13:54 Bardyr | |
BARDYR.
Goşgular
Beýik Magtymgula. Syrly bolşy ýaly çarhy – pelegiň, Seniň dünýä beren syrlaryň bardyr. Taraşlap şaglatdyň köňle geleniň, Şuglaly Gün deýin nurlaryň bardyr. Watan üçin jyda düşdüň haýryňdan, Ýanyp – köýüp Meňli gyzdan aýryldyň. Çagyrdygyň Dehistanyň baýryndan, Seniň arka dirän pirleriň bardyr. Ýel bolup ýüwürdiň Ýeriň damarna, Nazaryň ýetişdi Arşyň kemerne. Alla duş eýledi seni keremne, Şahymerdan kimin pirleriň bardyr. Ser belent gaýalar duman içinde, Paýhasdyr parasat kelam içinde, Gymmat baha daşlar umman içinde, Umman deý kalbyňda dürleriň bardyr. Arzuw edip gelnen arkama – arka Şol döwleti gurup ýetdik biz bagta. Türkmen beýik oglun çykardy tagta, Sarsmaz döwlet guran ärleriň bardyr. Şahyr waspyň edýär goly syýaly, Hasyl boldy beýikleriň hyýaly. Jennete öwrüldi türkmen diýary, Gursagy joşgunly hüýrleriň bardyr. 1-2.03.2003 ý. Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |