12:40 Kerwensaraý kyssalary -2: Söhbet - eşret | |
KERWENSARAÝ KYSSALARY
Taryhy proza
2. Söhbet - eşret Aň dünýäsiniň giňişlikleriniň serhedi ýok. Bu ýerde wagtyň hökümi ýöremeýär. Ynha, meniň hyýalymda wagt dumanynyň perdesi syryldy gitdi. Ýüzlerçe ýyl mundan ozal... Köpetdagyň günortasynyň ýaşyl ýaýlalary. Ilerden gaýralygyna daglaryň jülgelerinden, baýyrlaryň källerinden dolup akýan çeşme-çaýlar, akar bulaklar. Men bu täze açylan dünýä ýaly giňişlikleri synlap, geňläp otyryn. Her ýerde küren-küren obalar. Alyslardan-alyslara uzaýan kerwen ýollary. Honha, agyr kerwen jaňlaryny düňňürdedip, kerwensaraýa golaýlap gelýär. Öňde gara dor atly kerwenbaşy. Ol janawar duýgurdyr, sakdyr, akylly hem çydamlydyr, ýoldaşyňdyr, gardaşyňdyr. Sag ganatda on iki, çep ganatda-da on iki atly ýigit hatar bilen ýanaşyk barýar. Arkalary aýlaw galkanly, sary sagdaklary okly-ýaýly, gollary uzyn gök nil naýzaly... Rowaçlygyň menzil-mekany türkmen topragyna gadam basan kerweniň jemagaty hil-hil. Jahankeşde dünýäni seýil etjek, görmedik zatlaryny görjek, bilmediklerini biljek, söwdagär täjire bazar gerekdir, ylym adamsy alyma duşmakçy, oňa kitap gerek, kitaphana gerek. Hak yşkynda gezen derwüşlerem ýoldadyr, olara hiç zat gerek däl, özlerinden sorasaňam: «Maňa hiç zat gerek» diýer... * * * ...Bu galanyň gaýym derwezesini has hem haýbatly görkezýän goşa burjuny hasap etmäniňde-de, üstünde ataraba ýöräbermeli galyň, inedördül diwarlaryna küştüň mallary ýaly hatara düzülip oturan kyrk sany küňresiniň bardygy üçin Çilburç diýip at dakylan bolmagy-da ahmal. Elbetde, şondandyr. «Çil» diýmek «kyrk», «burç» diýmegem galanyň burjy ahyryn. Şahyr: «Göründi galanyň burjy» diýmeýärmi?! Horasanyň şäherleriniň serweri Maru-Şahu-Jahana barýan söwda ýolunyň iň ygtybarly hem ýakyn düşelgesi bolan bu galanyň kerwensaraýyndan çykan tirkeşi dokuzdan düzülen togsan düýeli kerwen Sarahsa tarap ýol başlady... Kerweniň jaňynyň zarňyldysy gara daňdanyň ümüş-tamşynda alyslara ýaýrap, ýiteňkirläp barýarka, Bagdatdan gelýän başga bir agyr kerwen bu menzile gelip ýetdi-de, goş ýazdyrmaga başlady. Kerwenbaşy paç töledi. Ozalky myhmanlar çykyp gidenden soň, syrylyp-süpürilip, ýörite çyragdanlarda üzärlik tütedilip, göwnejaý tämizlenen myhman jaýlara täze gelen mysapyrlar ýerleşmäge başlady. Emma uzak ýoldan aryp gelenlere ine-gana dynç almaga maý bolmady. Tizden-tiz başlanan söwda, alyş-çalyş öýleguşluk çaglary zordan tamama geldi. Agşam düşüp, göz baglananda hatar oturan hüjrelerde yzly-yzyna yşyk peýda boldy. Ilerki hataryň iň çetki künjegindäki hüjrede, desserhanyň başynda oturan iki alym kişi özara söhbet edip otyr. Olaryň biri Merwli ulama Hoja Abdylla. Ol örän uzak ýurtdan geljek myhmanyny garşylamak üçin bu ýere düýn gelipdi. Şol döwrüň il içinde tanalýan, atly-abraýly adamlarynyň alys ýerlerden gelýän myhmanyny garşylamak edähedi şeýledi. Geljek uçurlary bir menzil ýol geçip, öňünden çykmak, garşy almak, yza gaýdan wagty bir gün bile ýol ýöräp, onsoň sagbollaşmak, razylaşmak adaty bir ýagdaýdy. Pereňden Müsüre, ol ýerden Bagdada, Bagdatdanam bärik gaýdan syýahatçy alym Iosifiň — Ýusubyň başy selleli bolsa-da, egnine geýen lybasy üýtgeşikdi. Kelte dony, bilguşagy, aýakgaby onuň saýry bir kimsedigini äşgär edýärdi. Gyzgylt gyrçuw sakgally, goňras gaşlarynyň astyndaky mawy gözleri, terezilenip duran eginleri bu jahyl adamy has hem görmegeý görkezýärdi. Üstesine, onuň türkmençe gürlände arap, pars sözlerini jaýba-jaý, sazlaşykly ulanyp, pessaý gürleýşi örän ýakymlydy, düşnüklidi. Biri-birine «Ussadym» diýip ýüzlenýän bu iki danyşmendiň hyzmatyny edýän ýigdekçe Muhammet al-Abiwerdi Hoja Abdyllanyň talybydy. Hyzmata gaýym bu ýetginjege deň-duşlary «halypanyň kölegesi» diýýärdiler. Halypanyň özi welin oňa «Diwany lugat» — «sözlük kitabym» diýýärdi. Sebäbi onuňky ýaly ýatkeşlik hiç kimde ýokdy. Bu günki duşuşykda-da onuň hyzmatda bolup, ýumuş buýrulmadyk wagty, bir künçde çaýjagaz içip, ümsüm oturmagy talyp üçin uly bir derejedi, mertebedi. Wagt geçer, bu iki alym kişiniň özara edip oturangürrüňlerini gulaklaryny pakgardyp, ünsli diňläp oturan bu oglanjyk gyzykly bir kitap ýazar. Ol kitap asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere ýadygär galar. Hoja Abdylla myhmana hödür-kerem etdi: — Ýusup jan, al, çekinme. Işdäňi saklama. Oýunmy-çynmy, biljek däl, ýöne eşidişimize görä, siziň illerde duz-tagam orta gelensoň, gürlemek gelşiksizmişin... Myhman ýylgyrdy: — Ýok, ýok. Edil beýle däldir, ussadym. Ýöne nahar başynda garagolluk edýän çagalara degişli bir däpdir ol. Aslynda, howlukman, mesawy gürrüň edip naharlanmagyň saglyk üçin peýdasy bar bolmagy ahmal. Siziňki makul, ussadym. — Türkmençilikde: «Gürrüň çaý başynda edilse ýagşy» diýilýär. Dogrusy, şol bolaýmasa, ussat. Hany, gezek çaýa ýetende ýadyma sal bakaly, men saňa saglyk hakynda Lukman Hekimiň bir hekaýatyny gürrüň bereýin — diýip, Hoja Abdylla mylaýym ýylgyrdy-da, myhmanyň öňüne üsti şekerli-şerbetli, kişmişli-kişdeli mejimäni süýşürdi. Elbetde, jennetden çykan bu nazy-nygmatlar tagamlydyr, emma Muhammet al-Abiwerdi üçin welin, bu iki danyşmendiň edýän gürrüňleri olaryň barysyndan datlydy. Şol sebäpdenem ýumuş buýrulanda, hamala aýagyna ýel daňlan ýaly, onuň gireni-çykany des-deň bolup durdy. Bu gürrüňler onuň hyýalyndaky hakyda kitabyna ýazylyp galmalydy. Muhammet çaý demläp getirdi, soň okalan aýat-töwire goşulyp, edep saklap, öz ornuna geçdi-de, ümsüm oturdy. — Ussadym, Lukman Hekimden bir gürrüň aýdyp bermekçidiňiz — diýip, Ýusup parça-parça gyzyl gülli çäýnekden ilki öz käsesine, soň halypasynyň käsesine guýdy. — Aýdyp bereýin, Ýusup jan, aýdyp bereýin — diýip, Hoja Abdylla kümüşsöw sakgalyny sypalap söhbede başlady: — Ir zamanda Lukman Hekim — Abu Aly ibn Sina hezretleri, jaýy jennet bolsun, öz ýakyn görýän şägirtleriniň biri bilen syýahata gidipdir. Ikisi tirkeşip uzak-ýakyn köp ýurtlary gezipdirler. Günlerde bir gün bularyň ýoly alma agajynyň köp ösýän ýurdunyň üstünden düşüpdir. Nirä baksaň, almalyk... Düzüm-düzüm şahalar ýere ýetip dur diýýär. Şonda şägirt halypasyna ýüzlenip: «Bu ýer sagdyn adamlaryň ýaşaýan ýeri eken, halypam, şeýle dälmi?!» diýipdir. Ussat şägirdiniň sözüni makullaýan ýaly yşarat edipdir-de: «Belasy içindedir» diýipdir. Ýene bir gün bu ikisi erik agajynyň köp ösýän ýerine baryp ýetipdirler. Sary sadap ýaly erikler ýere dökülip ýatyrmyşyn. Bu gezek şägirt: «Näsag adamlaryň köpräk ýerine geläýdik öýdýän» diýipdir. Lukman oňa: «Dermany içindedir» diýipdir. — Berekella, halypa, Alla sizden razy bolsun! — diýip, Ýusup sag elini döşüne goýup, Hoja Abdylla hoşallyk bildiripdir. — Şu gürrüňi diňlänimde biziň illeriň meşhur lukmany Galen hezretleriniň aýdan bir sözi ýadyma düşdi — diýip, Ýusup söze başlamakçy bolýar. — Rugsatmydyr?! — Aýdyň, diňläliň. Ol ussadyň alymlygy, tebipligi bizlere-de mälimdir. —Galen hezretleri: «Saglyk çemçäniň içindedir» diýipdir. — Haý, berekella! Aperin! Saglyk hakyndaky söhbetdeşlik myhmana öz maksadyny aýtmaga puryja berdi. Ol gürrüň arasynda Lukman Hekimiň kitaplaryny köp okaýandygyny, lukmanlar, tebipler, attarlar bilen gatnaşyk saklaýandygyny, ilki Merwiň, nesip etse, soň Ürgenjiň bazarlaryny görmegiň arzuwyndadygyny duýdurdy. — Merwiň bazaryny, ulamalaryny bile göreris. Olar bilen özüm sizi tanyş ederin. Ürgençde-de dost-ýarlarymyz sizi garşylar. Hiç zady alada etmäň. Elimizden gelen kömegi bermäge taýyndyrys — diýip, Hoja Abdylla myhmanyň göwnüni göterdi. Olaryň awyternek, mumyýa hakyndaky gürrüňleri ümsüm oturan Muhammet üçin üýtgeşikdi, geňdi hem gyzyklydy. Emma ol bularyň baryny depderçä bellik edip biljek däldi, dogrusy oňa mümkinçiligem ýokdy. Ýatkeşligine bil baglaýmasa, başga alajy ýokdy. Bu iki adamyň özara edýän gürrüňinden şeýle netijä gelýärdi: «Myhman biziň ussadymyzy diňläp, öz ylym-bilim horjunyna tylla teňňeleri salyp otyr. Ýöne myhmanyň özem hazyna ýaly. Onuň aýdýan sözleriniň, getirýän tymsallarynyň aňyrsynda umman ýaly many ýatyr. Kimiň kime köp «sowgat» edýändigine akyl ýetirer ýaly däl. Bu ikisi biri-birini baýlaşdyrýar». Bu göräýmäge şeýledi, hakykatda welin, ikisindenem alyp, «öz ylym-bilim horjunyna tylla teňňeleri» oklap, olardanam köp «sowgat» alyp oturan Muhammediň özüdi... (Dowamy bar). Ahmet HALMYRAT, ýazyjy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |