10:56 Öwezguly serdar | |
ÖWEZGULY SERDAR
Taryhy şahslar
Türkmen halky halk üçin, watan üçin, din üçin göreşen we bu mukaddes göreşe ömrüni, hany-manyny bagyş eden gahrymanlaryny hiç haçanam unutmaýar. Halkyñ hakydasynda ýaşap gelýän şeýle undulmaz gahrymanlaryñ biri-de Öwezguly serdardyr. • Öwezguly serdar kim bolupdyr? XIX asyrda ýaşap geçen Öwezguly serdaryñ kakasyna Saparguly diýipdirler. Saparguly aga barjamly, özüni oñarýan adamlaryñ biri bolupdyr. Onuñ maly köp bolansoñ ogly Öwezgula: "Hanha, malyñ, isle köpelt, isle sat, öz işiñ" diýip bir süri goýny inji berip biler ekeni. Öwezguly berlen maly köpelmek bilen meşgullanypdyr. Şeýle-de ol alamanlara hem sypdyrman gatnansoñ, alamandan düşen olja mallary bilenem sürüsiniñ üstüni ýetirip durupdyr. Öwezguly serdaryñ Baýramdurdy, Hojamguly, Annaseýit atly üç erkek dogany bolupdyr. Olar Gökdepe söweşine başdan-aýak gatnaşypdyrlar. Annaseýit şol söweşleriñ birinde şehit bolýar. Gökdepe weýrançylygyndan soñ doganlar bu ýerden gitmäge mejbur bolupdyrlar. Öwezguly serdaryñ Ýamanja atly birinji aýalyndan Saryja atly ogly, Gara, Hoşmuk, Jemal atly üç gyzy bolupdyr. Ýamanja aradan çykansoñ ikinji aýal alan serdaryñ soñky aýalyndan Sähetguly, Nazarguly, Kakaly atly ogullary, Amansoltan atly gyzy dünýä inipdir. Ikinji aýaly-da ýogalan Öwezguly serdaryñ üçünji alan Aýnabat atly aýalyndan Hudaýberdi atly ogly we alty gyzy bolupdyr. Öwezguly serdar Gökdepe urşundan soñ Büzmeýin obalarynyñ arçyny bolup işläpdir. Kaka pristawlygynda-da işläpdir. 1903-nji ýyllarda bolsa, Mukaddes Käbä gidip, Haj parzyny berjaý edip gelipdir. Ýaşulylar haja gidip gelenden soñra hiç ýerde işlemedik serdaryñ 1917-nji ýylda 84 ýaşlarynda aradan çykandygyny aýdýarlar. Şundan çen tutsañ, serdar 1833-nji ýylda doglan bolup çykýar. Öwezguly serdar Gökdepe ruslar tarapyndan alynandan soñ Orsyýet bilen tanyşmaga Peterburga giden üç adamyñ biridir (beýleki ikisi Dykma serdar, Gulbatyr serdar). Bu barada Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýewiñ "Dykma serdar" atly göwrümli işinde giñişleýin maglumat berilýär. • Ýetim oglanyñ hakydy... Ýaş wagtynda Öwezguly serdar bezzadrak bolupdyr. Bir gezek ol Gökdepe tarapdan bir adamyñ 6-7 sany düýesini ýolugra sürüp gaýdyberýär. Bilinmeýän zat ýok. Düýeleriñ eýesi mallaryny kimiñ äkidenini bilip, muny baryp Öwezgulynyñ kakasy Saparguly aganyñ dykgatyna ýetirýär. Öwezguly aga myhmana: - Men Öwezgula zada zar bolmasyn diýip bir süri goýun berdim. Eger şonda-da maldan gözi doýman siziñ düýeleriñizi sürüp gaýdan bolsa, onda... men oglumdan geçýän - diýipdir. Düýeleri süren Öwezguly Mara gidýär we kakasynyñ bu eden ogurlygyndan habarly edilendigini bilip yzyna köwlenip bilmeýär. Ol Marydaky serdarlaryñ ýanynda bolup, alamanlara gatnaşýar we baýlyk toplaýar. Günleriñ bir güni ol Mara gelen Ahalyñ serdarlaryna goşulyp, obasyna gaýdýar. Ol ýolda Çopan kirden kakasy bilen ýaraşdyrmagy haýyş edýär. Çopan kir Ahala gelýänça oña "bor-bor" diýip gelýär. Haçanda oba ýetenlerinde: "Hanha, şol görünýän siziñ öýüñiz, kakañam şol ýerdedir, baryber özüñ" diýip, göni geçip gidiberýärler. Bu ýagdaý Çopan kiriñem, beýlekileriñem Öwezgulynyñ şol eden işini halamandyklarynyñ alamatydy. Bu biri-biriñi talamagyñ gowulygyñ üstünden äkitmejek ýaramazlykdygyna bolan duýduryşdy. Nalaç galan Öwezguly ahyryn kakasynyñ huzuryna barýar. Onuñ işigi açyp, bosagadan sag aýagyny ätlänini gören kakasy beýlesine bakyp oturyberýär. Öwezguly aýagyny yzyna çekip gapyny ýapýar. Sebäbi mähriban atasy ony kabul etmändi. Şondan soñ Öwezguly niredesiñ Gökdepe diýip düýesi sürülen adamy razy etmek üçin ýola rowana bolýar. Düýesi sürlen adamam baý adam eken. Ol ilki gapysyndan geleni tanamandyr we Öwezgulyny Tañry myhmany hökmünde kabul edipdir. Janly öldürilip, myhmana söwüş edilýär. Öwezgulam habary alynýança sesini çykarman oturyberýär. Wagt geçýär, ahyryn myhmanyñ habary alynýar. Şonda Öwezguly: "Mundan pylança wagt öñ siziñ düýeleriñizi sürüp alyp gidipdim. Şol eden ýalñyşlygym üçinem sizi razy etmäge geldim" diýipdir. Garaşylmadyk söze birhili bolan öý eýesi "Hm-m" edip, birsellem dymyp oturýar. Soñam: - Türkmende "Göni gelen keýigiñ iki gözünden başga aýby ýok" diýilýändir, han ogul! Ýöne sen razy edeýin diýip, ýörite niýetläp gelipsiñ. Men indi senden razy, maña seniñ zadyñ gerek däl. Ýöne şol düýeleriñ içinde bir maýa bardy. Şol welin (daşarda oturan oglany görkezipdir), hol oturan ýetim oglanyñ paýydy. Şony razy etseñ bolany - diýipdir. "Ýetim oglanyñ paýy, ýetim rysgaly. Bu nähili beýle bolýarka? Bir ýetimiñ rysgalyny elinden alar ýaly şeýle pese gaçyp, şeýle ownaýdykmykak?!" Içinden şeýle pikir eden Öwezgulynyñ depesinden gaýnag suw guýlan ýaly bolýar. "Çopan kir dagy ýöne adam däl eken-ow. Beýdip bir-biriñ malyny sürüberseñ, ýetimiñem, öz güzeranyny zordan aýlaýan bendeleriñem malynyñ düşäýmeginiñ mümkindigini olar añýan eken-ä. Asyl Çopan batyr: Hanha, hol jaýda kakañ oturandyr, baryber" diýdi-de geçiberdi diýdim-le". Öwezguly ýerinden turup, şol oglanyñ ýanyna barypdyr we horjun doly gyranlaryndan gysym-gysym edip onuñ öñüne oklap ugraýar. Oglanjygyñ ýanynda garry enesi hem bar eken. Ol görgüli begenjine: "Bir düýäñ iki boldy balam, indi ondan razy bolaý" diýýär. Razylaşykdan soñ öý eýesi Öwezguly bilen gidip, ony kakasy Saparguly aga bilen ýaraşdyryp gaýdýar. • Öwezguly serdar diýen agam bardyr! Aşgabat şäheriniñ Büzmeýin obasynda ýaşan, 1912-nji ýylda doglan Hojaly Mämmet ogly öz atasy Pürli barada şeýle wakany gürrüñ beripdir: Gökdepe galasy synanda Pürli 15 ýaşlaryndaky ýetginjek eken. Gala weýran edilensoñ, Pürli atyna münüp, guma gaçýar. Ol gumuñ eteginde iki adamyñ atlarynyñ jylawyndan tutup, özara gürleşip oturanlaryny görýär. Gumda ýeke galan ýetginjek ol adamlary özüne höwür bilip, olaryñ ýanyna barýar. Pürli ýanlaryna gelenden, olar ýerlerinden turup, ýetginjegiñ ýanyna gelipdirler. Olaryñ niýetiniñ bozukdygyny añan Pürli gaçmaga synanyşanam bolsa, päliýamanlaryñ biri atyñ jylawyndan tutýar, beýlekisi bolsa elindäki ak saplyny ýetginjegiñ gursagyna aýlaýar. Goltugynyñ aşagy gyzyp giden we eline gan gelen ýigit aljyrap durşuna, özüni guma süsdürip, atyny alyp gitmekçi bolýanlara haýbat atmaga mejbur bolýar. Ol: - Meni ýekedir öýtmäñ, men ýeke däldirin. Yzymdan Öwezguly serdar dagy gelýär. Şolar bir gelsin bakaly. Onsoñ siz bilen görübiris - diýýär. Serdaryñ adyny eşden betpälleriñ saly gowşaýar. Pursatdan peýdalanan Pürli atynyñ böwrüne depýär we olardan arany açýar. Näme etjegini bilmänem göni yzyna - gala tarap gidýär. Ol "Yzymdan Öwezguly serdar gelýär" diýenem bolsa, serdaryñ gelýänini-de bilenokdy, geljegini-de... Ol muny agzyna gelşine görä aýdypdy. "Hudaý diýene Hudaý ýetirer" diýleni bolup, onuñ öñünden Öwezguly serdar çykaýsa näme! Pürli serdara bolan ýagdaýy bolşy ýaly aýdyp beripdir. Herniçigem bolsa, betpälleriñ pyçagy onuñ içine sanjylman, gapyrganyñ ýüzüni syran eken. Serdar Pürlini ýanyna alyp, betpälleri görmäge gidýär. Barsa, olar henizem şol duran ýerlerinde duranmyşynlar. Pürli gelşine oturanlaryñ biriniñ kellesinden gylyjy aýlap salýar. Ol kellesini sowanda gylyç onuñ omurdanyny aşak sallaýar. Serdar gaharly ýetginjegi köşeşdirýär we päli bozuklara garap: - Bigaýratlar, gaýratyñyz bar bolsa güýjüñizi gala baryp görkeziñ! Ol ýerde duşmanlar höküm sürüp ýör. Utanmadyñyzmy, ýumruk ýaly oglana degmäge - diýipdir. • Galadan çykyp urşalyñ... Öwezguly serdar Dykma serdar bilen ýakyn dost bolupdyr. Dykma ýaly Öwezgulam ilkibaşda ruslar bilen uruşmagyñ tarapdary bolmandyr. Maslahat geçirilende, Öwezguly serdar: "Ýagdaýy bolsa, uruşmajak bolalyñ! Ýogsa-da, galadan çykyp gideliñ we gaça uruş edeliñ!" diýenmişin. Galadan çykyp gitmek pikirini bolsa şeýle delillendiripdir: Serdaryñ aýalary guş guzlaýmaly diýilýän jaýryk-jaýryk eken. Ol maslahatda: "Galanyñ içinde bolmak orsuñ ýumrugynyñ içinde bolmakdyr" diýen manyda bir gysym bugdaýy eline alyp ýere sepipdir, soñ aýasyndaky jaýryklarda galan bugdaýlary görkezip, orslara eldäkini çöplemek añsat düşermi ýa-da ýere sepenimizi diýenmişin. Munuñ özi galadan çykyp urşalyñ diýmekdi. Ýöne ähli teklipler diñlenilse-de, ahyrsoñy galada galyp uruşmak kararyna gelinýär. • Öwezguly serdaryñ aýratynlyklary Serdar bolmak üçin sagdynlyk, ugurtapyjylyk, söweşjeñlik gerekdigi hemmä-de düşnüklidir. Gylyjy işletmäge ezber halk hasaplanylýan türkmenleriñ arasyndan serdar bolup çykaýmak añsat zat däl. Çagalykdan dogumlylygy bilen saýlanan Öwezguly düýe sürüp gidendigi üçin gören horluklary-da onuñ serdarlyk ukybynyñ kämilleşmegine öz täsirini ýetiripdir. Öwezguly serdar juda sagdyn adam bolupdyr. Ol ir bilen aýbogdaşyny gurup oturandan soñ, uzynly günläp dyzlaryny ýazman, aýaklaryny çalşyrman oturyp bilipdir. Ol Garagumuñ her garyş ýerine belet bolupdyr. Şonuñ üçinem ol atyñ üstünde barýarka: "Goýunlaryń aýak yzlaryny tapyp bilseñiz men size suw tapyp bereýin" diýer eken. Goýunlaryñ aýak yzlary göni hem gapdallaýyn, ýagny, bulaşygrak bolsa entek guýy daş diýer eken. Yzlar bir tarapa dogrulanyberse, has takygy, gönüleniberse suw ýakyn diýer eken. "Sen muny nädip bilýäñ?" diýenlerinde, ol şeýle düşündiripdir: "Yzlaryñ bulaşygrak bolmagy alty ganat ak öýüñ tärimi boldugydyr. Guýy bolsa tüýnükdir. Tüýnüge uguñ hemme tarapdan göni barşy ýaly, guýa-da mallaryñ aýak yzlary ähli tarapdan göni ýa-da dogry barýandyr..." Şeýle-de serdar ýerde ýatan goýun çörüni eline alyp, ony barmaklary bilen owradar eken. Ol şol çördäki nemjagazdan şol ýerden goýun sürüsiniñ düýnmi, bäş gün ýa-da on gün mundan öñmi, ýa-da bir aý mundan ozalmy, haçan geçendigini kesgitläp bilipdir. Mallaryñ aýak yzlarynyñ üsti bilen guýynyñ nirededigini bilmek - aýratyn zehinlilikdir we açyşdyr. Ýöne munuñ suwa bolan teşnelik zerarly mejbury ýüze çykan ukypdygynam unutmalyñ. Her hili ýagdaýda ýüze çykan ukybam bolsa, bu zatlary öwrenmek biziñ üçin parzdyr. Milli taryhymyzy doly dikeltmek üçin her bir aýratynlygy ünsümizden sypdyrman öwrenmek gerekdir. Orazdurdy ATAHANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |