12:37 Çuwal bagşy -9/ Kämillik | |
KÄMILLIK
Aýdym-saz sungaty
Çuwal bagşynyň täze aýdym aýdylyş ýoluny döretmeginde onuň bilen köp ýyllar egin deňleşdirip gezen, işlän, daşhowuzly köp bagşylaryň mekdebini geçen meşhur gyjakçy Sapar Bekiniň roly uludy. Täze özboluşly ýoluň döredilmegi Magtymguly bagşynyň Daşhowuz topragynda-da, Garagalpakda-da, Mary etrapynda-da, Köpetdag etegidir, Garrygala Krasnowodsk ugurda-da, Darganata – Çärjew tarapda-da ilhalar bagşy bolmagyna getiripdi. Sapar gyjakçy 1920-nji ýyla çenli Sapar süýrentginiň ýanynda, 1921-1924-nji ýyllarda Öre şyhyň ýanynda, 1924-1925-nji ýyllarda Nazar baganyň ýanynda gyjak çalypdy. Ol Magtymguly Garlyň ýanynda 1928-nji ýyldan soň ymykly gyjak çalyp başlady. Ondan öň Magtymguly Garlynyň ýanynda Atabaý keliň gyjakçysy Haýytguly gyjakçy, soň Atabaý keliň ogly Pirnazar, 1925-nji ýyldan soň Agamyrat gyjakçy saz çaldy. 1926-njy ýyldan soň Magtymguly bilen Sapar sungatda derejeleri deňleşen wagty, haýsy ugra ýykgyn etse ýol salyp barýan wagtlary birleşipdiler. Olaryň ikisiniňem ýatkeşligi gudratdy. Aýdymy, sazy bir gezek diňlende, ähli öwrümleri bilen ýat tutmagy başarardylar. Magtymguly bagşy her aýdymyň oňat, kem ýerlerine derrew üns ýetirýärdi. Gowy, göwni ýetýän ýerini şol durşuna goýup, halamadyk ýerini täzeden işlärdi. Ýne, şeýdip teze aýdym, täze heň döreýärdi. Ol işi ömür boýy alyp barýardy. Kämahal aýdym aýdyp durka öňki çygyrdan çykyp, täze bir «hokgany» goşup goýberýärdi. Ine şonda Sapar gyjakçy hakyky ussatlygyny görkezýärdi. Şeýle wagty «büdremän» bagşy bilen sazlaşykly goşmagy başarýardy. Öýde bagşy bilen saz edişýän wagtlary Sapar Beki daşhowuzly bagşylardan ynha şu ýerini pylankes şeýle çalardy, pylankes bolsa beýle çalardy – diýip, ussatlaryň öwrümli ýollaryny görkezerdi. «Dagy-daşy ýel bozar, adam arasyny dil bozar» diýleni boldy. Bu iki ussadyň arasyna bir näkesiň ýalan gepi, tagna sözi düşdi. Bagşy bilen gyjakçy melallaşdy. Olar birek-bireksiz oňup biljek däldi. Basym olar ýaraşdylar. Emma eýýäm giçdi... Hut biri-birine berlen, saz-aýdym bilen ýüreklerindäkini bilip duran bu iki talantyň, bu iki beýik ynsanyň biri-birinden aýrylyşmagy, talantyň hasraty olary uzak ýaşatmady. Taýyndan aýrylan keramatly guş bolan guwuň uzak ýaşamaýşy ýaly, 30 ýyla golaý ajyny-süýjüni bile dadan, biri-birine seredişeňde ýüreklerini bilip duran bu iki adamyň aýrylyşmagy, uly tragediýady. Çuwal bagşy Saparsyz bir ýyl bagşyçylyk etdi. Ol birden garrady. 67 ýaş uly ýaş däldi. 1956-njy ýylyn maýynda kesel tapyndy. 1957-nji ýylyň 7 maýynda-da aradan çykdy. Sapar hem edil şeýle boldy. Ol taýyndan aýrylyp ýedi ýyl horlandy. Bagşy aradan çykansoň, ýaş bagşylary terbiýeläp talanty gudrat derejesine ýetirjek boldy. Emma onuň göwnündäki ýaly bolanokdy. Şägirtleriň käbiri az-kem aýdym öwrenen soň tumşuklaryny ýokary tutup, seni äsgermän başlaýardylar. Ýa-da aýdymyň perde yzarlamaly, çeküwli, özüňi gynamaly, öwrümli ýerlerden aňsadyna bakyp dogry geçýärdiler. Basa oturyp işlemeýärdiler. 2-3 sagat aýdar ýaly bolsa, özüni baş bagşy hasaplap başlaýardy. Munuň özi çapýan jyns atyň, ýabyny süýrege alyp, pellehana çykarjak bolşuna meňzeýärdi. Ol ýyl geçdigiçe ýekesireýärdi. Hasrat çekýärdi. Ýygy-ýygydan Magtymgulyny ýatlardy. Baran-gelen bolsa gürrüň bererdi. «Beýle bagşyny türkmen indi ýa dograr ýa dogurmaz. Beýle ýüwrük eli, süýji dili, belent sesi diýen ýerine ýetiren zehini, beýle adamkärçiligi, ýatkeşligi Hudaýtagala her kimde jemlemez. Bu ýaşlaryň käbiri ýaňy aýdyma gyzan wagty, yzyndan nas atýar. Käsi çeküwli aýdymyň yzyndan ýapbyldyň aýdyma tutup otyr. Bagşy Magtymguly welin dutary düzensoň 10-15 aýdym aýtman dutaryň gulagyna el de- girmezdi. Özem kem-kemden çeker gider oturardy. Kiriş çekildigiçe guşagy hem çekerdi. Aýdym aýtmagyň tertibi bolardy. Bu ýaşlar her aýdymda dutaryň gulagyna ýapyşyp otyrlar. Kä çekýärler, kä peseldýärler, belli tertipleri ýok» diýip, ussat gyjakçy jany ýanyp gürrüň bererdi. Oglanlaryna bildirmejek bolsa-da, ýekelik hasraty ony aldym-berdime salýardy. Pikirler, lapykeçlik, talantyň gadyry bilinmän içde gabykly ýatmagy ony gussa batyrýardy. Radiokomitete 1960-njy ýyllar gyjakda heň bermekçi bolup Aşgabada bardy. Ol ýerde başlyk bolup oturan ýaş ýigidiň, beýik senede düşünmän «ony eýdip çalmaly, beýdip çalmaly» diýip dilini çeýnäp oturmagy, onuň myrryhyny tutduryp, gaharyny getirdi. Saz ýazdyrman gaýtdy. Ine, şondan soň kesel tapyndy. Şol nägehan kesel ony, 1964-nji ýylyň noýabrynda alyp ýatdy. Şeýle adamlar bar, ýeke sapar görersiň welin ol nurana keşbi, süýji dili, özüni alyp barşy bilen seni özüne bendi edýär. Magtymguly bagşy şeýle adamdy. Onuň saz çalyşyny, labyzly setde-setde edip aýdym aýdyşyny, dessan aýdyşyny diňlän adam onuň ussatlygyna göz ýetirýärdi. Ömür baky ony ýatdan çykarmaz. Ol aýdymlarynda Görogly bolup nagra tartyp, duşmana. topulsa, kä Tahyr, kä Garyp bolup yşk derdinden nala çekýär. Ol aýdymy kemsiz syntgylap onsoň halka hödürleýärdi. Sazanda Pürli Saryýewiň aýdyşy ýaly Magtymguly halypa bagşydy. Ol aýdymlary çekmeli ýerinde çekip inmeli ýerinde inip, sekdirmeli ýerinde sekdirip, jukguldamaly ýerinde jukguldardy. Bokurdagyňda gaýnadardy. Onuň eline düşen aýdym – deriniň eýlenişi ýaly bolýardy. Magtymguly Garlyýew aýdym öwrenmegi hiç wagt goýmazdy. Ömrüniň soňky ýyllarynda Daşhowuzda keselhanada ýatan wagty hem ýanyndaky dutaryny ýuwaşja çalyp «Gül-Bilbil» dessanynyň köne neşirleriniň birinden aýdym öwrenip şoňa laýyk saz saýlap düzüp oturanyny görenler köpdi. Magtymguly bagşy halk içinde «Alili bagşy», «Çuwal bagşy» ady bilen halkyň aňyna siňipdi. Onuň aýdýan aýdymlaryna ilki Daşhowuz topragynyň adamlary belent sarpa goýan bolsa, onuň örüsi artyp Türkmenistanyň ähli adamlarynyň ýüreklerinde orun tapypdy. Ol Köpetdag eteginde-de, Özbegistanda-da, Garagalpagystanda-da ussat bagşydy. Hut onuň şägirtlerinden, şägirtleriniň şägirtlerinden Türkmenistanyň ähli künjeginde Magtymguly Garlyýewiň ussatlyk mekdebini geçip aýdym aýtmaga ýykgyn edýän, ürç edip öwrenýän, onuň ýoluny dowam etdirmäge dyrjaşýan bagşylar näçe diýseň bar. Magtymguly bagşy bilýän zadyny, ussatlygyny şägirtlerine öwretmege hemişe taýýardy. Olary hiç wagt çekindirmezdi. Hut şonuň üçinem onuň Daşhowuzda sazly drama teatrynda Beýik Watançylyk urşundan öň döreden aýdym saz ansambly halypaçylyk mekdebidi. Şonda telim alan Ilaman Annaýew, Rzaguly Ataýew, Täjigül Jumaýewa, Sülgün Meretgeldiýewa, Gurban Seýitmämmedow we beýlekiler, Uruş döwründe we ondan soň Akjagül Myradowa, Bally Mätgeldiýew, Sarman Hudaýberdiýew, Kuly bagşy, Haljan Ataýewa, N.Taýjanow, Amanly Garjykow we beýleki onlarça bagşylar ondan tälim aldylar, ussatlyga ýetişdiler. Magtymguly bagşy myhmansöýer adamy. Bagşynyň öýi hemişe toý märekesi ýalydy, adamsyz bolmazdy. Magtymguly bagşy şeýle uly halypa, şeýle uly ussat, meşhur bolsa-da, kiçigöwün adamdy. Ol öýüne baran her bir adamyň göwnüni tapmagy, çaga bilen çaga ýaly, uly bilen uly ýaly gepleşmegi başarýardy. Ol agaç ekmegi halardy. Obada şol wagty diňe şonuň öýüniň ýanynda erik, şetdaly, üzüm bagy bardy. Hezir ol ýerde bagşynyň ajaýyp öý-muzeýi bar. Magtymguly bagşynyň ýanynda 29 ýyl gyjak çalan, ussat gyjakçy Sapar Bekiýew ikisi konsertde, toýda märekäniň ortasyna gelende belli ýazyjymyz Hudaýberdi Durdyýewiň aýdyşy ýaly türkmen milli sazynyň, aýdymynyň ýatdan çykmajak konserti başlanýardy. «Sungatyň ussatlygynyň goşa çynaryna öwrülýärdiler». Magtymguly Garlyýewiň repertuary örän baýdy. Ýiti ýatkeşligi üçin 500-den köpräk aýdymy, «Görogly» eposynyň 9-10 şahamçasyny, «Saýatly-Hemra», «Nejep oglan», «Zöhre-Tahyr». «Şasenem-Garyp», «Hilalaý-Garyp», «Huýrlukga – Hemra» ýaly onlarça dessanlary, köp rowaýatlary taryhy wakalary, şorta sözleri, nakyllary bilýärdi. Olary ýerlikli ulanýardy. Onuň dilinden «Görogly» eposynyň 8 şahamçasy TSSR YA tarapyndan 1938-nji we 1954-nji ýyllarda ýazylyp alyndy. 80-e golaý aýdymy respublikanyň radiokomitetinde saklanýar. Emma wagtynda alada edilmändigi üçin onuň dessan aýdyşy mehaniki ýazga geçirilmedi. Onuň konsertleri kino alynmady. Alym Mäti Kösäýewiň belleýşi ýaly «Magtymguly bagşy hakynda wagtynda alada etmänligimiz üçin aýdym, saz, edebi mirasymyz boýunça giden bir dünýäni ol özi bilen alyp gitdi». Soñy. Ahmet HALMYRAT, Baýram MELÄÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |