20:31 Çuwal bagşy -2: Syrly düýş | |
SYRLY DÜÝŞ
Aýdym-saz sungaty
Obanyň gaýrasyndaky-garaganly meýdanda oglanlar goýun bakardy. Köplenç olar dowarlaryny goşup, tä iňrik garalýança her dürli oýun oýnap, keýpden çykardylar. Elbet-de, Magtymgulam olaryň arasyndady. Şol gün welin ol nämüçindir oglanlara goşulmady. ...Gün ýaşar uçurlary Ogul ejäniň (oba arasynda onuň adyny şeýle tutardylar) ýüregine howul düşdi. Iş edip oturan adama bir zat diýmegem birhili. Şonda-da ol eýdip-beýdip ugruny tapdy-da ussany ýola şaýlady: «Git, ussa. Eglenme. Hemişe Magtymguly jan bu çaka öýe gelerdi. Bilmedim özi, ahyry haýyr bolsun-da». Ussa gatyrganyp durmady: «Özeleniberme, hiç zat bolasy ýok. Toklusyny ýitirenmidir, ýa şoňa meňzeş başga bir zatdyr. Ynha barar-da alar gaýdaryn. Hiç darykma...» Ol soňky sözüni öz-özüne niýetläbem aýtdy, sebäbi indi onuň özem nämüçindir darykjak bolýardy. Eşegini ýorgaladyp barýan ussanyň öňünden çykan oglanlar wagty bilen onuň soragyna jogap berip bilmediler. «Magtymguly hany? Siziň bilen bileje gitdi ahyryn. Bäşim jan, sen bilmeli ahyryn...» Dogrudanam, nämüçin Magtymguly beýle yza galdyka? Gözlerini tegeläp duran Bäşim sakynyp gürledi: «Siz gidiberiň, ynha menem yzyňyzdan barýan» diýdi. Özem Ýogyn diňiň kölegesinde otyrdy häli. Diňiň üstüne çykyp kän aýdymam aýtdy şu gün... Şo ýerdedir, Garly kaka...» Garly ussa oglanyň soňky sözüni çala eşidip galdy. Ol gyssanýardy. «Eýgilik bolsun-da, jan Alla!». Ol otlaşyp ýören goýunlaryň deňesine ýetdi-de eşeginden böküp düşdi. Han-ha, Ýogyn diňiň kölegesinde Magtymguly sarsman ýatyr... Bimahal çagy oglunyň beýdip ýatyşyny birhili gören ussa gorkaýmasyn diýip howatyr etdi-de ýuwaşlyk bilen oglunyň başujyna geçdi. Çaga ene-atasynyň yssysyny duýsa gorkmaz... Magtymgulynyň bolup ýatyşy geňdi. Onuň endam-jany öl-myžžyk. Ýerine... Gözlerinden ýaşy derýa bolup akan ýaly... Ussa eziz balasynyň emaý bilen başyny sypady: «Magtymguly... Magtymguly... Tur-aý, indi, oglum. Köp ýatdyň. Tur, öýe gaýdaly, oglum...» Oglan erbet tisginip oýandy. – Kaka, senmi? – Hawa, men oglum. Ýör, gaýdaly... – Kaka... – Näme, oglum? – Aý, hiç... ...Ertesi öýlän Magtymguly ussahananyň bosagasyndan ätledi. (Ogul eje bu gün ony goýun bakmaga ibermedi). Ussa elindäki sümmesini, çekijini bir gapdalda goýdy-da oglunyň nämedir bir möhüm zat aýtjak bolýanyny aňşyryp ony ýanyna çagyrdy: – Hany, gel bakaly. Gel, bir käse çaýam bereýin. Otur hany... Bi, düýn ne döw çaldy saňa? Hany dogryňdan gel, oglum... – Kaka... Düýn şo ýerde uklap galypdyryn. Düýşümde bir baba meniň elime dutar berdi. Soňam bir käsede suw uzatdy. Içdim, soňam aýdyma gygyrdym welin, özümden gitdim. Sesim joşup derýa bolup akdy-da düzi-dünýäni gark etdi, kaka... Menem içinde. Şowagt sen geldiň... Bu syrly düýşe ussanyň kebzesi jümşüldäp, dünýäsi ýagtylyp gitdi. – Sen-ä, gowy düýş görüpsiň, oglum. Adyňa Magtymguly dakanym ýöne ýere däldir. Senem atdaşyň ýaly uly şahyr borsuň ýa-da aýdyjy-bagşy borsuň, işallam. Pygamberler ýorgudy bolsun. Omyn! ...Syrly düýş görenden soň iki-üç günläp Magtymguly birhili ýeldirgän ýaly boldy ýördi. Ol küýli ýaly gözüni bir nokada dikip oturmany çykardy. Agşamyna welin gyzdyryp, samrap: «Dutarymy beriň-ow. Eje! Kaka! Dutarymy almaň ahyryn. Getiriň, men çaljak. Çaljag-ow...» diýip, durman samraýardy. Onuň düýş görüp ýatandygyny ýa huşundadygyny kän aňşyrybam bolanokdy. Üçülenji gije halys özelenip duransoň Mämmetgulynyň köreşeje dutaryny getirip onuň eline tutdurdylar. Dutary görenden soň oglan birneme ynjalyp, özüne gelen ýaly boldy. Kiçijik tamdyrany sypalap-sypalap, gujagyna mäkäm gysyp uklap galdy... Ertesi irden Garly ussa Kaka medresesiniň ulamasy Mämmetmyrat ahunyň gaşynda peýda boldy. Meňzi saralan Magtymgulam onuň ýanynda boýnuny sallap durdy. Çaý başynda saglyk-amanlyk soraşylandan soň Ahun aga ussanyň habaryny aldy. – Bi, han-a: «Tamdyramy tapyň» diýip, elden-aýakdan çykyp barýandyr, Ahun aga – diýip, Garly ussa ýygrylyp duran oguljygynyň başyny sypap, ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly ahuna gürrüň berdi. Mämmetmyrat ahun ussanyň hem onuň täsin düýş gören oglunyň göwnüne giňlik geler ýaly aýat-doga okady. Soňam Garly ussa maslahat berdi: – Sen bu köşegi horlama, ussa. Aýdanyny et-de ugruna kowuber. Dutar diýse, dutar alyp ber. Erenler bada beren bolsa, olam ony içen bolsa... Indi aýdym, saz çalmasa munuň ýüreginiň joşguny egsilmez. Ajala sabyr berse, ölmesek şujagaz oglanyň ady eleme dolan bagşy bolandygynam göreris, enşalla. – Belki, Hudaý. Aýdanyň gelsin, Ahun aga. – Muny indi meniň ýaňyma getirme-de Gylyç bagşynyň ýa bolmasa Çary çepbäniň ýanyny äkit. Maňa sopy boljak oglan däl, bi. «Pirim» diýip, «Halypam» diýip, şolaryň hyzmatynda gezibersin. Şu günüň özünde äkitgin. Ylham-joşgun diýilýän oýun eder ýaly zat däldir, ahmal bolsaň ýa sermest eder ýa ýüregiňi baýdyrar. Düşündiňmi ussa?! – Düşdüm, Ahun aga... ... Şol gün ikindinara Çary çepbe öýüne gelende, sekiniň üstünde Garly ussa çaý içip, ona garaşyp otyrdy. Öýi hemişe gelim-gidimli, myhman-mediwanly bolansoň Çary sazanda howlukman ýuwunyp-ardynyp bir haýukdan soň myhmanyň ýanyna geldi. Dutaryny gapdalda goýup iki eli bilen salamlaşan oglana Çary çepbe henek etdi: – Ýer-ow, çuwal. Ýaryşmaga geldiňmi? Magtymguly çalaja ýylgyryp, aşak bakdy-da owadan halynyň nagyşlaryny sypalady. Onuň göwnüne şu owadan göllerdenem owaz çogup çykyp duran ýalydy. Şeýdip dokuz ýaşdaka öýden çykan çaga aýdym-saz ülkesine, il-günüň içine siňip gitdi... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |