13:12 Göwün / hekaýa | |
GÖWÜN
Hekaýalar
Otly Aşgabada ýakynlaşdygyça, Bähbit aganyň aladasy artan ýaly boldy. «Oglum Baýrama-da duýdurman gaýdyberdim welin, onuň öýüni taparmykam? Öýünde bolsa ýagşy, iş bilen uzaklara-da gidäýmesi bardyr onuň». Ol ýene-de öz-özüne teselli berdi: «Mekgänem sorap tapypdyrlar. Her niçigem bolsa, öýüniň salgysy-ha bar». Ol birneme rahatlanan ýaly boldy. Tizdenem otly şäheriň demir ýol menziline gelip saklandy. Ýolagçylar howlukmaç düşüp ugradylar. Goja welin gyssanmady, otludan düşübem gidibermedi. Birsalym töweregine garanjaklap durdy. Bar ünsi ýolagçylarda jemlenen Bähbit aga kimdir biriniň: — Salawmaleýkim, ýaşuly! — diýen sesine birbada ünsem bermedi. Haçan-da, edil gabadynda özüne mähirli bakyp duran inçeden uzyn, buýra saçly ýigide gözi düşende, ony jogapsyz goýmady: — Waleýkimessalam! — Agam, ugur nirä? — Ugur-a — diýip, goja sözüni sozup, biraz dymdy-da, ýigidi boýdan-başa synlady. Soňam äwmezlik bilen: — Şo-ol, täze ulanmaga berlen, köp gatly jaýlara, gowusy, özüň göräý! — diýip, jübüsinden eliň aýasy ýaly kagyzy çykaryp uzatdy. Ýigit kagyzdaky ýazga göz gezdirdi-de: — Ugurdaş ekenik. Ýörüň, men alyp gideýin — diýip, ýaşulynyň elgoşlaryny alyp, ulagyna tarap ýöneldi. — Meniň adym Merdan. Ýaňyja kakamy oba ugratdym. Bir hepdelik gezelenje gelipdir. Sizem ýaşuly adam bolanyňyzdan soň, alyp gidibereýin diýdim. Ýogsa-da, agam, gezelençmi ýa-da iş bilenmi? — diýip, ýigit soragly nazaryny goja tarap gönükdirdi. — Ýakynda ogluma täze jaý berdiler. Hem gutlaýyn, hemem agtyklarymy göreýin diýdim. — Gowy edipsiňiz. Kakamam öýde bir hepde töweregi boldy. Agtyklary bilen degşip-gülşüp hezil etdi, olar bilen şähere aýlandy. Ýogsa-da, Aşgabada soňky gezek haçan gelipdiňiz? — Dört-bäş ýyl bolandyr. — Paýtagt günsaýyn özgerýär, indi tanamarsyňyzam. Isleseňiz, şäheriň owadan ýerlerini görkezeýin. Bähbit aga birbada näme diýjegini bilmedi. Şol pursat onuň göwnüne şübheli pikir aralaşdy. «Ýigit süýji dilli, hyzmata-da gaýym welin, bir emmasy bolaýmasyn?! Ýogsam beýle özelenip durmazdy. Göreli bakaly!». — Merdan jan, men sebäpli işiňden galma. Meni göni barmaly ýerime eltäý. — Nätdiň-aý, ýaşuly! Bu gün dynç güni ahyry. — Aý, inim, şonda-da men seni azara goýmaýyn. Biraz dem-dynjymy alaýyn, agtyklarymy göreýin. Şähere soň aýlansamam ýetişerin — diýip, goja sypaýyçylyk bilen ýaňzytdy. Ýigidem soň özelenip durmady. Şonda-da ol ýol ugrunda üýtgeşik gurlan binalary, täsinlikleri görkezip, tarypyny ýetirdi. Onuň gyzykly gürrüňleri, şäheriň gözellikleri gojanyň ünsüni barha özüne çekdi. Paýtagtyň asman bilen bäsleşýän ak mermerli kaşaň binalary, owadan hem giň köçeleri, ajaýyp gözelligiň keşbini emele getirýärdi. Ýaşuly suw çüwdürimlerini, dürli reňkli gülleri, göm-gök öwüsýän arça nahallaryny... synlap, özüni üýtgeşik dünýä düşen ýaly duýdy. Synladygyça gözellikler onuň göwnüni galkyndyrdy, kalbyna gözellik nuruny çaýdy. Ol ýüregini açman durup bilmedi, dillendi: — Merdan jan, dogrudanam, men ýalňyş pikir edipdirin. Heý, Aşgabadyň şeýle gözel görküni synlaman geçip bolarmy?! Paýtagtymyz diýseň gözelleşipdir. Munuň özi ajaýyp sungat. Synlap ganyp bolanok. — Başda kakamam Aşgabady aýlap görkezjek bolsam, ýadawrak bolansoň göwnemedi. Şäheriň owadan ýerlerini aýladym welin, hezil edindi. Asyl şäherden gidesi gelmedi. Henizem obadakylar: «Ata, geliň, göresimiz gelýär» diýip jaň etdiler. Ýogsam ýene bir-iki hepde boljakdy. Sizem Aşgabadyň gözelligine göz ýetiren bolsaňyz gerek — diýip, ýigit Bähbit aganyň şatlykdan pürepürlenen ýüzüne nazaryny aýlap goýberdi. — Hawa, göz ýetirdim. Hakykatdanam, paýtagtymyz gözelleşipdir. Bir wagtky Aşgabat däl bu. — Entek siz şäheriň köp ýerini görmediňiz. Onuň owadan ýerleri has köp. — Olary hökman görmeli bolar, ýogsam bu ynjyk ýüregim karar tapmaz. — Özüm görkezerdim welin, eýýäm geläýdik — diýip, ulagyny saklady. — Nirä geldik? — diýip, goja aňk-taňk bolup, daş-töweregine garanjaklady. — Gelmeli salgymyza geldik. — Hä, şeýlemi, örän oňat — diýip, garry eýläk-beýläk gobsunyp, soragly nazaryny ýigide dikdi. — Näçe bermeli? — Ýaşuly hiç zat gerek däl. Arkaýyn düşüberiň. Goja ör-gökden geldi: — Ýok, onyň-a bolmaz. — Ýaşuly, men kireý edemok ahyry! Ugrumyz bir bolansoň, alyp gaýdyberdim — diýip, ýigit düşündirjek bolup janykdy. Bähbit aga öz diýenini tutdy. — Ýok, inim, Merdan jan! Ol aýdanyň bolmaz. Sen meni diňe bu ýere getirmediň. Maňa şäheriň owadanlygyny görkezdiň. Şonuň özi dünýe malyna degmeýärmi, eýsem?! Gowusy, meni utandyrma-da, şuny al! Ol jübüsinden pul çykaryp uzatdy. — Ýok, ýok, ýaşuly! Men hiç zat aljak däl — diýip, ýigit elini daldalatdy. Goja ondan beýle ýagdaýa garaşmadyk bolara çemeli. Birhili, alasarmyk ýagdaýa düşdi. Näme etjegini bilmän ikirjiňlendi. Ýigidiň welin, gara çynydy. Onuň hereketinde, gepinde-sözünde ýasamalyk ýokdugyny duýan goja içinden öz-özüni kötekledi: «Haý, gadyr bilmez garry. Bolşuň nähili, akyly çaşan. Bir ýigid-ä sylap saňa hormat edýär. Senem ...». Bähbit aga usullyk bilen, ýigidiň egnine elini goýdy-da: — Merdan jan, sag bol! Biz ýaly garryny sylasaň, Alla-da seni sylar — diýip, ýürekden hoşallygyny bildirdi. Sürüji hoşlaşyp gitdi. Goja onuň yzyndan esli wagt seredip durdy. Soňam: — Hudaýa şükür, döwrümiz, şäherlerimiz gözelleşýär. Şol sanda ata-babalarymyzyň bize miras goýan ynsanperwerligem ýüreklerde barha çuňlaşýar — diýip, buýsançly pyşyrdady. Ödegeldi KULYÝEW. "Garagum" žurnaly, 1/2021 ý. | |
|
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |