08:04 Bahar gijeleri | |
BAHAR GIJELERI
Goşgular
Ýüpek ýel baglaryñ zülpün oýnaýar, Giñ sähranyñ atlaz gijelerinde. Hindi gyzy ýaly bolup, ýaýna, ýar! Hasam şöhlelensin gözlerim şonda, Giñ sähranyñ atlaz gijelerinde. Maña sary ylga, galgasyn öýmäñ, Dog sen, müdimilik batmajak aýym! Gözleriñe bakyp bolarmy doýmam?! Seni juda küýseýärin gün saýyn, Maña sary ylga, galgasyn öýmäñ. Durnagöz çeşme deý aýdyma başla, Näzik aýdymlaryñ dolsun ak sähra. Goý, kalbyñda saklanmasyn hiç bir syr, Hem göwnüñ bägül deý açylsyn barha, Näzik aýdymlaryñ dolsun ak sähra. Erkin bolup, unudaýyn dünýäni, Ýüregimiñ urgusyny diñle sen. Ene ýere siñýän nurly gün ýaly. Şadyýan keşbiñe siñeýin-le men. Ýüregimiñ urgusyny diñle sen. Men saña seredip ýazaýyn goşgy, Mähriñ müdimilik galsyn serimde. Ýüregimiñ dyñzap joş urýan yşgy Baky galar dünýäñ bu ýerlerinde, Giñ sähranyñ atlaz gijelerinde. Eziz YKBAL. | |
|
√ «Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Jojak zalym / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |