08:39 Kerwensaraý kyssalary -3: "Gepleýän" küýze | |
KERWENSARAÝ KYSSALARY
Taryhy proza
3. "GEPLEÝÄN" KÜÝZE — Men size kiçijik sowgat getirdim, ussadym — diýip, Ýusup haly horjunyndan agaçdan sünnälenip ýasalan süýnmek galamdany çykardy-da, dostuna uzatdy. Gapagy gapdala süýşürilip açylýan galamdanyň içinde iki sany döwet galam, syýadan hem syýa külkesi guýlan agzy dykyly gutujyk bar eken... — Bu-da saňa, lugatçy — diýip, myhman Muhammede zeýtun agajynyň çybygyndan ýasalan daşy teletin gaply miswagy uzatdy. Minnetdarlyk sözlerinden soň, gürrüň sowgat-serpaý hakynda, ylym hem dünýäniň gurluşy, söz ussatlary... garaz, başga-da köp zat barada gitdi. Ýöne Muhammet uklamakçy bolup, ýatan ýerinde unutmaly däl diýip hasaplanlaryny hakydasynda gaýtalaýardy. Aňyndaky ak kagyza nagyşlaýardy. Myhmanyň hezreti Süleýman hakyndaky bu gürrüňlerini ol ozal eşitmändi... * * * Bir gün hezreti Süleýmanyň huzuryna ylym ýoluna düşen, akylly-başly, asylzada maşgaladan bolan iki ýigdekçe gelipdir. Az salymlyk gürrüňdeşlikden soň, sagbollaşylypdyr, şol pursat ýaňky iki oglanyň biri goltugyndan bir gyzyl alma çykarypdyr-da: «Şuny size sowgat getiripdim, tas unudan ekenim» diýipdir. Oglanlar gideninden soň: «Ikisinden haýsy biri kämillik ýoluna ýakynrak?» diýlip berlen soraga hezreti Süleýman: «Baran ýeriňe sowgatlyja barsaň kem däldir» diýip jogap beripdir. * * * Hezreti Süleýman bir-ä gamlanan çagy, birem şatlanan çagy barmagyndaky altyn ýüzüginiň gaşyna sereder ekeni. Ýaşyl zümerretden ýonulyp ýasalan gaşyň töweregine: «Bu-da geçer» diýip ýazdyran ekeni. Türkmençilikde «Aýazhan, çarygyňa bakarak» diýlişine golaýrak eken. * * * Nesibe hakda gürrüň açylanda ussat şeýle diýdi: «Dünýäde dört zat gaýypdyr: nesip gaýyp, nika gaýyp, didar gaýyp, ajal gaýyp». * * * Ýusup Omar Haýýamdan köp söhbet açdy. Olar nobatma-nobat birnäçe rubagy aýtdylar. Myhmanyň aýdan şu sözlerine ussat hoş boldy: — «Är garrar, heňňam garramaz» diýilýändir, ýöne heňňamam garramaz, Haýýamam oňa hemra bolar, garramaz. * * * Bu gijeki söhbetdeşlik tamam bolmazyň öň ýanynda myhman halypadan maslahat sorady: — Sizden eşitsek göwnejaý boljak, biz köp ýurtda, köp jemagatda bolduk, her ýeriň bir edähedi bar ekeni, aýat okalyp, töwir edilende elleriňi nähili tutmaly, nädeniňde dürs bolýar? Hoja Abdylla şonda şeýle diýdi: — Öten zamanalarda biziň pirimiz Abusagyt Abulhaýyrdan muny sorapdyrlar. Pirimiz şu sowaly beren bendä şeýle jogap beripdir: «Eliňizi eliňize, iki eliňizi ýüregiňize, ýüregiňizem Hudaýa ýakyn tutuň». Özüne şeýle adamlar bilen duşuşmak, olara hyzmat etmek, söhbedini diňlemek nesip edendigine şükürler edip, Muhammet uka gitdi. 3. "Gepleýän" küýze Ertesi säher çagy Hoja Abdylla myhmanyny kerwensaraýyň gaýra ganatyndaky senetkär ussalaryň hatar hüjreleriniň birinde mesge ýaly mele palçygy pyr-pyr pyrlanýan ýasy tagtanyň üstünde uzyn-uzyn barmaklary bilen mynçgap, sozup hem towlap, jadylaýan ýaly bolup oturan Ergeş ussanyň ýanyna alyp bardy. Ol bu ezber gojanyň ýasaýan naşyja çyralaryndan birini myhmanyna sowgat etmekçidi. Köne dostlar gujaklaşyp görüşdiler. Ýusup sag elini ýüreginiň üstüne goýup baş egdi. — Görşeniňizde ýüz ýyllap görüşmedik ýaly, hoşlaşmaly bolanyňyzda ertir ýene görüşjek ýaly boluň. Bize edilen sargyt, bize miras goýlan edep, şeýledir — diýip, Hoja Abdylla myhmany bilen ussany tanyşdyrdy. Ussa tekjedäki düzüm- düzüm golçalaryň arasyndaky çyrajyklardan birini saýlady-da, myhmana uzatdy. Lowurdap duran ýaşyl syrçaly çyra naşyjady. Içine ergin ýag guýup, inçejik, uzyn jürnüginden pelte çykaryp ýakyp gördüler. Ýusup begiň göwni galkyndy: — Berekella, ussa. Bu bir saýrak guş ýaly. — Adamzady Haktagala toprakdan ýasapdyr — diýip, Ergeş ussa ýylgyrdy. — Onsoň adamam özi üçin aýny gerek bolan zatlaryny toprakdan ýasamaga başlapdyr: palçygy basgylap, eýläp, jaý gurupdyr, tamdyr, humküýze, gap-gaç, oýunjak, garaz, sanasaň sanap oturmaly. Ýasan zatlaryny-da bişiripdir, reňkläpdir, syrçalapdyr, nagyşlapdyr. Jan berip bilmejekdigine akyly ýetse-de, gözel hem görkana bolsun diýip jan çekipdir. — Ergeş ussada hünärem köp, gürrüňem köpdür — diýip, Hoja Abdylla dostuny ýuwaş-ýuwaşdan hünär hakyndaky gürrüňçilige ugrukdyrdy. — Hany, Külal babanyň gürrüňini edip bersene... — Mirkülal muny bize miras goýupdyr, bizem birine galdyrmaly. Külalçylygyň piri Mirkülaldyr. Oňa pir Humnez diýilýän ýerem bar — diýip, ussa gepleýän küýzäni ýasamagyň kül-külüne düşen Mirkülal pir hakyndaky gürrüňe başlady... ...Her dürli küýze ýasap, kürede bişirip, syrça çaýyp lowurdadýan Mirkülal baba ussatlyga ýetişiberen şägirtlerine iň soňky kämillik synagyny bermekçi bolup: «Men gepleýän küýze ýasajakdyryn» diýipdir. Şägirtlerem «Haçan ýasarka? Nädip ýasarka?» diýip, onuň ýanyndan aýrylman ýörmüşler. Pir garrapdyr, gepleýän küýze welin ýok. Ahyry bir gün ussadyň öz iş ornuna gelmeýändiginden biynjalyk bolan oglanlar onuň ýeke özüniň ýaşaýan hüjresiniň gapysyny kakmakçy bolupdyrlar. Emma piriň içerde kimdir biri bilen hümürdeşip gürleşýändigini eşidip, yza dolanypdyrlar. Ertesi ýene şeýle. Birigünem şeýle. Üç güne çeken gürrüňdeşlik, ahyrsoňy tamamlanan bolmaga çemeli. Hüjräniň içiniň ümsümliginden howsala düşen oglanlar hümer bolup içerik giripdirler. Görseler, pir ýaňy uka giden ýaly, nurana surat bolup ýatyr. Otagyň ortarasynda-da çat açyp, bölek-bölek bolan, aýlaw-aýlaw, bogun-bogun, üýtgeşik bir küýze. «Ussadymyzyň ýasan gepleýän küýzesi şu bolmaly» diýip pikir eden şägirtler küýzäni ýelimläp, öňküsi ýaly edipdirler, emma ol geplemändir. Şoňa meňzeş edip täzesini ýasapdyrlar, olam geplemändir. Şondan soň şägirtleriň her haýsy öz gepleýän küýzesini ýasamak pikirini ýanyna alypdyr-da, dünýäniň dört tarapyna dargaşyp gidipdirler. Biri guşuň şekilini ýasap, içine suw guýup, tokga palçygy bilbilgöýä ýaly saýradypdyr, ýene birisi altyn suwly nagyş salypdyr, hat ýazypdyr. Ýöne gepleýän küýzäniň syryny pir öz ýany bilen alyp gidipdir. Her bir ussadyň şägirdine aýtman, özüne goýýan gizlin bir syrynyň bardygy hakynda Ergeş aganyň çaý başynda aýdyp beren gürrüňem örän geň. Özüniň aýtmagyna görä, ol muny Gürgençde ýaşaýan wagty halypalaryň birinden eşidipdir... ...Bir küýzegär ussanyň üç-dört şägirdi bar eken welin, şolardan biri juda yhlaslymyşyn. Hem zehinlije, hem zähmetsöýer. Aýlar-ýyllar geçensoň, halypa şägirtlerine gezekli-gezegine ak pata beripdir. Emma ýaňky şägirdi deň-duşlaryndan ökde-de bolsa, ýene bir ýyl halypanyň hyzmatynda bolmak isleýändigini aýdypdyr. Şeýdip ara wagt düşüpdir, halypadan öwrenmeli zadyň hemmesini öwrendim hasap eden oglan özüne ak pata berilmegini haýyş edipdir. Halypa şägirdiniň egnine täze don geýdirip, biline guşak guşapdyr. Ynha, indi onuň özi ussa, özi boýagçy-nilgär, aýlaw çarhy, küresi bar, oglan-uşak jigilerem kömekçi... Golça gerekmi, şakäsemi, gorküýzemi, gülapdanmy... syrçalysy bahaly, syrçasyzy elýeter. Ýöne Gürgenjiň märekesi köp, şowhunly bazarynda näme üçindir onuň harydyna isleg köpelmän durmuşyn. Ýogsam bazarda, edil gapdal ýanynda halypasynyň ýasan küýze gap-gaçlaram satylýar welin, her kim gelip ikisinem synlaýar-da, munuňkyny goýup, onuňkydan alyp gidäýýär... Näme üçinkä? Şeýle göreniňde ikisiniň hiç bir tapawudam-a ýok ýaly... Ikisem-ä şol bir zat. «Näme tapawudy barka? Nämäni öwrenmändirin? Bu soragyň jogabyny halypanyň ussahanasyndan başga hiç ýerden tapyp bolmaz». Göwnüni bire baglan şägirt ýene-de halypasynyň gapysyndan barýar-da: «Rugsat bolsa, ýene hyzmatda boljak» diýýär. Hepde geçýär, aý geçýär. Ahyry bir gün ol halypasynyň syrynyň üstünden barýar. Çygy aýrylyp, mazaly guran küýze gaplary bişirmek üçin kürä salmaly bolanda, halypa nämüçindir olary şägirdine ýeke-ýekeden, iki eli bilen tutup getirmegi buýurýardy. Şunda bir syryň bardygyny aňan şägirt bilmezlige salyp, bir gezek her elinde bir küýze alyp gelýär. Şol pursatda ussa alaçsyz galdymy ýa üns bermedimi,... guradylan hem syrly boýag çalnan golçany emaý bilen goşawujyna aldy-da, agzyna ýakyn getirip: «Bismillahy er rahman er rahym» diýip, sozduryp: «Küü-ff-ff. Çüü-ff-ff» edýär. Muny üns bilen synlan şägirdiň ýüzi ýagtylýar. Halypa çüflände golçanyň ýüzündäki ýukajyk gert-tozanyň aýrylyp gidýändigini ol synçy nazary bilen görüp ýetişýär... * * * Ýusubyň syrça hakyndaky sowallaryna jogap beren wagty Ergeş aga boýagçy-nilgärleriň öz syrlaryny aýan etmeýändiklerini sypaýyçylyk bilen düşündirdi: — Dagly ýurtlardan getirilýän reňkli daşlary owradyp, ot-çöpleri gaýnadyp, simap damdyryp, turşadyp... başagaý bolup oturandyrlar. Olaryň iş jaýlaryna barsaň, demiň tutulýar. Barmazlykdan gowusy ýokdur. Barsaňam: «Gel-geç» diýjek tapylmaz. Aslynda, syrçanyň ussadyna «Syrçy» diýýärler, syrçy-da syryny hiç kime aýtmaýar. (Dowamy bar) Ahmet HALMYRAT, ýazyjy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||