22:56

Ýaşap ýörün

ÝAŞAP ÝÖRÜN

Gatbar-gatbar ýyllaň gatlaryn ýyrtyp,
Geçse-de deňimden wagtyň her güni.
Men sizi müň esse söýerdim artyk,
Eger sähelçejik söýseňiz meni.

Gatbar-gatbar ýyllaň üstünden ýöräp,
Giderin men, yzda goýup ýyllary.
Mähir bilen elwan saçlaryn darap,
Yşkym ýakym bilen açsyn gülleri.

Güller açyp, günler içre ýaýnasaň,
Yşkyňam yşkymdan elheder alsa,
Ýüregiňde lowlap-lowlap gaýnasam,
Yşkyň ýüregime gaş kakyp gelse.

Söýgimi ýüregmiň çuňunda gizläp,
Seniň päkligiňi alnyma sylsam.
Näzijek güllerden keşbiňi gözläp,
Şolaň dünýäsinde ömürlik galsam.

Pynhan bolanynda, beýikdir söýgi,
Pynhanlyk — söýginiň iň gözel keşbi.
Juda ýakymlyja, näzijek duýgy
Ýakym-mähir bilen bezäp ýör yşky.

Yşkyň a:l öwüsip, güller açanda
Gelse ýüregime melhemli, emli...
... Ýaşap ýörün dünýämiň bir çetinde, Arzuwlarmyň hasyl bolarna çenli.

* * *

Sen meniň diregim, belki süýregim,
A, belki-de gybat-gepden goragym.
Yşkyň müň beladan goraýandygna Ynanmasaň,
ýüregimden soragyn.

Meňzetsemem seni Aýa, ýyldyza,
Meňzedemok gögerçine, gazlara.
Meňzeýärsiň kalbyň päkligi bilen
Iň ýönekeý, iň sadaja gyzlara.

Belki, seniň beýikligiň şondadyr,
Belki-de, ýüregiň päkligindedir.
Belki, uç-gyraksyz dünýäň ýüzünde
Seň ornuň tutjagyň ýoklugyndadyr.

Giň dünýäni has-da giňeldip bilýäň,
Mähirli ýylgyrşyň oklasaň eger.
Ümmülmez dünýäni daraldyp bilýäň,
Gujagymda eräp akmasaň eger.

Sen şeýle perizat, sen şeýle peri,
Şundan başga näme diýeýin, ýeri?!

Men seni şeýle bir owadan söýüp,
Ýaşap ýörün bu durmuşyň joşunda.
Menä-hä — Ýer şary, sen bolsa — okum,
Şol aýlanyp ýörün seniň daşyňda.

Orazdurdy ATAHANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 369 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Orazdurdy Atahanow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]