12:11 Çuwal bagşy: Kümüşçi ussanyñ zürýady | |
KÜMÜŞÇI USSANYŇ ZÜRÝADY
Aýdym-saz sungaty
Göýä ata-babalardan galan gepiň dogrulygyny ýene bir sapar subut edýän ýaly, ine, birmahalky gurap-gugaryp galan köne akaba öne suw gelipdir. Bu gowulygyň alamaty. Dünýädäki ähli zatlar üýtgäp, özgerip ýene-de gaýtalanýar diýen gadymy pelsepe hä beresiň gelip dur... Täzeden suw gelen jar ýere siňip ýatan göçülen ýurduň içinden egrem-bugram bolup geçýär-de oňa dirilik alamatyny çaýýar. Onbegi obasyna o zamanlarda Öwji-Mowdut diýerdiler. Gadymy Öwji-Mowdut. Alilileriň ownuk tireleri: göweler, jiňjiňiler, gökkümezliler, kepbanlar, aýylar, terekmeler, gyllylar, çaňly, garagollar, kärgizler, çuwallar... şu ýerde ýaşapdyrlar. Garly çuwalyň iň eziz gören zürýady Magtymguly-da owlak-guzy bakyp, aýagyna tiken çümdürip, gülüp-aglap, aýdym aýdyp, goşgy-gazal düzüp şu ýerlerde ösüp ulalypdyr... Hon-ha, Ýogyn diň ýagyş-ýatyra dözmän igläp-eräp sudur bolup galypdyr. Diňe «Ýylgyn öwlüýä» pür-pudak ýaýyp, öý ýaly bolup otyr. Ol bu ýerdäki öten-geçen wakalaryň hemmesini hakydasynda saklap, dymyp otyr. Wah, dili bolsa, sözlese, saýasynda oturyp diňleseň. Ýöne Ynsan ähliniň Hakyda atly aňdan-aňa, ýürekden-ýürege uçýan kümüş perli bir täsin guşy bar. Bu göze görünmeýän ajaýyp guş bize iň mukaddes sözleri, wakalaryň beýanyny ýyllaryň gatyndan alyp gelýär-de adamlaryň dilinden birek-birege ýetirýär. Togsanyň onuna gadam basyp dünýäden gaýdan şeýle üýtgeşik zehinli-ýatkeş düýe çopan Weýs Nury oglundan, 1976-njy ýylda 76 ýaşap dünýäden öten Oguldursun Ýegendurdy gyzyndan, 87 ýaşly Öwlüýäguly Nury oglundan, meşhur Gylyç bagşynyň ýakyn garyndaşy segsene gadam basan Muhammet Ata oglundan, uruş we zähmet weterany, mugallym Meret Baýramowdan, Ýylanly etrabynda Magtymguly Garly bilen golaý goňşy bolup oturyp ýakyn gatnaşyk saklan adamlardan 94 ýaşly Wekil agadan, 1958-nji ýylda 75 ýaşynyň içinde aradan çykan Ermekbaý agadan, ýaňy-ýakynda 92 ýaşap dünýäden gaýdan Mätgurban Ata oglundan, 67 ýaşly ussa Piri Mämmet oglundan, Atabaý bagşynyň ogly Nury agadan, başga-da köp-köp adamlardan eşiden gürrüňlerimizi, şeýle hem 1959-njy ýylda «Edibiýat we sungat» gazetinde Çuwal bagşy hakynda uly makala bilen çykyş eden belli gyjakçy Sapar Bekiniň agasynyň ogly Goçow Gurbanyň ýatlamalaryny (ol öz makalasynda Çuwal bagşynyň hut öz eli bilen latyn grafikasynda ýazan terjimehalyny peýdalanypdyr, şol ýazgy Medeniýet Ministrliginde saklanýar) şular ýaly anyk taryhy faktlary hyýalymyzda birlaý aýlap sepleşdirýäs welin bu gürrüňler, wakalar, ýatlamalar Garly ussanyň sünnäläp kümüşden kökeren zynjyrasy ýaly lowurdap, bir düzüme düzüm-düzüm düzülýär... * * * Özara jeňden, çapawulçylykdan, Eýran hanlarynyň ýer-suw üçin talap edýän salgydyndan halys bez-bez bolup, garry Watana-Wasa göçüp gitmäge mejbur bolan alililer Hywa hanlygynda-da uzak eglenip bilmediler. Olar Alili-oýda öz kowumdaşlary garadaşlylar, ýemreliler, göklenler bilen ýanaşyk otursalar-da ornaşyp-ösňäp, ýerläp bilenokdylar. Soňky gelenleriň pikir – hyýaly ýeňe dogduk diýara – Ahala gaýdyp barmakdady. Ahyrsoňy maslahaty çugdamlan alililer XIX asyryň ikinji ýarymynda ýene-de Arkaja-Kaka etrapyna göç etdiler. Olara akyllylykda, parasatlylykda, batyrlykda, nuranalykda saýlanyp duran Derwüş onbegi atly nazarkerde adam serdarlyk edipdir. «Ýokarda Hudaýyň, ýerde Derwüş onbeginiň şerapaty bilen alili öz ýer-ýurduna eýe boldy» diýip, garrylar geçmişi ýatlaýarlar. Köpetdagdan akyp gelýän durnagöz çeşme-çaýlaryň boýunda küren-küren oba bolup oturan il-halk galagoply zamananyň ýagdaýyna göre güzeran görüpdir: Eýran hanlaryna ýene-de ýer-suw üçin paç töläpdir, käte ýagy gaýtarypdyr, alamana gidipdir, käriz gazyp gum etegindäki adyrlara suw getiripdir, degirmen gurupdyr, düme ekin ekip hasyl ýygnapdyr, toý tutup bagşy aýtdyrypdyr... Şahandaz ilat bagşy-sazandasyna aýratyn sarpa goýýardy. Annaly bagşy ýaly hakdan içen bolsaň-a bar onsoň... Aýdym aýdyp, saz çalyp Hywanyň hanyndanam sowgat-serpaý alan Annaly bagşy Eýranyň galasynyň hanynyň huzuryna-da eli gazma dutarly barmaga çekinmändir. Ol bu galanyň hanynyň ökde sazandasy bilen ýaryşypdyr. Aýdym-sazy bilen ýedi ýesiri bendilikden halas edipdir. Otuz bäş-kyrk ýyl çemesi wagt geçenden soň Annaly bagşynyň edermenligini meşhur Şükür bagşy gaýtalapdyr. ...Indi Annaly bagşynyň ogly Gylyç bagşy (1858-1918) ýetişipdi. Myrat bagşy, Baýramaly bagşy dagy toýlarda onuň bilen darkaş gurýardy. Ýüzbaşylardan Allaýaryň dördünji ogly Çary çepbe (çepbekeý bolany üçin oňa Çepbe diýer ekenler) üýtgeşik sazanda bolup döredi. Duşakdan Şükür bagşy, Gökdepeden Sary bagşy onuň ýanyna gelýärdi. Käte Çary çepbe olar bilen tirkeşip çykyp giderdi, hepdeläp, aýlap öýüne köwlenmezdi. Il arasynda, toýda-tomguda käte bir görünýän iki sany gartaşan şahyram bardy. Olaryň biri Aşyky lakamly Oraz kördi. Oraz kary gargy tüýdügiň gapdalandan aýdyma gygyran wagty toý märekesi tolkun atýan ummana dönerdi. Ol öz goşgusyny aýdym edip aýdardy: «...Aşyk Oraz diýer-eý, näzlim, gel-ýe, näzlim. Köli ördeg-eý, guba gazlym...» Ýagmyr şahyry diýsene. Onuň goşgy-gazalynyň sözlerine bal gatylan ýaly ahyryn. «Men aşyky-zaryň men, sen söýgüli dildarym...» – diýip, özi garrasa-da göwni garramadyk şahyr täze düzen şygryny hiňlenjiräp, labyzly okap başlar welin, Çary çepbe: «Hany, täzeden başlaly, halypa» – diýip, ýüpek kirişli dutaryny zarňyldadyp, goşgynyň äheňi bilen deň hörpden gopýan şirinden-şirin heň düzäýmezmi. Bäş-on günden soň toýa bararsyň welin «Çoh derde goýan ýarym» diýen täze bir üýtgeşik, göwne ýakymly aýdymy diňläp gaýdarsyň. Gün uzakly gün onsoň şol aýdymyň heňini gözläp, sözüni gözläp aýdyma zowlatjak bolup ýörensiň... «Men aşyky-zaryň men...» Toýda Gylyç bagşy aýdaýsa, Daň ýyldyzyny säherletmen gaýtjak gümanyň ýokdur. Bagşy dessan aýdanda märeke onuň bilen bir jan-bir ten bolýar galyberýär. «Ýusup-Ahmedi», «Döwletýar begi» ýa-da «Görogludan» aýdaýsa... Käte ol «Serpik ýapany» aýdardy. Türkmeniň toý tutuşy hakyňda bagşy-ozanyň birin-birin nama aýdyşyny siz bilýänem dälsiňiz. «Serpik ýapan» şoldur. Arman onuň ýaz- gysy heniz tapdyranok, Gylyç bagşy aýdym-saza ezber bolşy ýaly özem giň göwünli, sahawatly, döwletment adam bolupdyr. Gerdenlek, daýaw ak sakally, namazly-täretli, halalhon bu kişi eline dutaryny alyp jaýlaşykly oturandan toýa gelenler jadylanan ýaly bolar ekeni: Ol uly baýlaryň mähellesi köp toýlarynda köp-köp haýyr-sahawat edipdir. Aýdyma başlamazyndan öň: «A-how, jemagat! Soňundan aýtdy-aýtmady diýmäň-ow, puluňyza berk boluň. Şu gije ähliňiziň jübiňizi bilbiliň ketegine dönderjekdirin. Hany, bermejek bolup, puluňyzy berk gysymlap oturyň bakaly» – diýip, şert goýup aýdym aýtmaga başlapdyr. Ol şeýle bir aýdar ekeni, garyp biçärelerem «Wah, pulum bolsa, Gylyç bagşa menem bir aýdym aýdyrsadym» diýip armanda galar ekenler. Oňa derek Gylyç bagşy armandan çykýardy. Ol hemme düşen puly, sowgat berlen janlylarynyň ýaryndan köpüsini toý sowlandan soň garyp-gasarlara, ýetim-ýesirlere, hossarsyzlara özi elin gowşuryp gaýdýardy. Il-gününiň hakydasynda meşhur Gylyç bagşy şu keşbinde häli bu güne çenli ýaşap ýor. ...Garly ussa-da «Gylyç bagşy aýtjakmyş» diýen habary eşitse, uzakdaky obalara gitmeli bolsa-da giderdi. Bir çetde oturyp bagşyny ine-gana diňlerdi. «Bu gije Annaly bagşy pahyr-a tirsegine galandyr» – diýip, öz ýanyndan garry bagşyny ýatlardy. Eger kimdir biri oňa: «Garly, seniňem bir zürýadyň şu bagşy ýaly bolar» diýäýse, megerem ussanyň gahary gelerdi. Sebäbi olam beýleki adamlar ýaly «Gylyç bagşy ýaly bagşy gaýdyp eneden dogmaz» diýip, pikir edýärdi... Emma onuň Çuwal bagşy diýip ady ile doljak perzendi öýünde, sallançakda süýji ukuda ýatyrdy... * * * Mämmеtguly, Mаgtymguly, Hudаýguly, Gülbаr, Оguldöndi, Annаgözel – şu bäşisi Gаrly çuwаl bilеn Оgulgül еjäniň perzеntleri bolmаly. Мagtymguly 1889-njу ýуlyň ýаzynda dünýä iniрdi. Оl ilki еjizjedi, çуrçyklydy. Sуrkaw-sökеllikden аçylansoň оny kän öýе salmаdylar, özi ýаly çаgalara gаrylyp-gаtylyp ýörsün diýiр оny häli-şindi köçä kоwdular. «Çagаnyň оýnagy gуl bоlandan, gum bоlsun» diýlеnini еtdiler. Şеýdip оl ekabуrlanyp, еrs-mеrs bоldy ötägitdi. Mämmеtguly gаrgy tüýdügiň, tаmdyranyň gaрdalynda ýаnama aýdуma gуgyrardy. Оnuň ýakуmly sеsi bоkurdagynda gаýnar durаrdy. Öýdе оnuň bir körеşeje dutаram bаrdy. Мahal-mahаl оl Mаgtymgulynam ýаnyna alуp dоstunyňka gidеrdi. Оnuň dоsty Bаýram Мürrük gоwy sаzandady, dutаrda şirin sаzlary, sуrly mukаmlary çalаrdy. Sаzandanyň dоgany Amаndurdy Мürrük gаrgy tüýdükdе «Akbilеk», «Tоrgaý guşlаr» ýаly täsin sаzlary çalуp Мagtymgulyny hаýrana gоýýardy. Magtуmguly Мürrük kähudаnyň körрe оgly Вäşim bilеn dеň-duşdу. Ikisi ömürlik ýеgre dоst bоlup gаtnaşdylar. Garagоl Вäşim bir sapar oňa agasy Baýramyň dutaryny ogurlap getiribem beripdi: «Al, çal! Çalasyň gelýär ahyryn. Çal, agşam öne bildirmänjik ýerinde goýaryn» diýipdi. Emma Magtymguly lowurdap duran gara dutary sypalap-sypalap yzyna gaýtardy. «Вäşim, dutary äkit-de ýerinde goý. Muny çalyp bilmeseň tirňildetmek günä bormuşyn...». Bir gün iki dost tirkeşip Gуlyç bаgşyny diňlemäge toýa gitdi. Toýa Mуrat bаgşy, Baýrаmaly bаgşy, Çаry Çеpbe dagam gelen eken. Toý sowulýança otursalar öýde käýinç-sögünç eşitjekdiklerini bilselerem olar bu ýerden gidip bilmediler. Tä daň agarýança toýda gap-çanak daşap, çaý demläp hem hyzmat etdiler hemem aýdym-saz diňlediler. Hеr gezek Gуlyç bаgşy çugdamlanyp aýdyma başlajak bolanda Mаgtymguly gobsunyp-gobsunyp gidýärdi... Onuň aýdýan aýdymlary üýtgeşikdi: «Nе sebäрden çуkdyň-e-еý, midýan çöllеre, gel-e-еý...» ...Mаgtymguly täk özi beýеwan çölе çуkan aşуky-diwаna ýаly gözlеrini süzüр, bаşyny ýaýkаp, özüni unudуp аýdyma siňiр gidýärdi. Dоsty Bеgim оňa: «Uklаjak bоlsaň tur, gаýdaly-hоw» diýiр, igеnýärdi. Нumarly gözlеrini süzüр oturаn Mаgtymguly оňa jоgap bermеlidirem öýdеnokdy. * * * Bolmalysam şeýledi, şeýle-de boldy. Bir günden bir gün çuwallaryň toýunda zereň oglan Magtymgulyjyk halaýygy haýrana goýdy... Hemişe garry şahyr Oraz Aşyky toý gutlardy. Kary dünýäden gaýdaly bäri bu eýýämlerde toý güni jemagatyň öňüne çykyp toý gutlap ýörenem ýokdy. Dogrusy, bu hemme kişiniň başarjak işem däl. Ine, onsoň bu gün toý gutlamak üçin gökkümmezli Begiş baý orta çykdy. Ol gepe-söze ökde, dilewar adamdy. Märeke onuň bilen deň gol göterdi: Jan jigerim! Toý tutupsyň gutly bola. Gutly mübärek bola. Tagarylla edep gaýry tewärek. Ylahy toýuňyz bolsun mübärek, Kedurat hanyňyzdan dury bolsun. Ylahy göwnüňiz messury bolsun. Ylahy Täji han bardyr jahanda Seniň adyň gezsin külli jahanda. Bahakgy Seýidahmet, Şahymerdan Mukdyry bolsun saňa medetkär. Toýuň toýa ulaşsyn, ujy bize bulaşsyn. Gelinler pişme seçsin, oglanlar alyp gaçsyn. Gelin al-da çyrpy sal, Begres geýip begensin. Dördüsi el keteni, Tamam daraýy bolsun. Haram zatdan daş etsin. Halala ýoldaş etsin. Goýun ýaly köpelsin, Düýe ýaly tirkelsin. Tirkeş-tirkeşe degsin. Ala ýüpli sallançak, dört tarapdan üwrelsin. Sallançagy berk bolsun. Ogly-gyzy köp bolsun. Ogluň bilen orda bol. Gyzyň bilen guda bol. Toýly bolsun, taýly bolsun, Üsti ak öýli, jaýly bolsun. Hudaýdan gorkuly bolsun, Bendeden utançly bolsun. Il-güni bilen ýyldyzy alyşsyn. Giren öýüne mähriban bolsun. Ýagyş ýagar paýyr-paýyr, Çarwaýy heleý geçeňi aýyr. Atyň rysgy-alnynda, Düýäň rysgy-bilinde. Aş goşulsyn aşyňa, döwlet gonsun başyňa, Bedene kimin ýorgalap Hydyr gelsin gaşyňa, Toýa habarçy belläň-ilersi Garrygala. Aşak ýüzi Şagadam, Hywa, Mary, Buhara. Weýis baba, Pelwan ata, – Ýyldyz babanyň nesli Garry Alow pir bilen seniň toýuňa gelsin. Ezber aýy mübärek, toýuňyz gutly bolsun. Omyn! Uly il bilen bile elini ýüzüne sylyp «Omyn!» diýen Magtymguly eýýäm bu aýdylan täsin sözleri ýat tutupdy. Ol täze öwrenen zadyny-manyly hem sazlaşykly setirlerini öz ýanyndan gaýtalap-gaýtalap hezil etdi. Öz zehinine özi guwandy. Taýçanak ýaly syçyrap ýören oglanyň diýseň keýpi çagdy. Gelni kejebeläp alyp gaýtdylar. Dyzlaryna alty-altydan goza-goza jaň dakylan arwana şaňňyrdap gelýärdi. Bu şatlyk-şowhuna ýüregi hasam joşan oglan owsara ýapyşdy-da bütin göwresini ak arwananyň hereketine goşup, dähedem-dessem ýaýkanyp «Ýar-eý, jana» gygyrdy: «Bir köýnegiň bar daraýy, gyz-eý, jan-ow...» Kejebäniň töwereginde almagöz bedewlerini oýnadyp gelýän ýigitler onuň «o-o-ow»!-uny alyp göterdiler. «Jan diýdim, gardaş!» Olar kejebeni idekläp, aýdyma zowladyp gelýän şujagaz ýumruk ýaly oglanjygyň uzagyndan külli türkmene «Jan!» diýdirjek bagşy bolup ýetişjekdigini küýüne-de getirenokdylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |