10:58 Kerwensaraý kyssalary -1: Kerwen | |
KERWENSARAÝ KYSSALARY
Taryhy proza
1. Kerwen Owalbaşdan men size rowaçlygyň menzilgähine — türkmen topragyna ýol başlan kerwen hakynda bilýänje zatlarymy gürrüň bereýin. Lap edip aýtdygym däl, bu örän gyzykly gürrüň. Elbetde, bu gelşikli hem agramly, owadan hem owazly söz, göräýmäge göwni joşgunly adamy syýahata çagyrýan ýalydyr. Ýöne uzak ýola syýahata, sapara gitmegem hemme kişä başardýan zat däl. Nesibäňde bolmasa, gideýin diýeniň bilen gidibem bolmaýar. Hany, indi kerwen hakynda. Hawa, “kerwen” diýilýän düşünjä göz ýetirjek bolsaň, bu sözüň gelip çykyşyny derňäp, belli bir netijä geljek bolsaň, köp-köp kitaplaryň gatyny açmaly, pähimli-paýhasly gojalaryň, dana, alym kişileriň gürrüňlerini diňlemeli. Dürli ýyllarda çap edilen türki, pars, arap dilleriniň düşündirişli sözlüklerinde “kerwen” sözüniň gelip çykyşy hakynda biri beýlekisinden sähel tapawutly gysgaça düşündirişler berilýär. Şol düşündirişlerde ýükçi mallaryň, (düýeleriň, atlaryň, gatyrlaryň, kähalatlarda eşekleriň, öküzleriň) bir ýurtdan başga bir ýurda ýük äkitmek, syýahata ýa-da zyýarata gitmek ýaly maksatlar üçin ýörite düzülýän toplumlaýyn ulag hatarydygy aýdylýar. Emma biziň ata-baba aňymyza ornaşan düşünjä görä, çöl-sähralary aralap barýan üsti ýükli düýeleriň, iner-maýalaryň uzyn hatary kerwendir. “Kerwen” sözüniň gelip çykyşy barada oýlanyp, jedelleşip, köp gyzykly gürrüňleriň üstünden bardyk. Bu barada käbir sözlüklerde “kar” sözüniň pars dilindäki “iş”, «hünär”, türkmen dilindäki “kär” manysyny berýändigi hem-de “ban” sözüniň “adam” manysyny aňladýandygy aýdylmak bilen çäklenilýär. Emma şu iki sözi birikdireniňde “iş adamy”, “işçi” düşünjesi emele gelýär. Hakykatda welin, “işçi” ýa-da “işçi adam” diýmek “kerwen” diýlen düşünjäni bermeýär ahyryn. Aslynda, “kerwen” sözüniň gelip çykyşyny şol düşünjäniň özünden gözlemek dogry bolsa gerek. Bir ýurtdan başga bir ýurda syýahata, zyýarata ýa-da sapara gitmeli bolanda, adatça, şu günki günlerde-de türkmen dilinde “rowan bolmak” ýa-da “rowana bolmak” işligi ýygjam ulanylýar. “Ýola rowana bolmak”. Eger-de uzak ýola düşmek “rowan” sözi bilen düşündirilýän bolsa, onda “kerwen” sözi “kar” ýa-da “kär” hem-de “rowan” sözüniň birikmesinden ýüze çykýan bütewi bir düşünjäni esaslandyryp bilýär. Şundan hem “karrowan” - gepleşik diliniň kada-kanunlaryna görä “karawan” ýa-da “kerwen” sözüne öwrülip gidipdir diýen pikir orta çykýar. Şeýlelikde, bu söz “rowan bolmak käri”, “syýahat ýa-da sapar etmek käri” diýlen düşünjä eýe bolýar. Indi, yzyny diňläň. Men kerwen bilen baglanyşykly käbir biläýmeli zatlaryň gürrüňini etmekçi. Kerwene kerwenbaşy, örän tejribeli ýolbelet ýolbaşçylyk edipdir. Kerweniň iň soňundan ýöremek tabşyrylan adama “gözegçi” diýlipdir. Ýola rowana bolmaly wagt — sähet birnäçe gün öňünden belli edilipdir. Şonda gadymdan gelýän türkmen ýyldyz hasabyna görä sähet kesgitlenipdir. Kerweniň haçan, nirä ugrajakdygy hakda habar ýaýradylypdyr. Garagum çölüniň, şeýle hem biziň ýurdumyzyň howa şertlerine görä, tomsuň jöwzaly günleri kerwen ýola düşmez ekeni. Tomsuna diňe Ýaldyrak ýyldyzy (Sirius) dogansoň, (häzirki döwrüň senenama hasabyna görä, bu ýyldyz 8 — 9-njy awgustdan 11 — 12-nji awgusty aralygynda dogýar) on-on bäş güni geçirip, “Ýaldyragyň ýangyny” ýatyşansoň, ýol başlamak makul hasaplanypdyr. Gijelerine kerwenbaşy hiç haçan öz ornuny üýtgetmeýän Demirgazyk ýyldyzyny nazarlap, şoňa görä hasap ýöredip, ýol salgysyny ýitirmän, barmaly menziline ýetmegi başarypdyr. Her menziliň häzirki hasaba görä, 25-30 kilometr bolýandygy belli. Şoňa görä-de diňe şu aralyk geçilensoň düşläp, az-kem dynç almaga, mallary suwa ýakmaga, iýmlemäge, ýüke serenjam bermäge maý berilýär. Şu günki güne çenli köne ýollaryň ugrunda saklanyp galan gadymy ilatly mesgenleriň, kerwensaraýlaryň, düşelgeleriň, guýularyň aralygynyň ortaça 25-30 kilometre deňdigi tötänlik däldir. Munda dürs hasap bar. Olaryň hersiniň arasy bir menzildir. Elbetde, bu gürrüňçilikde Kerwengyran ýyldyzyny ýatlaman geçmek bolmaz. Ýyldyzyň şeýle atlandyrylmagy, ilki bilen, kerwenli ýurt aşmak, syýahat, söwda, zyýarat işlerini amal etmek däbiniň türkmende örän gadymdan gelýändigine güwälikdir. Onsoňam ýyldyzyň adynyň şeýle bolmagynyň sebäbi barada garry düýekeşler, sarwanlar bilen duz-emek bolan adamlar şeýle gürrüň berýärler: “Demirgazyk ýyldyzy dogar” diýip nazarlap barýansyň, emma şol ýerden Demirgazyk ýyldyzy dogmanka, şoňa meňzeş başga bir ýyldyz ýaldyrar. Şol ýyldyz ýalançy, aldawçy Kerwengyrandyr. Tejribesiz ýolbeletleriň biri ýalňyşyp, şol ýyldyzy nazarlap, uzak ýol geçip, çöl içinde kerweni azaşdyrypdyr, adamlar, mallar heläk bolupdyr. Şu wakadan soň oňa şeýle at goýupdyrlar. Demirgazykda durýan ýaly bolsa-da, ol ýuwaş-ýuwaşdan ornuny üýtgedip, ters ugra alyp gidýär... Demirgazyk ýyldyzy welin, misli gök asmana kakylan gazykdyr, üýtgemez. Onuň çep tarapynda iki sany biri-birine ýanaşyk ýaldyrap duran hemrasy bardyr. Olaryň biriniň, ady Gyrat, beýlekiniňki Dorat. Şu ikisi şol “gazyga” daňylan atlar ýalydyr. Deňje ýöräp, şol “gazygyň” daşyndan aýlanýarlar. Bu zatlary kerwenbaşy bilmese bolmaz-a... Kerwen hatarynyň düzümi kähalatlarda ýüz düýä çenli baryp ýetipdir. Şeýle bolanda muňa “agyr kerwen” diýipdirler. Kerweniň kiçi bölegi “tirkiş” ýa-da “tirkeş” diýlip atlandyrylypdyr. Ol adatça, ýedi ýa-da dokuz düýeden düzülýär. Biziň illerde ilkinji ogul öwladyna Kerwen, ikinji ýa-da üçünji ogluna Tirkiş ýa-da Tirkeş adyny dakmak däbi şu günki günlerde-de dowam edýär. Düýeler biri-birine tirkelende burny deşilip, şol deşikden “büýdi” diýlip atlandyrylýan taýajyk geçirilipdir. Il arasynda düýe janawaryň, ilki bilen, burnuny deşen Adam atadyr diýlen gürrüňem bar. Şol taýajyga — büýdä burunbagy dakylýar. Burunbagy öňdäki düýäniň guşgunyna ýa-da çemberine dakylypdyr. Tirkelen ýedi ýa-da dokuz düýeden bir tirkeş emele gelýär. Hataryň öňünde barýan ineriň boýnuna hem iň yzdan gelýän düýäniň boýnuna jaň dakylypdyr. Yspyhan, Bagdat ýaly şäherlerden getirilýän sary mis jaňlaryň ölçegleri dürli-dürli bolupdyr. Uly jaňa “düňk” diýipdirler. Çöl içinde, agyr ýollarda jaňlary ýygşyryp goýar ekenler. Ýa-da jaňlaryň “diline” zarňyldamazlygy üçin ýüň sarar ekenler. Diňe şäher — gala, kerwensaraý görnüp başlandan jaňlaryny jaňňyrdadyp, düňňürdedip öz gelýändigini aňdyrmak däbi soň-soňlara çenli saklanyp galypdyr. “Kerwen jaňyndan belli, adam — aňyndan” diýipdirler. Adatça, kerwene nätanyş adamy goşmanlar. Eger-de nätanyş adam goşulmaly bolanda, oňa kimdir bir ygtybarly kişiniň kepil geçmegi şert bolupdyr. Kerwen düzüminde aýal maşgala bar bolsa, onda onuň ýanynda hökman adamsy, kakasy, erkek dogany ýa-da daýysy — şulardan birden-biri bolmaly bolupdyr. Ýolçularyň azygy-suwy, ýaragy, däri-dermany we beýleki zerur zatlary üpjün bolmalydyr. Ýola düşmezden ozal bu zatlar jikme-jik barlanypdyr. Uzagara ýolçulykda suw aýratyn gözegçilikde, hemişe ünsde saklanypdyr. “Suwuňy suwa dök” diýilýän aýtgyny ýolçularyň döreden bolmagy ahmal. Tebibiň hem kerwenbaşynyň “halallyk” diýlip atlandyrylýan ýörite kümüş esbaby bolupdyr. Könelişen ýa-da şübheli suwy şol sap kümüş bilen halallap, suwuň içine kümüş taşlap, onsoň içipdirler. Tämiz hem dury suwa “kümüş ýaly” diýip ýöne ýerden aýdylanok. Kerwen bolup ýola düşmek hemişe-de hatarly, howply, töwekgelçilikli iş hasaplanypdyr. Şonuň üçin uzak ýoluň hupbatlaryna çydap biljek edermen, dogumly, ukyply adamlary ýol öz synagyndan geçiripdir. Agyr kerwende ýol eýesi — ýolbelet, mal eýesi — malbelet, dil eýesi — dilbelet, dilmaç, hal eýesi — hekim, tebipçilikden başy çykýan, hyzmata gaýym kişi — şu dört adamyň bolmagy hökmany şert bolupdyr. “Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz” diýlen nakyl kerwende asyl manysynda gelýär. Ýüküni göterip bilmedik ýagdaýynda ejizlän malyň ýüki nere ýüklenipdir. Sebäbi ýolda eglenmek tebigy şertleri kyn bolan çölde uly töwekgelçilikdir. Kerwenbaşy däbe görä, ýol başlamagyň öň ýanynda çörek paýlap, tagam dadyp, düýäniň piri Weýis babany, şeýle hem ýoluň piri Meşrep diwanany ýatlap, olaryň medetkär bolmagyny arzuwlap, doga-dileg edipdir. Kerwen hakynda oýlandygyňça uzak-uzak ýyllaryň aňyrsynda galan heňňam bilen deň gadam urup barýan agyr kerweniň sozulyp barýan sudury göz öňünde salgym atyp barýar... (Dowamy bar). Ahmet HALMYRAT, ýazyjy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |