Söz manysyn biler bolsañ...
▶ BAKAN
Peýrewe gürrüñ yzçylyk hakyndaky söhbede syrykdy. Gürrüñe gatnaşyp oturanlaryñ biri:
- Men-ä yzçylygy ullakan bir sungatdyram öýdemok. Sebäbi edil adamyñ barmagynyñ yzy ýaly bir düýäniñ yzy ikinji bir düýäniñ yzyna meñzemeýär. Özem hemme tapawut bakanynda - diýdi.
Oturanlaryñ biri eşitmedimi ýa anyklasy geldimi:
- Bykynynda diýdiñmi? - diýip sorag berdi.
- Ýok, bykyn diýemok, "bakan" diýdim. Näme bilmeýäñizmi, malda bykyn başga, bakan başga zat ahyry - diýip, gürrüñ berip oturan hetjikläp gaýtalady.
Bakanyñ nämeligini bilmeýän kän ekeni. "BAKAN" çarwaçylyk, maldarçylyk bilen meşgullanýan ýerlerde işjeñ ulanylýan söz. Özem düýe, at, eşek, sygyr ýaly iri mallar babatynda ulanylýar. Çarwaçylyk bilen meşgullanýan obalarda bu sözüñ manysyny düşündirip oturmagyñ hajaty ýok. BAKAN sözi käbir şiwelerde "BAKALAK" görnüşinde hem ulanylýar.
■ Eýsem, BAKAN näme?
Düýe, eşek, at ýaly haýwanlaryñ toýnagynyñ aşagynyñ yz tarapynda çukurjyk bar. Ana, şol çukurjyga hem "Bakan", kähalatlarda "Bakalak", "Bakan çukur" diýilýär. Ýeri gelende aýdylsa, düýäniñ dabanyndaky ýumşak ete hem "bakan eti" diýilmesi bar. Düýäniñ bakan eti, malyñ dili, bagry, öýkeni ýaly özboluşly tapawutlanýar. Bakan etinden ýöriteläp nahar bişirýän adamlar hem bar. Bakan çorbasynyñ kellebaşaýagyñ ýa-da beýleki çorbalaryñ tagamyna meñzemeýän özboluşly tagamy bar.
Bakan sözi diñe maldarçylyk, esasanam, çarwaçylyk bilen meşgullanylýan ýerlerde işjeñ ulanylýar.
Şöhrat ABDYÝEW,
žurnalist.
# turkmendili_2016
Türkmen dili