21:36 Bahadyr Ýenişehirliogly | |
BAHADYR ÝENIŞEHIRLIOGLY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Bahadyr Ýenişehirliogly, tanymal türk ýazyjysy, aktýor. Bahadyr Ýenişehirliogly 1962-nji ýylda Türkiýäniñ Akhisar säherinde doguldy. Ol Izmir şäher munisipialetiniñ başlygy Ýenişehirli Ahmet efendiniñ agtygydyr. Gelejekki ýazyjy liseýi tamamlandan soñ emperessionizmi içgin özleşdirmek üçin Pariže gitmekçi bolýar. Şonda ejesiniñ "kesik gulakly Wan Gog ýaly bolasyñ gelýärmi?" diýip igeneni üçin gitmegi goýbolsun edip, hukuk ugrundan bilim almagy niýetine düwüpdir. Bahadyr Ýenişehirliogly 1985-nji ýylda Türkiýäniñ "9-njy sentýabr" (Dokuz Eýlül üniversitesi) uniwersitetiniñ hukuk fakultetini tamamlandan soñ erkin aklawjy bolup işläp başlaýar. Şeýle-de bolsa ylma-bilme höwesek ýazyjy diñe aklawjylyk käri bilen çäklenmändir. Ýazyjy antropologiýa, sosiologiýa, dolandyryş hukugy, ýurisprudensiýa ýaly ylmy ugurlar boýunça barlaglar geçirmek maksady bilen Hytaý, Fransiýa, Ispaniýa, Şweýsariýa, Italiýa, Germaniýa, Awstriýa, Belgiýa, Angliýa, Gollandiýa, Bosniýa-Gersegowina, Çernogoriýa, Horwatiýa, Marokko, Tunis, Müsür, Eýran, Päkistan, Ysraýyl, Saud Arabystany, Iordaniýa, Siriýa, BAE, Bahreýn, Azerbaýjan ýaly ýurtlarda boldy. Aklawjylyk kärini taşlap 2011-nji ýylda çeper döredijilige ymykly baş goşan ýazyjy soñky wagtlaryñ iñ köp okalýan ýazyjylarynyñ hataryna girmegi başardy. Döredijilik işiniñ daşyndan aktýorlyk bilenem meşgullanan ýazyjy häzir "Paýtagt. Abdylhamyt" teleserialynda Osmanly soltany Abdylhamyt II-niñ iñ wepaly dosty we baş kätibi Tahsin paşanyñ roluny janlandyrýar. "Paýtagt. Abdylhamyt" teleserialyndan öñem "Ýedi ajaýyp adam" ("Yedi Güzel "Adam") teleserialynda Ysmaýyl begiñ, "Söýgi guşuñ ganatlarynyñ arasynda" ("Sevda Kuşun Kanadında") teleserialynda Hüsni sagatçynyñ, "Direniş Karataý" çeper kinofilminde Ratip Albaýyñ, "Wejihi Hürkuş" kinofilminde Alpdogan begiñ rollaryny oýnan ýazyjy aktýorlyk işinde hasam öñe gitjekdiginiñ yşaratyny berýär. Ýazyjy döredijiligini özüniñ www.yenisehirloglu.com edebi saýtynda muşdaklary bilen paýlaşýar. Birnäçe edebi baýragyñ laureaty Ýenişehirliogly maşgalaly we iki çagaly. ■ Romanlary 1). "Beyaz Usta Siyah Çırak" 2). "Kerime" 3). "Son Hasat" 4). "Aşk Cephesi" 5). "Aşk Çölü" 6). "Kanaviçe" 7). "Kara Güneş" 8). "Tahta At" 9). "Hünkârım" ■ Baýraklary - 2014 Yılı Magazinci Com İnternet Medya Ödülleri YILIN YAZARI ÖDÜLÜ - 2016 Yılı 2. Kızılay Kısa film festivali YILIN EDEBİYATÇISI ÖDÜLÜ - 2017 Yılı 3. Kızılay Kısa film festivali YILIN DİZİ OYUNCUSU ÖDÜLÜ - 2017 Yılı KTO Karatay Üniversitesi (Payitaht Abdülhamid dizisindeki Tahsin Paşa rolüyle) YILIN DİZİ OYUNCUSU ÖDÜLÜ - 2017 Yılı TÜGVA Yalova şubesinin Yılın en iyi dizisi Payitaht Abdülhamid dizisi Oyuncu Bahadır Yenişehirlioğlu Ödülü - 2017 Yılı 3. Mevlana Barış Kültür ve Sanat Ödülü. - 2017 Yılı Akdeniz Üniversitesi Gençlik Federasyonu YILIN EN İYİ DİZİ OYUNCUSU ÖDÜLÜ - 2018 Yılı FESTİCULTURE EN SEVİLEN SANATÇI ÖDÜLÜ (EUREXPO LYON FRANCE) - 2018 Yılı 15 Temmuz Romanı dalında (Kara Güneş) ALTIN KALEM ÖDÜLÜ (BCA TİMES (BOOK CULTURE ART TİMES) # www.yenisehirlioglu.com | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||