16:48 Bäbekli gelin | |
BÄBEKLI GELIN
Goşgular
Mydam ýetikdigin aladasynyñ Duýdurar ýellenen gabagy bilen. Giñ dünýämiñ ýaraşygy gelinler, Has owadan akja bäbegi bilen. Iñ ezizi - balajygyn göterip, Köçä çyksa, köçelere görk berer. Obalarmyz şolar bilen görklüdir, Şäherlermiz şolar bilen görklener. Ak bäbekli bu owadan gelinler Wäşidir, halamaz sussypesligi. Olañ hersi öz ýigdiniñ döwleti, Hersi öý öýüniñ mukaddesligi. Goý, eşdilip dursun bäbekleñ sesi, Bäbek sesi bilen öwrülsin säher. ...Ömrümiziñ ajap dowam etmegi, Bäbek bilen gelin - bu goşa bahar. Orazdurdy ATAHANOW. | |
|
√ Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Soñudagy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Tebärek, Alla, eger dilber ise, anjak ola... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Nohuryñ / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Musanyň kelamy / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Galtak / Goşgular - 28.06.2024 |
√ Metamorfoza / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |