20:31 Çuwal bagşy -3: Halypanyñ hyzmatynda | |
HALYPANYŇ HYZMATYNDA
Aýdym-saz sungaty
Çary çepbäniň mal döwleti-de, baş döwleti-de ýerbe-ýerdi. Onuň dört ogly iki gyzy bar, ogul ornunda görülýän Magtymgulam indi ýedinji çaga boldy duruberdi. Ol tä on bäş ýaşyny doldurýança şu ojagyň ody bilen girip, küli bilen çykdy. Halypanyň ogullary Tahyr bagşy, Daňatar bagşy, Çarwa bagşy dagy onuň bilen ysnaşyp hut süýtdeş dogan ýaly bolupdylar. Gylyç bagşy, Myrat bagşy, Baýramaly bagşy dagy Çary çepbäniň ýanyna häli-şindi geler-gider durardylar. Duşakdan Şükür bagşy gelende saz-söhbet agşamy bolardy. Bir gezek ol Kör Gojaly, Ýegenoraz bagşy dagy bilenem gelipdi. Körpe sazandalar olaryň söhbetini-sazyny diňläp ertesi özara jedelleşip, bäsleşip saz çaldylar, aýdym aýtdylar. Çary sazanda olary synagdan geçirer durardy. Gylyç bagşy bir sapar Magtymgulynyň aýdym aýdyşyny diňläp gördi-de Çary çepbä: «Sen şu oglany öňde- soňda maňa bermeli borsuň-ow, Çary jan» diýdi. Çary sazanda-da onuň aýdanyna ýok diýip bilmedi: «Ezber sazanda boljagyn-a bilip durun munuň, ýöne seniň aýdýanyňam jany bar, Gylyç aga. Owazy gaty aňyrdan gelýän ýaly bolup dur...». * * * Mürrük kähudanyň uly ogly Baýramyň özbaşyna bir otaglyja jaýy bardy. Howlynyň bir burçundaky bu jaýda saz-söhbet bilen gyzygýan oglanlar üýşüp deňňene ederdiler. Çary çepbelerden Tahyr, Daňatar, Magtymguly üçüsi gelerdi. Darganadan Abylesen, Garahandan Gylyç bagşyň iki ogly Meret bilen Rejep, Ýüzbaşy obasyndan Baýramaly bagşyň ogly Nepes dagam gelerdi. Baryndan bazar eýläp, şady-horram bolup oturýan ýigitlere kähudanyň ökde sazanda ogly Baýram deňňenebaşy bolardy. – Bu gije kimi begler başy edeliň-how, ýigitler – diýip, Baýram dutaryny eline alardy. Köpçülik kimi diýse, şol hem «begler başy» saýlanardy. Onsoň ygtyýarlary «beg» näme diýse şonuň aýdany bilen bolmaly bordy: Otuz iki dutary bir gulakdan düzüp saz çalyň diýse, saz çalardylar, Amandurdy Mürrük tüýdük çalsyn, Mämmetguly çuwalam ýanama gygyrsyn diýse, olary diňlärdiler, Abylesen bagşy «Kellesi kiçi» diýen aýdymy aýtsyn diýse, darganaly bagşy öz gowy görüp, oňaryp aýdýan aýdymyny aýdardy. Ýöne bir täsin hakykat bardy, şol deňňene agşamlarynda her sapar, kim «begler başy» saýlansa-da Magtymgulynyň aýdym aýtmak nobatyny iň soňuna goýardy. Onuň sesi şeýle ýakymlydy, şeýle joşgunlydy. Arman, onuň bilýän aýdymy onçakly köp däldi. Her hal ol ýigitleri närazy etmezdi. Indiki deňňenä çenli täze-täze aýdymlary öwrenip gelerdi. Şeýde-şeýde ol höwes bilen diňlenýän oglan bagşa öwrüldi. Indi oňa käbir toýlarda-da bäş-alty aýdym aýtdyrardylar. Çary çepbe Tahyr ikisine toýda aýdym aýtmaga rugsat beripdi... * * * Magtymguly Garlynyň ýaşlyk ýyllaryna degişli bir gyzykly gürrüň bar. Muny bize Ýylanly etrapynyň Arap obasynda ýaşap ýören 67 ýaşly ussa Piri gürrüň berdi. Ussa Piriniň kakasyna Mämmet aga diýer ekenler. Ol uzak wagtlap Çuwal bagşy bilen goňşy oturypdyr. Iň gyzykly ýeri bu gürrüňi ussa Piri hut Çuwal bagşynyň öz dilinden eşidipdir. Çaý başynda ussa Piri bilen gürleşip otyrys. Ýüzi-gözi ýagtylanan ussa hamala Çuwal bagşyny synlap oturan ýaly gürrüň berýär: – Bou! Olar ýaly adamy indi gündiz eliňe çyra alyp aýlansaň-da tapmarsyň. Magtymguly bagşy perişde ýaly arassa, çaga ýaly göwni açyk adamdy. Gelene-gidene zadyny gysganmasy bolmazdy, sahydy. Ol oba üçin eşegaraba, künde, boýunturuk, mala, ýer sürmek üçin bir jübüt öküz saklardy. Irigöz elek, kürek ýaly zatlaryň 3-4-sini alyp goýardy. Ýeter-etmez bolup dene, pul sorap barsaň boş gaýtarmazdy. Alan zadyňy özüň ertip bermessň soramazdy – diýip bagşynyň adamkärçilik sypatlary barada gürrüň berip sözüni dowam etdi: – Meni kolhoz 1948-nji ýylda bagşynyň jaýlaryny pollamak üçin onuň öýüne berdi. Men onuň öýünde 16 gün işledim. Ýaňy işläp başlarsyň welin, myhman geler. Nahar atararlar, nahar taýýar bolar welin, myhmanyň kimligine seretmezden, bagşy seni onuň ýanyna çagyrar. – Piri jan, oglum! Işiňi goý, nahar iý, çaý iç – diýer. Men: – Bagşy aga, nahary ýany iýdim. Men biraz işläýin – diýsem, – – Oglum, işiň gitjek ýeri bolmaz, iş gutarman galmaz. Nahary egleme, myhmanam garaşyp otyr. Her naharyň bir aýry ýeri bardyr – diýerdi. Men myhmandan utanýan. Bagşy ony duýýan ýaly: – Gel oglum, utanma, şu ýerden geliber – diýip ýanyna çagyrardy. Nahar, çaý başynda ýa-da sen işläp durkaň ýanyňda gyzykly gürrüňler, degişmeler tapar, adamlary gülüşdirer oturardy. Onuň şol gezek beren gürrüňi ýadymda ömürlik galypdyr. Ol halypasy Çary çepbäniň guba düýesi hakyndady. Bagşy aga şonda şeýle gürrüň berdi. « ...Halypam Çary çepbe sahy adamdy. Oglanlary bazara gitse, menem alyp giderdiler. Men olara zat almaga kömekleşerdim. Bazara ugrajak wagtymyz halypam maňa: – Magtymguly jan! Ine saňa bazarda sowmaga pul. Al, köşek, al. Amatly zat duşsa alarsyň. Men her gezek ol puly sowman gaýtaryp getirip bererdim. Bir gezek ýene-de pul berende men oňa: – Halypa! Ol puly bazara äkidip, getirip ýörmeýin-le – diýdim. Çary çepbe: – Oglum! Sen ýaş bolma, jübüňde pul dursa, göwnüň suwluja bolar. Ilden kemsinmersiň, bazarda batyrgaý ýörärsiň. Amatly gerek zadyň duşan wagty, eliňi owkalap durmarsyň – diýdi. Onuň aýdyşy ýaly bir gezek bazarda ýasalyşy oňat, sesi biçak gowy bir köne dutar duşdy. Perdeleriniň käbiri ýokdy. Men söwdalaşyp, halypaň, ätiýaçlyk puluny öz pulumy goşup ony satyn aldym. Halypam ol dutary biçak halady. Soň halypam ony maňa sowgat berdi. Bir gezek Çary çepbäniň guba maýasy köşekledi. Köşegi bolan güni agşama golaý öläýdi. Üç günläp maýanyň ýelni haraz ýaly çişdi. Sagjak bolup barsalar depýärdi, gapýardy. Emjegine el degirtmeýärdi. Özem üznüksiz bozlaýardy. Bozlaýşam ýürek-bagryňy paralap barýar. Çary halypa maňa: – Häzir toýa ugramalydyrys. Sen dutaryň kirişlerini sazlap, dutarlary düzüp goý – diýdi. Ol wagtlar dutaryň tary çig ýüpekden bolardy. Tar üçin ýanyňda elmydama ätiýaçlyk sapak götermelidi. Tary ölläp durmasaň, gurasa tiz-tizden üzülerdi. Men dutarlary alyp, gara öýüň gapdalyndaky jaýyň öňüne basylyp goýlan galla doldurykly çuwallaryň üstüne çykyp, aýaklarymy sallap, dutarlary düzüp başladym. Dutaryň sesini eşiden maýa, assa ýöräp meniň ýanyma geläýdi. Men öz ýanymdan gel, şu janawere bir aýdym aýdyp bereýin-le diýdim-de dutar çalyp halkyň arasynda düýe saglanda aýallaryň aýdýan sanawaçlaryny özümçe düzüp, heňe salyp başladym. Maýa sazy – aýdymy diňläp, ynsan ýaly gözünden boýur-boýur ýaş döküp, abşardy-da duruberdi. Şol wagt öýden çykan gelinleriň birine «Maýany sag» diýip, ümledim, özümem aýdym aýdyp, saz çalmagymy dowam etdim. Ol gelin öýdäkileri örüzip, çelek alyp çykdy-da, ýuwaşlyk bilen maýanyň ýanyny gelip, sypalap, sagmaga durdy. Maýa eýdirdi. Men şonda şeýleräk hiňlendim (Çuwal bagşy dutaryny düzüp, täsin heňde şu aýdymy aýtdy): – Hörele, gubam, hörele, Hörelemeseň, bozlama. Ala ýüpden nogtaň, bar, Tagty rowan tagtyň bar, Köp köşeklik wagtyň bar, Örküjiňe el ýetmez. Bahasyna pul ýetmez Hörele, gubam hörele. Hörele, maýam, hörele. Ýörän yzyň yzlama, Iýen çöpüň gözleme, Bagrym dilip bozlama, Hörele, gubam, hörele, Hörele, maýam, hörele. Dagy-daşy eritdiň, Kerwenimi dargatdyň, Köşek diýip zar etdiň, Hörele, gubam, hörele. Hörele, maýam, hörele. Meýdanda köpdür ýandak, Iýseň garnyň bolar dok, Öldi köşejigiň ak, Hörele, gubam, hörele. Hörele, maýam, hörele. Sensiň düýeleň başy, Gezdiň ýakyny-daşy, Dökme gözüňden ýaşy, Hörele, gubam, hörele, Hörele, maýam, hörele. Men şeýdip sanap otyrkam, halypanyň kiçi ogly Çarwa: – Kaka! Kaka! Maýamyz eýdirdi – diýip, habar beripdir. Çary halypa gelipdir. Halypamyň atasy Allaýar aga hem hasasyny tyrkyldadyp gelip, hasasyna söýenip, oýlanyp saz diňläp duran ekeni. Men sazy goýsam, maýa gymyldaberdi. Çalsam dur. Çary halypa «çalyber» diýip ümledi. Menem çaldym. Maýany sagdylar. Çary halypanyň atasy ýanyma geldi-de: – Oglum, ýaňky aýdymaňy, sazyňy ýene bir gezek gaýtalap çalyp bersene – diýdi. Men çaldym, aýdymyny hiňlenip aýdyp berdim. Görüp otursak men täze bir heň, täze bir aýdym düzäýen ekenim. Halypamyň atasy öz wagtynda halypa bagşy bolan adamdy. Ol maňa: – Oglum sen muny kimden öwrendiň, bu kimiň heňi – diýdi. – Hiç kimden öwrenemok, ýöne küýüme geldi, ýadyma düşüşine görä agzyma geleni sanap, çalyp otyryn – diýdim. Halypam Çary çepbe: – Tüweleme, sen-ä uly iş bitiripsiň, aýdymyňam, sazyňam gaty gowy çykypdyr – diýdi. Şonda ýaşuly: – Çary! Sen Magtymguly jana häziriň özünde ak pata ber. Ol bagşyçylyga ýetişipdir – diýdi. Şol ýerde maňa Çary halypam ak pata berdi. Şol gün toýdan soň maňa bir hatar üsti – baş etdiler. Ine men şeýdip 15 ýaşymda halypamdan pata aldym. Ol maňa ýamana ýaran bolmazlygy, gara nebsiň guluna öwrülmezligi, aýdym-saza ikilik etmezligi, il-halka hormat goýmagy pendi-nesihat etdi. Indi men toýy sowubermelidim, emma meniň bary-ýogy 15 ýaşym dolupdy. Özbaşdak iliň öňüne çykybermäge gorkýardym... Şondan soň men meşhur Gylyç bagşa gol berip, bäş ýyl oňa şägirt boldum. Gylyç bagşy Magtymgulydan, Nowaýydan, Gaýybydan köp aýdardy. Halypanyň özi änewli Durdy bagşy, gökdepeli Sary bagşy dagy bilenem gatnaşyk saklardy. Mätäjiniň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Keminäniň goşgularyndan gowy-gowy aýdymlary aýdardy. Men şolaram öwreniberdim. Ol meniň erjelligime guwa nardy. 1908-nji ýylda Pürnazar ýüzbaşy iki ogluna goşa toý tutdy. Gökdepe bilen Mary aralygyndan özüne göwni ýetýän bagşy-sazandalaryň bary diýen.ýaly toýa çagyryldy. Şol toý bagşy-sazandalaryň uly ýaryşyna öwrüldi. Gylyç bagşy halaýyş haýran edip aýdym aýtdy. Şol toýda menem synagdan geçirdiler. Ak pata berdiler. Şonda men 20 ýaşa gadam basan ýigitdim...». * * * Çary çepbeli gürrüň tamama gelmänkä aýtmaly bir söz bar. Bir sapar Magtymguly Garly Aşgabatda uly märekede aýdym-aýdyp, saz çalypdyr. Şonda belli sazandamyz Mylly Täçmyrat ony ünsli diňläp: «Sen aýdym aýdyp ady belli Çuwal bagşy bolup ýörsün welin, asyl aýdym aýtman dine saz çalyp ýöreninde-de Çuwal bagşy diýip özüňi ile tanadarlyk ýagdaýyň bar eken-ow, halypa» diýipdir. Bu sözüň aňyrsynda Çary çepbäniň sungatyndan söz açýan ullakan many ýatyr. * * * Şeýlelikde 20-22 ýaşly Magtymguly Garly alilide toý märekesini özbaşdak sowup bilýän bagşy bolup ýetişdi. Indi golaý-goňşy obalardan Nury, Hojanyýaz, Çarwa ýaly aýdym aýtmaga, saz çalmaga höwesli oglanlar oňa şägirt boldular. Şol döwürde Kaka, Tejen etraplary Hywa bilen kerwenli aragatnaşyk saklardy. Arkaçdan Hywa haly, palas, keçe, agar çäkmen, kümüş şaý-sepler, Orsetiň gazanlary, ýarag esbaplar, matalar äkidilerdi. Hywadanam eletmez hasaplanylýan hywa donlary, ýüpek parçalar, öýme ýaglyklar, şeýle hem mäş, dary, jöwen, bugdaý ýaly azyk önümleri getirilip satylardy. Hywada gökleňlerden, alililerden, mehinlilerden ýaşap ýörenlerem bardy. Şonuň üçin kerwenli baryş-geliş kesilmeýärdi. Goňşy ýurt Eýranyň harytlaryna hyrydar çykýan hywaly söwdagärleriň kerweni köplenç Kakada goş ýazdyrardy. 1915-nji ýylda şol kerwenleriň birine goşulyp gelen Amandurdy aga atly bir mysapyr bende maşgalasy bilen Kakada galdy. Aýdyşlaryna göre ara ölüm howply dawa düşenligi sebäpli ol ýurduňdan gaçgak bolup bu ýere gelen eken. Oňa Mürrük aýy hossarlyk etdi. Pena gözläp gelene eýe çykmaga onuň gurby ýetýärdi. Bir gezek Mürrük kähudanyň ogly Baýramyň öýünde ýigitler adaty endige görä deňňene gurap aýdym-saz etdiler. Asyl, görlüp oturylsa Amandurdy aga Hywa etraplarynda belli gyjakçy bolsa nätjek. O zamanlarda bu etraplarda gyjagyň nähili zatdygyny bilýänem ýokdy. Amandurdy gyjakçynyň sazyny diňläp, dutar bilen goşup çalyp hezil edinen ýigitler derrew Bäşim Mürrügi dostunyň yzyndan ýolladylar: «Eriň teýine girenem bolsa Magtymguly Çuwaly tapyp gel!» Şol gije Magtymguly Garly özüne hemişelik syrdaş bolup galan ilkinji gyjakçysy Amaňdurdy gyjakçy bilen tanyşdy. Olaryň gepi-sözem, dutar-gyjagam ýag bilen ýüpek ýaly alyşdy gitdi... Amandurdy gyjakçy adygyp ugran Magtymguly bagşa Hywa hakynda, ol etraplaryň atly bagşylary barada gürrüň bererdi, hywaly bagşylaryň aýdym aýdyş ýollaryndan saz çalyp bererdi. * * * Magtymguly aýdym-saza gün geçdigi saýy kämilleşýärdi. Ol indi Arkajyň uly-uly toýlaryna islegli çagyrylýan bagşa öwrüldi. Emma Magtymguly özüni kämilligiň depesine çykan bagşy hasaplamaýardy. Ol Kesearkajyň, Şagadamyň, Marynyň, Daşhowzuň belli-belli bagşy-sazandalary bilen duşuşmak, olardan öwrenmek isleýärdi. Olara öz ukybyny görkezmek, synagdan geçmek arzuw-hyýallary-da ony gününe goýanokdy. Bu jadyly senediň syrly ýollary ony alysdan-alys menzillere çagyrýardy. Ol birniçe toýlarda Mary etraplarynyň bagşylarynyň birentegi bilen Duşuşýar. Saragtly Oraz Salyr, Muhy bagşy, soňra Uly Garly. Nobat bagşy dagy bilen duşuşyp, olar bilen bile käbir toýlary sowýar. Durmuşyň hem inçe sungatyň şatlykly hem gussaly, gazaply hem joşgunly synaglary heniz öňdedi... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |