20:31 Çuwal bagşy-4: Aýdyma öwrülen söýgi | |
AÝDYMA ÖWRÜLEN SÖÝGI
Aýdym-saz sungaty
Ynsanyň könül köşgüniň gurluşy şeýle. Göwnüňde mukaddes bir derejä ýeten syry äleme ýaýsaňam öne oňa seniň özüňden başga düşünjek adam ýokdur. Çuwal bagşynyň Bibi atly näzenin bir gyza aşyk bolandygy hakyndaky hekaýatam bagşynyň öz syry bolmagynda galýar. Sebäbi onuň Bibi gyza ýetmändigi barada biri «Gyzy satypdyrlar, adaglysyna zor bilen beripdirler» diýip, gürrüň etse, başga biri «Asla, Bibi atly gyz bolmandyr» diýip, tekrarlaýar. Ýöne her näme-de bolsa Çuwal bagşynyň öz göwün beren gyzyna bagyşlap «Bibi» atly ajaýyp adamy dünýä inderendigi hak. Ol bu aýdymyň heňinem özi düzüpdir. Ynha, şol aýdymyň sözleri şeýle (heňini ýatlap Çuwal bagşyň nagra tartyşyny göz önüne getirip görüň): Gamzaň ýeli degdi başa Haýran etdiň hanym, Bibi. Bizi goýup gitseň daşa, Akar gözden ganym, Bibi. Toty sypat, jeren gözli, Mylakatly, şirin sözli, Giň maňlaýly, güler ýüzli, Horram, hoş zybanym, Bibi. Gujak açyp, ganat gersem, Ýara umyt golum sersem, Her dem jemalyňy görsem, Karar tapar janym, Bibi. Ahy-zarym, herne barym, Bagy-bakja, alma, narym, Ezber sen wepaly ýarym, Gelse mähribanym, Bibi... Bu aýdymyň sözleri Baýly şahyryňky bolmaly. Magtymguly Garly «Meşrep» diýen halk sazynyň heňinde «Söwdügim» diýen aýdymy-da döretdi. Derýa ýaly joşup aýdýan bu täze aýdymynam ol Bibi gyza bagyşlapdyr diýip, ýaşulular gürrüň berýärler. Belki, bu hakykatdanam şeýledir. Her neme-de bolsa wysalyna ýetmedik Bibini bagtly görmeli, sebäbi aşyk, ussat bagşy öz söýgüsini gursagynda garratmandyr. Ol öz söýgüsini aýdyma öwürip ganatlandyryp goýberipdir... Onuň başdaş aýalynyň ady Orazgüldi. Ol onuň bile ösüp-ulalan obadaş gyzydy. Orazgülden bolan iki ogluny – Jejew bilen Annagulyny Çuwal bagşy ilhalar bagşy-sazanda edip ýetirişdirdi. * * * Çuwal bagşynyň şowsuz söýgüsi bilen baglanyşykly şeýle gürrüň bar. «Bibi», «Söwdügim» ýaly täze aýdymlary döredip, toýlarda öz söýgülisiniň şanyna aýdyma gygyrmagyny gyzyň garyndaş ugrunyň adamlary halamandyrlar. Olar bagşynyň kastyna çykypdyrlar. Bir sapar oňa toýda zäher berjek bolupdyrlar. Çaý diýip owurtlanyny gaýtaryp dökmäge ýetişipdir. Şonda onuň sesine zyýan ýetipdir. Başga bir çaklamada bolsa bagşynyň sesini sem etmek üçin oňa pelteli çyranyň tütüniniň gurumyny içiripdirler diýilýär. Pelteli çyrynyň tütünine düňderilip saklanan kese hakykatdanam iň uşak garyndy ýygnanýar. Onuň ses perdä ýapyşsa erbet etjekdigi ikuçsyz. Ýöne şu iki çaklamanyň ikisiniňem toslanyp tapylan gürrüň bolmagy ahmal, sebäbi bagşyny ýakyndan tanan adamlar, onuň dogan-garyndaşlary «Çuwal bagşa kast edilen däl bolmaly, ýöne onuň ýaş bagşy wagty sesiniň erbet garylandygy welin, çyn», diýip tassyklaýarlar. Şonuň üçinem ýokardaky aýdylan çaklamalaryň näderejede hakykata dogry gelýändigini aýtmak kyn. Aslynda-da belli-belli adamlar hakda rowaýat kysmy gürrüňler il içinde köp bolýar. Çuwal bagşynyň sesiniň duýdansyz ýitişi hem gaýtadan açylyşy hakynda Kaka etrapynyň Onbegi obasynda (Magtymguly Garlynyň dünýä inen obasynda) köp ýyllap mugallymçylyk eden ýaşy ýetmişe ser uran Meret Baýramow gyzykly gürrüň aýtdy. Oňa oba ýaşululary şeýle bir gyzykly wakany gürrüň beripdirler. ...Ýaňy adygyp ugran Magtymguly bagşynyň sen ýok-men ýok, sesiniň gyrylmagy Garly ussa bilen Ogul ejäni, olardanam has beter Çary çepbe bilen Gylyç bagşyny uly alada goýdy. Aýdym aýtmakdan-a geçen oňuň adam şekilli gepleşmäge-de ýagdaýy ýokdy. Iki halypa başardygyndan maslahat berdi, kem-käs em etdi, golaý-goltumdaky tebipler gelip gitdi, emma nämüçindir ýaş bagşynyň sesi açylyp gidiberenokdy. Bu ýagdaýa onuň özüniňem içi gysyp ýüregi ýarylara gelip barýardy. Ahyrsoňy Garly ussa ady belli Serpaly tebibiň ugruna çykdy. Ony tapyp, ýalbar-ýakar edip öz öýüne getirdi. Müň bir pirimli Serpaly tebip bokurdakdaky ses perdelerini arassalamagyň ören zerurdygyna göz ýetirdi. Ol derrew Garly ussa bir işegi soýmagy buýurdy. Ussa görgüli gapysyndaky ähli janlysyny soýmaga-da taýýardy. Mämmetguly işegi sähel salymda şakgalady. Serpaly tebip howlukman hünärine başlady. Ol buldurap duran guýruk ýagyny tabakda gyzdyrtdy. Soň ol ýagyň bir bölegini kiçijik jöwher pyçagy bilen kesip aldy-da ýüpek sapakly temenden geçirdi. Ýüpek sapaga berkidilen gyzgyn ýagy ol Magtymgula ýuwutdyrdy, soňam sapagy çekip bölek ýagy yzyna çykardy. Şeýdip bäş-alty sapar gaýtalady. Tebibiň öz hasabyna görä gyzgyn guýruk ýagy bokurdagy kemsiz arassalamalydy, eger ses perde gurum ýa-da şoňa meňzeş ýakymsyz närse ýapyşan bolsa, onda o-da ýaga ýapyşyp çykmalydy. Hekimiň emi em boldy. Bokurdagy açylyp, sesi ýaňlanyp ugran Magtymguly begenjinden ýaňa gözüne ýaş aýlady. «Entäk gepleme, sen gowy derläp ýatmaly» diýip, Serpaly tebip Ogul ejä unaş bişirmegiň zerurdygyny ýatlatdy... Serpaly tebip üç günden soň aklyk hökmünde sowgat berlen howutly-halykly düýäni tirkege alyp öýüne gaýtdy. Şeýdip ol sesi sähelçe garjaşyp, gaýtam nähilidir bir özboluşly öwüşgin alyp, aýdym-saz dünýäsine ýene-de gaýdyp geldi. ...Magtymguly bagşynyň eline sazyny alyp toýa gelmegine ene-atasyndan, halypalaryndan bäş beter uly il begendi. Näsaglykdan soň ilkinji sapar toýa çykanda onuň özüne göre märeke-de tolgunýardy. Ortada ýakylan oda golaý oturan bagşynyň egninde tüýi buýralanyp duran possun bardy. Ak sakally, mylakatly ýaşuly Amandurdy gyjakçy oňa çalaja yşarat etdi: «Başla». Ikisini-de ünsli nazaryndan sypdyrman oturan jemagat dutar-gyjagyň owazy zarňyldandan «Ýa, bissimylla!» diýip, gygyrdy. Mähelleniň tolkun atyp, aşyryp giden bu güýçli dilegi Magtymgulynyň gursagyna ynam bolup, kuwwat bolup ornady. Çuwal bagşy toý-märekäni, ilatam öz bagşysyny küýsäp giden eken. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |