurmagy goýbolsun etdiler. Bu wakany oba adamlarynyň hemmesi bilýär. Azym işan bäş dogan. Iň ulusy Azym işan. Ikinjisi Ýahýa işan, olam Hywa medresesini gutaran. Işanlygy üçin on ýyl kesilip, Sibirde ölen. Ondan kiçilerem Selimberdi, Garly, Toýly, bular obada dini mekdebi gutaranlar. Azym işan soňky gezek ýedi ýyl türmede oturyp, 1954-nji ýylda 81 ýaşynda dünýäden ötýär. Ol “meni amanat” diýip goýuň diýýär. Ol “Amanat” diýip jaýlanýar. Şol wagt onuň jesedini alyp gaýtmaga, musulman gonamçylygynda goýmaga hem rugsat bermändirler. Kommunistik ideologiýa hat-da ölini hem islän ýeriňde jaýlamaga rugsat bermeýärdi. Azym işanyň jesedi aradan çykanyndan 17 ýyl geçensoň ata-babalarynyň ýatan ýerinde gaýtadan jaýlandy. Şonda onuň jesediniň bozulman durandygyna, hatda kepeniniňem çüýremändigine haýran galypdyrlar. Azym işanyň ilki Aşgabatdaky rus öwlüýäsinde jaýlanan guburyna-da, obasynda jaýlanan guburyna-da häli-häzire çenli zyýarada barýanlaryň yzy üzülenok. Diýmek, näçe gadagan edilse-de halk özüniň sylaýan adamlaryna hormat goýmagy başarýar, olara mydama baş egýär. 1991 ýyl. Baýram MELÄÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||