20:45 Çuwal bagşy -8: Jüneýit han bilen duşuşyk | |
JÜNEÝIT HAN BILEN DUŞUŞYK
Aýdym-saz sungaty
Durmuşyň şeýle bir ýazylmadyk kanuny bar: halkynyň taryhynda yz galdyran belli-belli şahsyýetleri, eger olar döwürdeş bolsalar, ykbalyň öwrümli ýollary hökman bir saý-sebäp bilen duşuşmaga mejbur edýär. Şol duşuşyklary jikme-jik bilmek hemme kişi üçin gyzykly bolýandygy sebäpli bu gürrüňler uzagyndan syrly waka ýa-da rowaýata öwrülip gidýär. Gadymy Horezm ýurdunda Alili bagşy ady bilen giňden tanalyp ugran Magtymguly Garly-da graždanlyk urşy ýyllarynda garaşsyz döwlet gurmak maksady bilen ata çykan Gurbanmämmet serdar – Jüneýit han bilen birnäçe sapar duşuşmaly boldy. Bu ikisiniň azyndan dört gezek duşuşandygy jedelsiz taryhy faktdyr. 1919-njy ýyldaky ilkinji duşuşyk hakynda Çuwal bagşynyň dosty, egindeşi, gyjakçysy, Türkmenistanyň halk bagşysy Sapar Bekiýew Ýylanly etrabynyň «Moskwa» kolhozyndan ýaşuly Kerki Berdiýewe şeýle gürrüň beripdir. (Şu ilkinji duşuşyk hakyňda Çuwal bagşy Kaka gelende köp adama gürrüň beripdir). ...Şol gowgaly günlerde – 1919-njy ýylyň tomsunda Çuwal bagşy ilkinji sapar Jüneýit hanyňka – Bedirkende çagyrylýar. Şol wagt Amandurdy gyjakçy Kaka giden ekeni. Magtymguly gyjakçy tapman Öre şyhyň gyjakçysy bolan Sapar gyjakça «Şu gije ýanymda gyjak çal» diýip, haýyş edip bile alyp gidýär. Agşam gijesi bilen Jüneýit han bagşyny diňleýär. Ertesi gün doganda han «Indi bes edäýiň. Bagşa çaý-suw beriň» diýýär-de dik duran ýerinden «Alili bagşy erkek bagşymyka diýip, ýördüm weli, sen-ä heleý bagşy ekeniň. Seniň uzak gije aýdan aýdymyňda o dünýäden, aşyk-magşuklardan başga zat ýok. Hany türkmeniň batyrlygy» diýipdir. Çuwal bagşy: – Han aga, biz günäkär. Siziň batyrlyk aýdymlaryny halaýandygyňyzy bilmändiris – diýipdir. Han sesini çykarmandyr. Magtymguly gaty gysynypdyr. Sapar gyjakçam gorkupdyr. Bular idili çaý-naharam edinip bilmändirler. Han: – Bagşynyň sylagyny berip ugradyň – diýipdir. Bularyň horjunlaryna pul, çaý, mata salyp atlylar obadan çykýança ugradypdyrlar. Şonda olar «indi atar, şindi atar» diýip yzlaryna bakyp bilmän ýöräpdirler. Esli wagt geçip yzlaryna seretseler hiç kim ýoklugyny görüp ynjalypdyrlar. Ine, şonda biçak ýadandyklary, ajygandyklaryny, çaý içmänsoň kelleleriniň agyrýandygyny aňypdyrlar. Bagşy: – Sapar, şu töwerekde bir çaý içer ýaly tanyş-biliş ýokmy? Çaýsyz öldük-le – diýipdir. Sapar: – Golaýda Öre şyhyň öýi bar. Men barybir onuňka barmaly, şonda içäýeli – diýipdir. Şeýdip olar tirkeşip Öre şyhyňka barypdyrlar. Öre şyh Sapar gelmänsoň başga gyjakçy bilen toýa giden ekeni. Öre şyhyň aýaly çaý goýupdyr. Magtymguly çaýy öňüne alan wagty Öre şyhyň aýaly: – Sapar, bu kim? – diýip, sorapdyr. Sapar: – Bu Alili bagşy, biz munuň bileň bile Jüneýit, hanyňka gitdik, aýdym aýtdyk – diýipdir. Öre şyhyň aýaly bagşynyň iki dişiniň gädikligini gören ekeni. Ol: – Sapar! Dişlini taşlap, dişsize äre barypsyň, gutly bolsun – diýipdir. Alili bagşy Sapara sögünip, çaýy taşlap turupdyr. Aýalyň töwellasyna seretmän gidipdir. Ine, şondan soň Alili bagşy toýlarda köplenç «Görogly» eposyndan aýdym aýdypdyr. Tiz wagtdan «Daglar gümmür-gümmürlendi» diýen aýdymyny oňat işläp, aýdyp başlady – diýip, Sapar gyjakçynyň.hut özüniň gürrüň berenini Kerki Berdiýew ýatlaýar. Soň 1923-1926-1928-nji ýyllarda hem Jüneýit han Çuwal bagşyny diňläpdir. 1926-njy ýylda Jüneýidiňkide aýdym aýdanda, onuň ýanynda Atabaý keliň ogly Pirnazar gyjak çalypdyr. 1928-nji ýylda Orta guýuda hanyň goşunda aýdym aýdaňda onuň ýanynda Sapar Beki gyjak çalypdyr. (Bu gürrüňleri Atabaý keliň ogly Nury aga we beýleki ýaşulular gürrüň berdiler). 1928-nji ýylda Jüneýit hanyňkydan gaýdyşlary barada Çuwal bagşynyň öz öýünde beren gürrüňi meniň şu günki ýaly ýadymda. (Bu gürrüňi iki awtoryň biri Baýram Meläýew ýatlaýar). Olar Jüneýit hanyňkyda aýdym aýdyp gelenlerinden soň olary Ýylanly raýon GPU-a çagyryp gabaýarlar. Ertesi olary soraga çagyrýarlar. Naçalnik: – Siz neme üçin Jüneýit hanyňkyda aýdym aýtdyňyz – diýende bagşy: – Jüneýit han bir basmaçy, ol ýaragly adam iberýär, olaram bizi öňüne salyp alyp gidýärler. Baraňsoň aýdym aýtmasaň ölürjek. Biziň onuňkyda aýdym aýdanymyz-a çyn – diýipdir. – Bagşy sen gyzyllaryň tarapyndamy ýa-da aklaryň? – diýip sorapdyr. Bagşy: – Gyzyllaryň tarapynda – diýipdir. Soň naçalnik Sapar Bekiden: – Sen gyzyldanmy, akdan? – diýip sorapdyr. Sapar: – Men aklardan – diýipdir. Naçalnik Sapar Bekini eltip gabaň! – diýip buýrupdyr. Bagşy işiň çataklygyny görüp: – Muny beýtmäň, Sapar heniz ýaş oglan gyzyly, agy näbilsin – diýip, ýalbarypdyr. Saparam «Men dogrudanam bilemok» diýipdir. Soň naçalnik olary boşadyp goýberipdir. Ýolda Magtymguly Sapara: – Sen neme aklardan diýdiň, hökümet gyzyllar ahyry – diýipdir. Sapar: – Men aklar diýse günäsizlerdir diýip düşünipdirin – diýýär. «Men şol gezek tas gyjakçysyz galypdym» diýip, bagşy bizi gülüşdiripdi. 1923-nji ýylda Akýaýladaky Balişim guýusynda Jüneýit han bilen bolan duşuşyk hasam dartgynly bolupdy. Bu waka belli ýazyjymyz B.Seýtäkowyň «Çuwal bagşy» atly hekaýasynda çeper beýan edilipdi. Bize mälim bolan maglumatlara göre waka şeýle ýaýbaňlanýar. 1920-nji ýyldan soň Sowet häkimiýeti Hywada ornaşsa-da entek Jüneýit hanyň täsiri her ädimde duýlup durdy. Näçe kynam bolsa, Daşhowuz etraplaryňda sowet häkimiýeti kem-kemden ornaşýardy. Şol döwürde emeldarlaryň bir topary sowet hökümeti (Horezm Halk Respublikasy) üçin hem, Jüneýit han üçinem salgyt ýygnaýardylar. Şeýlelikde köp häkimiýetlilik ýaly bir ýagdaý dowam edýärdi. 1923-nji ýylda Garadaşlydan ýygnalan salgydy özi iýen Çary Hoja (Jüneýit han bilen kähudalaryň arasynda gezýän adam) Jüneýit hana: «Men höküwmede gulluk etjek. Jüneýit hana berjek zadym ýok» diýdi hem-de size erbet sögündi» diýip, oba ýaşulusy – Meret kähudany ýamanlaýar. Şonuň üçin Jüneýit han goşuny bilen Togalakdepäniň ýanynda düşläp, gije nökerleriniň bir toparyny oba iberýär. Nökerler Meret kähudany, onuň mürzesi Molla Çaryny tutup hanyň huzuryna getirýärler. Bir bölek nöker obadaky jaýlary otlaýar, mallary, öý-goşlary talaýarlar. Aýallardyr çagalaryň birentegi ýesir alynýar: Irden Meret kähudany, Molla Çaryňy hanyň huzuryna alyp gelýänlerini gören Çary Hoja: – Han! Olary gepletme, gepletseň köpçüligiň içinde size sögüp masgara eder. Meret kähudanyň siz barada talaňçy, basmaçy, gan içen, garakçy diýip başga-da aýdan gepi köp. Ony gepletseň masgara eder – diýýär. Han Çary Hojanyň puly özi iýenliginden, Meret kähuda geplese özüniň ýalançylygynyň çykjagyndan gorkýandygyndan habarsyz. Onuň aýdanyna ynanyp Meret kähudany, Molla Çaryny özüne ýakyn gelmänkä: – Itden çykaryň – diýip, buýruk berýär. Şol gezekki galogoply wakada Jüneýit han «Alili bagşyny alyp gaýdyň» diýip, bir topar atlyny ýörite iberýär. Nökerler ony toýdan alyp gaýdýarlar. Hut şol gözegem han öz şertini aýdýar. Bu şert – ölüm howply şertdi. Çuwal bagşa üç gije bir aýdanyny gaýtalaman aýdym aýtmak buýrulýar. Ody belentden gallaýarlar, gapdalda ýedi emin, garşyda – han, töwerekde – nökerler, ýetim-ýesir... Geçen gezekki duşuşykda han ony kemsidipdi, bu gezek welin, Çuwal bagşy köp-köp aýdym, dessan öwrenip ýetjek derejesine ýetip ýerdi. Şonuň üçinem ol howply. şerti berjaý etmege özüni taýýar duýýardy. Atabaý bagşy öz dutaryny oňa bagyşlap ak pata beripdi, Nazar bagadan, Saparbaý somakdan ol dessan, aýdym baryny öwrenip, bu halypalaryň «berekellasyny» alyp ýördi. ...Ol aýdyma başlady... Diňe bir töwerekdäkiler del, ýörite garawullyga bellenen nökerlerem durmaly ýerini taşlap onuň aýdymyny diňlemege gaýdýardylar. Serkerde Kakabaýyň gazaply tabşyrygy olara ker edenokdy. Çuwal bagşynyň aýdýan aýdymlary olaryň erkiňi elinden alýardy. Olar ýene-de ýuwaş-ýuwaşdan bärik süýşüp belent oduň başynda aýdym aýdyp oturan bagşa ýakyn gelendiklerini özlerem duýman galýardylar. Kakabaý dergazap bolup olary öne kowup goýberýärdi... Barybir olaryň küýi bagşynyň şirin owazyndady. Bagşynyň ýüpek ýele çalymdaş «Ýar eý, gele-e-eý» diýip ýaňlanyp ugraýan owazy belent gum depelerinden aşyrylyp gidýärdi. ...Bagşy hanyň şertini bitirdi, üç gije-gündiz gaýtalaman aýdym aýtdy. Dördünji güni gün guşluga galaňda çaý nahar üçin arakesme edildi. Ondan soň, Magtymguly ýene-de dutaryny düzüp aýdyma başlamaga häzirlendi: – Han aga, aýdybereýinmi? – Indi besdir bagşy, şerti kemsiz ýerine ýetirdiň. Ýöne meniň teklibimi diňleseň, oýlanyp görseň. Meniň ýanymda boluberseň nähili bolarka? Bagşy oýlandy. Dymdy. Hanyň soragyna jogap bermän uzak dymmak hem howpludy. Ol göwnüni bire baglap hana jogap berdi: – Han aga teklibiň gowy teklip. Ýöne, siz uruş adamsy, bu gün bu örde, ertir başga ýerde. Urşuň içine bagşy gelişmez. Kyn görmeseňiz maňa ilde bolmaga rugsat beriň. Han hem dymdy, soň: Bolýar. Sen dogry aýdýaň. Men seni ile goýbereýin. Menden başga neme dilegiň bolsa dile. – Meniň dilegim, han aga, ýesirleri boşadyp goýberseňiz. Olarda ýazyk ýok. – Bolýar bagşy, ýesirler azat. Soň oýlandy-da han nökerleriniň birine gygyrdy: – Getir. Bagşa bir don, telpek, dor at sylag üçin alyp geldiler. Gyjakça hem don, telpek sylag berildi. – Ine, indi gaýdyberiň. Ýagşy sag boluň. Olar ýesirler bilen goşulyp oba tarap gaýtdylar. Atylan Molla Çarynyň aýaly, ýaş gelin Täjigül Jüneýit handa ýesirlikde Magtymguly bagşynyň aýdym aýdyşyňy diňläp aňk bolupdy. Ol obada hem bagşyny diňläpdi. Ýöne şu ýesirlikde diňlenen aýdymlar ony Magtymgula bendi edipdi. Bagşynyň öz obalarynda – Kürtde ýaşaýanlygyny bilýärdi. Magtymguly hem oba gelýänçä gelniň hereketlerinden özüne bolan yhlasyny duýdy. Emma onuň näme maksadynyň bardygyna düşünmedi. Oýlanyp görmelidi. «Eger meni halaýan bolsa men bir ýurtdan başga bir ýurda gelen adam. Gelin atylan Molla Çarynyň aýaly. Onuň dogan-garyndaşlary nähili görerkä?» Ine, şeýle oýlardan soň oba gelindi. Birnäçe wagtdan soň obada goňşy garry kempiriň üsti bilen Täjigül: «Men Magtymgulysyz ýaşap biljek däl» – diýip, habar iberipdir. Bagşy birnäçe wagt geçensoň Allanur aga geňeşdi. Allanur aga oýlanyşyp oňa şeýle diýdi: – Onuň gaýyn tarapynda ony dakjak adamlary ýok. Men onuň ata tarapyndan hossarlary bilen gepleşeýin, eger ugra barsa saňa habar ederin. Allanur aga ol işi ýola goýdy. – Bagşy oglum, sen Täjigüli alsaň başga obada toý et. Nähilem bolsa türkmençilik, gowy däl – diýdi. – Men Arap obasyna göçüp baraýsam nähili bolarka? Ol ýere gel diýip ýörler. Gyjakçy Sapar Beki, Nazar gyjakçy çagyryp ýörler. – Ol hasam gowy. Şol ýere baragaý. Soňluk bilen bu ýere gelegaýarsyň. Iňe, şeýdip. 1924-nji ýylda bagşy Arap obasyna göçüp geldi. Toý edip Täjigüle öýlendi. Täjigülden onuň 1928-nji ýylda Muhy diýen ogly bolýar. Soň Ogulgül, Sarygül, Jumaguly, Baýramgül diýen çagalary bolýar. Öňki aýalyndan Jejew hem Annaguly atly iki ogly bolupdy. Olar ejesi Orazgül bilen 1942-nji ýylda Kakadan Arap obasyna göçüp geldiler. Şol ýyl bagşy Jejewi toý edip öýlendirdi. Jejewiň aýaly Kümüş belli bagşy Gurban Seýitmämmedowyň doganydyr. Ol häzir çagalary bilen Kakada, Onbegi obasynda ýaşaýar. Olar soň 1948-1949-njy ýyllarda ýene Kaka göçüp gitdiler. Jejew aýdym aýdyp, Annaguly gyjak çalyp, toý hem sowardylar, Annaguly gyjakçy häzir Kakada ýaşaýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |