10:23 Balygyň howsalasy | |
BALYGYŇ HOWSALASY
Goşgular
Şor ummanda ýüzýär balyk, Pikirleri alasarmyk... Hasratdan doly gursagy, Ätiýaçly her pursady, Bilýär hile gurulýanyn, Iki ýana urunýar ol aldanmajak bolup hilä, Ýogsa bilibem baranok, Hile alyp gidýär nirä. Pikir ýöredýär ol her hal, Howsalasy artyp barha: "Ahyr çeňňege düşer men, Meger gazanda bişer men, Gazanda bişsem owarram, Şonluk bilen bolarn tamam. Ýöne, eger saýlamakçy bolup, meni bir balykçy Alyp gitse ol giň ülkä, "Bakylyk" diýen ertekä, Şonda nähili bolarka? Göz öňüme gelýär görnüş, Süýji suwly ajap durmuş. Bag-bakjaly, ir-iýmişli, Dag-daşy dürli görnüşli, Ne tory bar, ne böwedi, Ýaşamalymyş ebedi, Ýöne, beýle soňsuzlygyň, Nämedekä ähmiýeti?.. Göz öňümde düýpsüz umman, Soňuna çykmasy güman. Göýä tükeniksiz gije, Has hem düşüniksiz bije". ...Şor ummanda ýüzýär balyk, Pikirleri alasarmyk. 08.04.2017 Resul ORAZOW. | |
|
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Halal-haram kim baka / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |