17:48 Bagtly ene / hekaýat | |
BAGTLY ENE
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Köp çagaly, zordan güzeran aýlaýan bir maşgala bolupdyr. Çagalaryň ejesi her gün gündizine işe gidip, iňrik garalanda yzyna dolanyp gelipdir. Gelenden soňam ol çagalaryna nahar taýýarlapdyr, kir ýuwupdyr, içerini arassalapdyr. Elbetde, ol her gün öte ýadaýandygy sebäpli, gaharyna bäs gelip bilmän, öz çagalaryna köplenç jabjynyp, elini salgap, özbaşyna hüňürdäp, gargynjyrap, zeýrenip ýörüpdir. Ýöne, günlerde bir gün ol özüniň bolup ýörşüni halaman, çuň oýa batypdyr. Dogrudanam, onuň şunuň ýaly agyr durmuşda ýaşamagynda çagalarynyň näme günäsi bar?! Onsoň ol köp oýlanyp durman obalaryndaky iň garry ýaşulynyň ýanyna maslahat soramaga gidipdir. Barybam ol ýaşuludan näme edende öz çagalaryna gowy ene bolup biljekdigini sorapdyr. Parasatly gojadan geňeş alyp gaýdanyndan soňra ol zenan üýtgäpdir. Maşgalanyň gün-güzerany üýtgemese-de, zenanyň gazanjy artmasa-da ol mydama şähdaçyk gezmäge başlapdyr. Çagalaryna sebäpli-sebäpsiz azgyrylmagyny, gargynmagyny, bihuda gaharlanmagyny bes edipdir. Özem, gazanjy her näçe az bolsa-da mümkin boldugyndan puljagaz süýşürip, ol her hepdede bazara gidende çagalarynyňam her haýsyna bir sowgatjagaz getirip beripdir. Bazardan öýüne gelibem uly şowhun bilen çagalaryna getirenje arzanjak sowgadyny paýlapdyr. Soňra bolsa özem, çagalaryndan özüni bimaza etmezligi haýyş edipdir-de, öýüniň içki otagyna girip gapyny içinden kiltläp, birsalym otagdan çykman oturypdyr. Haçan-da otagdan çykanda bolsa onuň ýüzi-gözi durlanyp, ýylgyrjaklap çykypdyr. Çagalar ejesiniň ol otagda ýeke özüniň näme işleýändigi bilen gaty gyzyklanypdyrlar. Bir gezek bolsa, ejeleri bazardan gelip hemişekisi ýaly şol otaga girip gapyny temmelände, olar gapynyň yşyndan jyklap ejeleriniň näme işleýändigini ogrynça synlapdyrlar. Görseler, ejesiniň ýeke özi öňünde üç-dört sany süýji kemput goýup, çaý içip otyrmyş. -Eje, seniň edýäniň näme?! Bize süýji berjek dälmi?!-diýşip çagalar öýkeli gygyryşypdyrlar. -Ýuwaş, ýuwaş, çagalar!-diýip, ejeleri pinekläp kemputly çaý süzmegini üýtgetmän jogap beripdir:-Maňa azar bermäň! Men bu wagt siziň ejeňizi bagtly etmek bilen meşgullanýaryn! Internetden alnyp, terjime edildi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |