03:00 Bahana | |
BAHANA
Goşgular
![]() Aşyk-magşuk ýüzün sallap ýanaşyk, Bag astynda oý-pikire çümüp dur. Asmanyň hem gyzyň ýüzi gamaşyk, Dymyk howa ýaly, olar dymyp dur. Birden husyt asman atdy topuny, Buludyň öýkesi ýazyldy gitdi. Kineli göwünler açdy sepini, Ballyja dodaklar çyzyldy gitdi. Çeşmäň suwy ýaly durudyr ýaşlyk, Özümem ýaş boldum, ýetik aslyna. Onda bu men-menlik, bu gözi açlyk, Kimden miras galan adam nesline? Bu näme, horanlar gaty köpeldi, Göze-başa düşýär harsydünýäler. Häzir-ä giden ýok, iki köpünli, Öňküsinden üýtgäp ýörmi dünýäler. Kemine köneje donuny geýip, Baranmyşyn bir husydyň toýuna. Sylag-hormat edilmändir «gel» diýlip, Şahyr göwün ynjap gaýdan öýüne. Baranmyş ertesi täze don geýip, Çekilipdir altyn tabak öňüne. «Iý, donum» diýipdir mekirje şahyr, Çalaja ýylgyryp, garap ýeňine. Bizem şol husyt dek adamçylygy, Ölçeýän bolmalyň wezipe bilen. Dokçulykda azar adam gylygy, Ynsaby çalyşmaň, hapysa bilen. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |