14:11 Bedew suraty / hekaýa | |
BEDEW SURATY
Çagalar edebiýaty
Mekdebiň müdiri okuwçylaryň arasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, türkmeniň milli gymmatlyklaryny beýan edýän temada surat çekmek boýunça bäsleşik yglan edilýändigini aýdyp, oňa ýaş suratçylary gatnaşmaga çagyrdy. Bu hoş habary eşidip, Azadyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Onuň ýaşajyk kalbynda bu bäsleşige gatnaşmak höwesi bada-bat döredi. Begenjinden hemmelerden öňürti çapak çaldy. Şol gün Azat mekdepden öýlerine guş bolup uçup gaýtdy. Ol eline kagyz-galam alyp, surat çekmekçi bolanda, nämäniň suratyny çekjegini bilmän, biraz wagt pikir derýasyna çümdi. Garaşsyzlygyň, Bitaraplygyň ýalkymy eziz Diýaryň her bir künjeginde dogup gelýän Günüň altyn şöhlesi ýaly lowurdaýar. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döredip, mukaddeslik derejesine göteren gymmatlyklary bagtyýarlyk döwrüniň tagty-täji bolup, nur saçýar. Zemin bilen asman arasy durşuna gözellige beslenen. Olar seniň kalbyňy ýyladýar, göwün guşuňy al-asmana göterýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özboluşly sazlaşygy şirin mukam bolup, gulagyňda ýaňlanýar. Munuň özi gudrat. Azat olaryň haýsyny naýbaşy edip aljagyny bilmedi. Olar biri-birinden ajaýyp, biri-birinden owadan. Birini goýup, beýlekisini alar ýaly däl. Hany, onsoň saýla-da, ökde bolsaň! Ol alasarmyk ýagdaýda köp gezdi. Azat bu günem okuwdan gelip, çaý-naharyny edindi-de, telewizora tomaşa etmäge oturdy. Ine, şol wagtam mawy ekranda ahalteke bedewleri hakynda gepleşik başlandy. Ekranda gamyşgulak bedew atlara gözi düşende oglanjyk birgeňsi tolgunyp gitdi. Olary öňe omzap-omzap, içgin synlady. Ahalteke bedewleriniň özüne çekiji mähirli keşbi ýüregine has ýakyn duýuldy. Olaryň ajaýyp keşbini synladygyça, kalbyna ýylylyk melhemi çalnan ýaly boldy. Bedewleriň syratly, uz-owadan keşbi, seýkin basyp ýöreýişleri, täsin sazlaşykly hereketleri oglanjygyň bulaşyk pikirlerini başyndan sogrup alana döndi. Kalbynda bütinleý täze pikir emele geldi. Behişdi bedewe bolan mähir-muhabbeti dolup-daşdy. Onuň keşbini döretmek höwesi kalbyny gaplap aldy. Şol gün agşam uzakly gije Azadyň göz öňünde ahalteke bedewiniň owadan keşbi janlandy durdy. Okuwda-da onuň küýi-pikiri şol boldy. Azat mekdepden öýe gelen dessine, çaý-naharyny gyssagly iýdi-de, atçylyk sport toplumyna tarap ýola düşdi. Bu ýerde oňa ilki pete-pet gelen ak sakgally goja seýis boldy. Ol: –Hany, jigim, aýak çek. Nirä howlugyp barýarsyň?! — diýip, Azady saklady. Ol gojanyň ýüzüne tiňkesini dikip, çekine-çekine, salam berdi. –Essalamwaleýkim! –Waleýkimessalam, ugur hanjak? Hiç kimden soraşman, howla gireni üçin käýär öýdüp gorkdumy-nämemi, oglanjygyň endamyna galpyldy aralaşdy, ýüzi boz-ýaz boldy, özüni ýazykly hasaplady. –Aý, m-men, n-neme, şu ýere geldim — diýip, sakanaklap, kiçijik gözlerini uçganaklatdy. Goja Azadyň aljyranyny aňyp, mylaýym äheňde soragyny dowam etdirdi: –Bu ýere birini görmäge geldiňmi?! –Ýok. –Belki, at münmäge gelensiň?! Ýok. –Be, sen-ä meni geň galdyrdyň. Hany, onda aýt, näme üçin geldiň? Ýogsam, meniň ýüregim byjyklap alyp barýar — diýip, goja ýüz-gözüni güldürdi. Onuň açyk ýüzüne gözi düşüp, Azadyň ýüregine rahatlyk aralaşdy, arkaýyn gürledi: –Men ahalteke bedewlerini synlap, suratyny çekmäge geldim. –Suraty oňat çekip bilýärmiň? –Hawa, her gezek çeken suratyma mugallymym bäşlik baha goýýar. –Näçenji synpda okaýarsyň? –Ýedinji. –Seni bu ýere kim iberdi? –Özüm geldim. –Özüň-ä dogumly oglana meňzeýärsiň. Ýogsa-da, atyň suratyny çekip näme etjek?! –Mekdebimizde surat bäsleşigi yglan edildi. Şoňa gatnaşyp, baýrak alasym gelýär. –Gowy arzuwyň bar. Hökman baýrak alarsyň. Menem bütin ömrümi atlar bilen geçirdim. Men olara şeýle bir öwrenişipdirin. Bir gün görmesem, içim gysyp alyp barýar. Ýör, men seni bedewler bilen tanyşdyraýyn. — Haý, berekella! Gör, sen nähili akylly janawar — diýip, Aşyr aga onuň maňlaýyny, ýalyny sypalady-da, sözüni ynamly dowam etdirdi. — Edil üşükli adam ýaly, hemme zady duýýar. Özüni sabyr-takatly alyp barýar. Altynsow öwüşginli mele at Aşyr agany görüp, başyny silkäp-silkäp hokrandy. Çarpaýa galyp, birgeňsi ýakymly kişňedi. Birsalym eýläk-beýläk pyrlandy. Aýaklaryny täsin hereketlendirip, ýer peşedi. Soňam buýsançly başyny aşak ýokaryk yralady-da, ýuwaş-ýuwaş öňe süýşüp, hoşamaý nazaryny dikip durdy. Aşyr aga: –Ürkeklik, depek ýaly häsiýetler oňa ýat. Iýmitem artyk-süýşük iýmez, geregini iýer... –diýdi. Aşyr aga her bir atyň ýanyna baranda, onuň bilen içgin-içgin bakyşyp didarlaşýardy, hal-ahwal soraşyp, öz dilinde düşünişýärdi. Soňam janyndan syzdyryp, bedew barada joşup-joşup, gürrüň berýärdi. Şol wagt onuň ýygyrt atan ýüz-gözleri gülüp, kalby buýsançdan dolýardy. Oglanjyk gojanyň her bir sözüni durşy bilen gulaga öwrülip diňledi. Azat bedewler barada köp zat bilýändirin öýdüp çaklaýardy. Ol öz çaklamasynyň ýalňyşdygyna göz ýetirdi. Onuň bilýänleri ýaşulynyňka garanda hiç zat bolup çykdy. Indi başgaça, edil bilgiçleriň dünýäsine düşen ýaly, onuň ýaş kalby türkmen bedewi barada ummasyz täsinliklerden püre-pürlendi. Bedewleriň diňe suratyny çekmek däl, eýsem, olar barada uly kitap döredip boljakdygyna akyl ýetirdi. Azat bedewiň her demde birhili röwüşde owsun atýan syrdam, owadan kaddy-kamatyna, mylaýym bakýan nerkes gözlerine teşne mähiri bilen seredip, ondan gözüni aýryp bilmän, köp durdy. Atyň bimar ediji täsin jadysy bar ýaly, köňül syrlaryny yzarlap, oglanjygy çuň oý-pikire batyrdy. Türkmen bedewi! Seniň kalbyňa ata-babalarymyzyň ruhy siňipdir. Sende türkmen milletine mahsus agraslyk, sabyr-takatlylyk bardygyny her bir hereketiňden aňmak bolýar. Namysjaňlygyňy, wepalylygyňy belent başyňy buýsançly tutuşyňdan bilmek bolýar. Özüňe erk etmegi başarýandygyňy ynamly ädim urşuňdan duýmak bolýar. Seniň kalbyňam päk. Ony seniň mähir ummany ýaly tolkun atýan owadan gözleriň aýdyp dur. Sen tüýs behişdi bedew. Gözellikde, ýyndamlykda saňa taý ýok bolsa gerek. Seniň uz-näzik görnüşli syratyň gözelligiň nusgasy. Sen bütin külli türkmeniň göz-guwanjy, uçar ganaty. Sen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň älem ýyldyzynyň kuýaşy-nury bolup, şöhle saçýarsyň. Sen milli Tugramyzyň bezegi. Tugramyzda ajaýyp keşbiň müdimi ýalkym saçýar. Sen Tugrada türkmeniň arassalygynyň nyşanysyň, erkinliginiň ölçegisiň. Sende türkmeniň nurana şu güni, röwşen geljegi, tutuş milletiň güýç-kuwwaty jemlenendir... Azat her gün okuwdan soň gün sypdyrman, atçylyk toplumyna gatnady. Gününi ýaşyrybam, öýlerine gaýtdy. Onuň kä günler kagyza reňk degirmän, diňe atlary synlap gaýdýan saparam boldy. Ol bu gezek bedewiň diňe daşky keşbini däl, eýsem, onuň içki duýgularyny hem keşbe geçirmek üçin reňkler dünýäsiniň içine çümdi. Birbada çylşyrymly reňkler dünýäsinden baş alyp çykmak oglanjyga ýeňil düşmedi. Hyýalynda çekip oturan suratyny içgin synlap, çotgasyny eýläk-beýläk ýöredip gördi. Hernäçe çytraşsa-da, şekiller onuň göwnünden turanokdy. Nämedir bir zatlar ýetmeýän ýaly bolup durdy. Azat näme etjegini bilmän aljyrady. Esli wagtlap böwrüni diňläp durdy. Kellesinde garym-gatym pikirler ikiýana at çapdy: «Näme etmeli?! Surat çekmegi goýbolsun etmelimi ýa-da surat mugallymyny kömege çagyrmalymy?! Aý, ýok. mugallymdan kömek soramak aýyp bor. Bäsleşikde her kim öz başarnygyny görkezmeli. Başaraňokmy, goý surat çekmäňi! Ýogsam...» –Azatjan, arma-da! Oglanjyk tisgindi, ýalta yzyna öwrüldi. Görse, goja seýis gözlerini güldürip dur. Azat birbada pikirinden aýňalyp bilmän, aňk-taňk boldy. Birdenem: –Hä, Aşyr aga, salamwaleýkim! — diýip, ysgynsyz seslendi. –Waleýkimessalam, gurgunmy? Işleriň nädýär, şowunamy? –Aý, bolýar. Aşyr aganyň göwnüne ýaş suratçynyň jogabynda, birhili, sowuklyk syzylan ýaly boldy. Goja onuň ýüz-gözünde-de üýtgeşik ýagdaýyň bardygyny aňyp, soragly nazaryny dikdi: –Azat jan, bu gün, birhili, keýpiň ýoga meňzeýär. Biri göwnüňe degen däldir-dä, hernä?! –Aý, ýok. –Onda-da, bir aladaň-a bar. Çekinme-de, aýdyber! Belki, meniň kömegim deger. –Reňkleriň sazlaşygyny başaryp bilemok. Surat çekmegi goýbolsun etjek — diýip, Azat müýnli ýagdaýda boýnuny aşak egdi. –Şeý diýsene! — diýip, Aşyr aga köpmanyly dymdy-da, az salymdan sözüne agram salyp gürledi: –Azat, oglum, sen başda bir işi höwes bilen ýüregiňe düwdüňmi, ony soňuna çenli alyp çyk! Ejizlik saňa gelişýän däldir. Özüň ýaşam bolsaň, sende dogum-gaýratyň bardygyny gözleriň aýdyp dur. Könelerimiz: «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýipdirler. Yhlas bilen ýapyşsaň, bitmejek iş bolmaz. Şuny hergiz ýadyňdan çykarma! Menden saňa nesihat! Şondan soň Azat aýgytly karara geldi. Gümürtik oý-pikirleri bir gyra taşlady. Bar ünsüni bir ýere çugdamlady: «Suraty çekip, hökman bäsleşige gatnaşmaly. Ýeňijem bolmaly». Ol reňkleriň sazlaşygynyň syrlary barada surat mugallymynyň öwredenlerini ýekän-ýekän aňynda gaýtalady. Her bir keşbi döretmegiň başlangyjyny çintgäp-çintgäp yzarlady. Şeýdip, bir hepdeden gowrak irginsiz gözledi, tapdy, işledi. Azadyň ylhamy kem-kemden tolgundyryjy owaz bolup, durşuna gudratly mukama öwrüldi-de, üýtgeşik ýakymly joşgun bilen gaýnap çogdy. Reňkler iň näzik duýgular bilen garyşdy. Oglanjyk reňkler dünýäsinde ine-gana gulaçlap ýüzdi. Gizlin syrlar çözlenip, gapylar öz-özünden açyldy. Gün-günden şekiller owadanlaşyp, behişdi bedewiň ajaýyp keşbi döräp ugrady. Buýsançly başyny belent tutup, syçrap, inçeden uzyn aýaklaryny çarpaýa galdyryp, gulaklaryny keýerdip, gözlerini uçganakladyp, kişňäp duran owadan dal bedewiň keşbi dünýä mähir paýlap durana meňzeýärdi. Azat çeken suratyny dykgatly nazary bilen gaýta-gaýta oturyp-turup, öňe-yza süýşüp, köp synlady. О ýerini-bu ýerini emaý bilen sypalap-sermeläp gördi. Surat kemsiz-köstsüz lowurdap dur. Oglanjyk özüniň göwün nagşynyň ýerine düşendigine begenjinden iki bolup bilmedi. Suratdan gözüni aýryp bilmän, şadyýan bakyp durşuna içinden süýji-süýji göwün ýüwürtdi: «Gyssanyp, ownuk-uşak kemçilik goýberen bolmaýyn. Ýene iki-üç gün sünnäläp, gowy ýugrumyny ýetireýin. Şondan soň bäsleşige hödürläýin. Baýrakly orna mynasyp bolsa, gör, nähili hezillik bolar. Hemmeler meni ýeňiş bilen gutlarlar. Adym dillerde mukam bolup ýaňlanar». Bu gün dynç güni bolansoň, oglanjyk uzakly gün dümtünip işledi. Gün özüniň äpet göwresini ýere sallap ugranda, ol işini boldum edip, uludan demini aldy. Maňlaýyndaky burçak-burçak derlerini köýneginiň ýeňi bilen sylyp, ellerini ikiýana uzadyp, gerinjiredi. Üstünden agyr ýük aýrylan ýaly, özüni ýeňil duýdy. Azat suratyny usullyk bilen goltugyna gysdyrdy-da, Aşyr aganyň bolýan ýerine bardy. Goja seýis esli wagtlap sesini-üýnüni çykarman, suraty siňe synlady-da: –Ahalteke bedewiniň hakyky keşbini döredipsiň. Berekella, gutlaýaryn! Saňa ilkinji baýragy — at münmäge rugsady özüm berýärin. Indi bedew at seniň hemişelik dostuň boldy — diýip, oglanjygyň elini mäkäm gysdy. Onuň göwün mülki şatlykdan doldy. Azat atyň golaýyna barman, birbada kürtdürip durdy. At ondan birjigem ýadyrgamady. Gaýtam, birgeňsi hokranyp, mylaýym kişňedi-de, mähir derýasy ýaly owadan gözlerini dikip, sessiz-üýnsüz ýerinden butnaman durdy. Oglanjyk onuň hereketinden dostluk mähirini duýdy. Atyň üstüne münende, üýtgeşik dünýä gelen ýaly, Azadyň ýaşajyk kalbyny täsin duýgy gaplap aldy. Begenjinden ýylgyryp, erni bir ýere gelmedi. Ýüregi gürsüldäp, ýaryp çykjaga meňzedi. Özüni şa tagtyna çykan hasaplady. Jylawy gowşatdygyça, at öňe owsun atyp, ýyldyrym çaltlygynda howany kesip başlady. Oglanjyk al-howada ganat baglap, uçup barýana döndi. Azat şol gün at münüp, keýpden çykdy. Umyt-arzuw bilen garaşylan aýgytlaýjy pursat ýetip geldi. Hemmeler mekdebiň öňündäki meýdança ýygnandy. Olar kimiň ýeňiji bolup biljekdigi hakynda alaýaz bolup jedelleşýärdiler. Azat hiç kime goşulman, aýagy oda bişen ýaly, duran ýerinde zowzanaklap durdy. Ol güýçli tolgunýardy. Ýüregi atygsap, gürs-gürs ses edýärdi. Içinden şol bir soragy yzygiderli gaýtalaýardy: «Kim ýeňiji bolarka?» Ine mekdebiň müdiri münbere çykdy. Ol: –Bäsleşigiň baş baýragyna mekdebimiziň ýedinji synp okuwçysy Azat Geldiýewiň çeken «Bedew» diýen suraty mynasyp boldy. Ol Awazadaky çagalaryň dynç alyş merkezine ýollanma bilen sylaglanýar — diýende, hemmeler şowhunly el çarpdylar. Azadyň bütin durkuny şatlyk gurşap aldy. Begenjinden diriň-diriň bökdi. Kalbynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, hormatly Prezidentimize bolan buýsanç duýgusy joşup, ummana öwrüldi. Hyýalynda bolsa bedewe atlandy-da, elinde ýaşyl Tugumyzy parladyp, Awaza sary şaýlandy. Ödegeldi KULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |