20:41 Çuwal bagşy -5: Hywa ýoly | |
HYWA ÝOLY
Aýdym-saz sungaty
Magtymguly Garlynyň gadymy Hywa ýurduna gitmeginiň, ömrüniň örküni ata-baba mukaddes saýylan Daşhowuz topragyna baglamagynyň adatdan daşary, üýtgeşik bir sebäbi bolmandyr. (Belki-de şeýle üýtgeşik sebäbi anyklamak bize başardan däldir). Ýöne ykbal-nesibäň nirä tartsa, şol ýana ýörebermeli dälmi näme? Dogry, 1915-16-njy ýyllarda Kaka, Tejen etraplarynda-da galagopluk artyp, gahatçylyk köpelýärdi. Üstesine «guşak salgydy», «telpek salgydy», «at salgydy», «päle gitmeli» diýen ýaly surnukdyryjy buýruk-permanlar garamaýak ilaty halys irizipdi. Gün-güzerany dolandyrmak aňsat däldi. Bijäň galyp, päle gitmeli bolsaň nätjek? Gitmeseň, garşylyk görkezseň türme dykjaklar. Hak-u nahak Magtymgulyny päle iberjekdiler. Onuň welin gidesi gelenokdy. Ol bir erkana uçup ýören guş ýalydy. Ony welin, tutup kapasa saljak bolýardylar. ...1916-njy ýylda Daşhowuzdan Gurbanguly baýyň kerweni Kaka geldi. Ilinden aýry ýaşap ýören Amandurdy gyjakçy şol kerwene goşulyp, öz dogduk mekanyna – Ýylanla gitmekçi boldy. Gadymy Harezmini, ol ýeriň bagşy-sazandalaryny germek höwesi ýüreginde şynap duran Magtymguly bagşy gyjakçynyň «Bile gideli» diýen teklibine begendi: «Päle gidenden-ä gowudyr». Öňem Aşgabada, Gökdepä, Tejene, Saragta, Mara gidip gelen Magtymguly üçin Hywa gitmek pikiri onçakly garaňky görnenokdy. Geçen gezekki giden ýerlerindenem ol birneme gurplanyp gelipdi. Baryndan beteri-de ol täze-täze aýdymlary, sazlary, salyr-saryk, mary ýollaryny özleşdiripdi. Gojalan Garly ussa-da täze teklibe garşy durmady: «Git, oglum, «Gezmek ömürden» diýipdirler. Garadaşlyda Allanur agaň bardyr. Şonuňka bar, menden köp dogaýy salam aýt. Gurpludyr, edenlidir, özi saňa eýe çykar, hor etmez. Sag git-de aman gel!» – diýdi-de ogluny ýola atardy. ...Ýöne Magtymguly bagşynyň bu gidişi öňküleri ýaly bolmady. Ol geler ýerde gelmedi. Aý-geçdi, ýyl geçdi ondan gördüm-bildim diýen adam tapylmady. Dogry üç ýyldan soň Onbegi obasyna hywaly Aman durdy gyjakçy gelenmiş diýen habar ýaýrady. Ýüregine dowul düşen çuwallar dessine Mürrük kähudanyň howlusyna döküldiler. Salamdan öňürti Magtymgulyny soradylar. Amandurdy aga bagşynyň salamyny, sowgat-serpaýyny gowşuryp olary az-kem köşeşdirdi; Şonda-da dyzmaç jahyllaryň bu ýagdaýdan göwni suw içenokdy. «Hany, onuň özi nirede? Näme üçin ýeke özüň geldiň? Bile gitdiň, bileje-de gelmeli ekeniň. Hany, sen göniňden gel!» – diýip, olaryň biri bilindäki pyçagyna ýapyşdy. Oňa çenli doganlar Baýram Mürrük, Gurban Mürrük, Ýegendurdy Mürrük dagy ara düşüp, çuwallary köşeşdirdiler. Çuwallar kanagat tapyp, ýaşuly gyjakçynyň sözüni ahyryna çenli diňlemeli boldular. Ol Magtymgulynyň Ýylanlyda, Allanur aganyň öýünde sag-salamat ýaşap ýörendigini, Daşhowuz etraplaryňda onuň sylag-hormatynyň barha artyp barýandygyny, toýdan-toýa çagyrylyp ýörlen bagşa öwrülendigini howlukman birin-birin gürrüň berdi. Oňa çenli Garly çuwalyň özem gelip ýetdi. Amandurdy gyjakçynyň gürrüňini diňländen soň ol ynjaldy: «Ol indi oglan-oglanjyk däl. Etjek işini özi bilýändir. Magtymguly jan bir il adamy, il-gün bilen bile, sag-salamat gezip ýören bolsa bolýar. Nesip bolsa geler, gelmese-de gezen ýerinde sag bolsa bolany... Hany, öýli-öýüňe dagaň. Işiňiz-güýjüňiz bilen boluň» diýip, garry ussa dogan-garyndaşlaryny gaýtardy. 1919-njy ýyl aýaklanmanka «Magtymguly çuwal Hywadan mally-hally bolup gaýdyp gelipdir» diýen hoş habar tutuş Kaka etrapyna ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Hakykatdanam, Magtymguly çuwal gaýdyp gelipdi. Ýöne ol uzak eglenmän ýene-de Hywa ýoluna düşdi. Çuwallaram onuň gitdim-geldimine öwrenişmeli boldular... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |