10:18 Bagt bilen duşuşyk | |
BAGT BILEN DUŞUŞYK
Goşgular
«Bagt» diýenim geçip gitdi duşumdan, Ahmyr edip, uzak mahal naladym. Ähli tarap petiklenen ýalydy, Yş tapmadym halas boljak halatym. Daýanjym ýitirip, asylyp galdym, Gaçan ýaly boldum düýpsüz ummana. Gygyran mahalym sesim çykmady, Men mejbur galypdym diňe dymmaga. Ýogsam, bu zatlaryň ählijesi-de Bolup geçýär eken ruhy dünýämde. Hiç bir kişiň meniň bilen işi ýok, Başga-da bar eken aglap, diňýän-de. Bir günem duş geldiň ykbal ýolumda, Ol nokady hiç kim bellemän eken. Söýgi hakda eşitsemem kän gezek, Meň söýgimi hiç kim ellemän eken. Gördüm doglup bolýanyny täzeden, Açylan ýol bilen men öňe eňdim. Bagtyň hem söýginiň nämedigini Her dem ýatladyp dur goşa perzendim. ■ EJE Sen hakda juda kän zatlar aýdaryn, Sesimi çykarman dymyp otursam. Sen häzir uzakda, ýöne ýanymda, Eger-de gözlermi ýumup otursam. Men häzir eşidýän alýan demiňi, Duýýaryn men seň ýüregiň urgusyn. Tolgunyp, söz açsaň bir zatlar hakda, Duýaryn durmuşyň tutýan burgusyn. Ykbalyňy kitap ýaly okadym, Bilýärin, duşupsyň kän derde senem. Eger-eger gaty görüp bilemok, Käte bir ýerliksiz iňirdeseňem. Biz alty gyz — alty sany perzendiň, Elbetde, ýok maşgalada aga-ini. Ýöne ynanýaryn, ýalňyşlam bilen Artdyran däldirin saçyň agyny. Çagalarym maňa: «Eje» diýende, Beýik bagtdan paýly ene bolýaryn. «Eje» diýip, gujagyňa dolamda, Ýene şol öňki çagajyk bolýaryn... ■ ŞÜKÜR Soñky döwür bir ahwala duş gelýän, Ýatlamalar aýlanyp ýör düýnümde. Pynhanlyk hem syrly günler ýat maňa, Duşuşman ekenim tallaň düýbünde. Aşyk bolanymy duýan däldirler, Many alyp, ýeňil gopýan ökjämden. Belki, men aşygam bolan däldirin, Hat çykanok entek-entek bukjamdan. Meniň ýagdaýyma düşünmez her kim, Söýgi ýodasyndan sowlanlar biler. Biziň duşuşyga «ýaryş» diýlerdi, Woleýbol oýnardym oglanlar bilen. Elbetde, durmuşda her zatlar bolýar, Synaga döz gelmek — dyza çökmezlik! Hiç kimsäni geň galdyryp bilmersiň, Bolar iň gowusy gözýaş dökmezlik. Adatdaky ýaly alnyma ýazlan, Elbetde, bar kä ýerlerde ýalňyşam. Men ömrümden, men özümden razy, Çünki söýgüdenem paýym almyşam... Baýramgül POLLYÝEWA. | |
|
√ Moda hakda modasyz goşgy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Arassadyr / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |