22:44 Alyp-satarlar / satiriki hekaýa | |
ALYP-SATARLAR
Bazar ykdysadyýeti hemmelere öz täsirini ýetirdi. Bir gün menem niredesiñ daýhan bazary diýip, köneje "Moskwiçime" atlandym. Täze ýetişdiren bagymyñ almasyndanam bir haltany basdym yzyna. Bir görsem, alagarañkyda kimdir biri ýoluñ ortarasynda durup, taýagyny bulaýlaýar. Ýüregim ýaryldy, dañdanyñ ümüş-tamşynda öz hasabyna işläp ýören awtoinapektorlaryñ biridir öýdüp. Henizem, ol eli hasaly, silkme telpekli goja kişi bolup çykdy. Çigreklije howada ýukajyk ýektaýly iki bükülip duransoñ, haýpym gelip, sakladym maşyny. Ýaşuly digdenekläp, ýanyma geldi-de, sesini sandyradyp ýüzlendi: - Oglum, meni bazara äkitsene! - Tizräk münüñ, ýaşuly. Garry birhili kürtdürip durdy-da: - Bi, neme, azrak ýükümem bar - diýip, dalda gözleýän ýaly, ýüzüme naýynjar bakdy. Men howul-hara maşyndan düşdüm-de, gojanyñ bir halta kartoşkasyny-da basdym maşynyñ yzyna. Ýaşuly şondan soñ hyk-çoklap maşyna mündi. Men içimi gepledenimi duýman galdym: "Bu ýaşdan soñ, agyr ýük bilen ýola çykyp näme etjek diýsene. Agtyklaryny daşyna üýşürip, otursa bolmaýarmyka?! Aý ýok, belki, ýagdaý şuny talap edýändir. Anygyna ýetmän, bir zat diýmek aýyp bor". Garry ýa ýadaw, ýa-da dymma. Edil diline badak atylan ýaly. Asyl, geplemek islänok. Nämedir bir zadyñ gaýgy-aladasy bilen pikirlenip barýana çalymdaş. Ondan-mundan gürrüñ etsemem, başyny ýaýkap oñaýýar. Haçan-da, bazara ýetmäge at gaýtarym ýol galanda, ol düýbünden üýtgedi. Öñe omzap-omzap, boýnuny süýndürip oturşyna kellesini maşynyñ öñki aýnasyndan deşip çykarjaga meñzedi. Ýitigini gözleýän dek, töweregibe ýiti-ýiti ýaltaklady. Eşidiler-eşidilmez burnuna salyp, nämedir bir zatlar hümürdedi. Birdenem: "Hä, ýaşa, ýaşa" diýip, gyzyl tapan ýaly ýyljyraklap, çapak çaldy, ýeñsäne pat-pat kakdy. Başymdaky şlýapam gaçdy. Gojanyñ bu bolşy öñümde sorag barsyny keserdip goýdy: "Bendäniñ akyly beri ýerindemikä? Häliden bäri-hä ümsüm otyrdy. Sähel salymyñ içinde nä döw çaldyka? Indi näme etsemkäm? Göni psihbolnisa... Şol wagtam ýoluñ iku gyrasynda topar-topar bolup, iki ýana gaýmalaşyp ýören mähellä gözüm düşdi. Bada-bat pikirimden aýñalyp, maşynymyñ badyny haýallatdym. Ellerinde halta, ýaglyk, sumka, bedre, ýaşşik... garaz dürli-dümen göterişip, eýläk-beýläj ylgaşýan erkekdir aýallaryñ täsin hereketlerini görüp, ýüregine dowul aralaşdy. Ine, bir topary ellerindäki zatlaryny howada galgadyp, bize tarap eñdiler. Belki, olar bu gojany tanandyrlar. Ýa onuñ üýtgeşik gudraty barmyka?! Öñem-ä onuñ ýöne-möne adam däldigini çak edipdim. Men nämäniñ-nämedigine düşünmän, alasarmyk ýagdaýda ýaşula bakdym. Onuñ barha göhi gelýär. Bütin endamyny titredip, loh-loh gülýär. Köçedäkilere kellesini silkeläp, elini bulaýlaýar. Zaññar, özüni ýokary derejedäki garşylanýan myhmandyryn öýdýär. Men mundan beýläk çydap durup bilmedim. Tizräk wakanyñ anygyna ýetmek isledim: - Ýaşuly, bu näme boldugy? Ol duýdansyz beren soragymy geñ gördümi-näme, ýüzüme çiñerilip seretdi-de: - Ha-ha, bileñokmy näme? Bular bazaryñ alyp-satarlary - diýip, ýygyrt-ýygyrt bolan ýüz-gözlerini güldürdi. Dünýäm giñäp gitdi. Dogrusy, bir belanyñ üstünden gelendirin öýdüp, janym sal üstüne gelipdi. Ýogsam, bazarda alyp-satarlaryń bardygy hakda öñem eşidipdim. Ýöne beýledir öýdüp, pikir etmändim. "Moskwiçimi" bazaryñ derwezesiniñ öñündäki meýdançada sakladym. Dessine daşymyz şolardan ýaña hümer boldy: - Näme getirdiñiz?! - Näme-de bolsa, men aljak. - Ýok, men aljak. - Daýy jan, ylalaşyp berseñ, hemmesini aljak. - Ol arzançyl, oña bermäñ. - Oña derek ol terezide kem çekýär. - Men siziñ hemişelik alyjyñyz bolaýyn, maña beriñ! - Geçiñ öñaýagy ýaly, orra sokulma. Bu gezek men aljak. Onýança häliden bäri sesini-üýnüni çykarmann gyrada tomaşa edip duran gözi äýnekli epeý kişi adamlary itekleşdirip, maşynyñ yzyna geçdi-de: - Hany, şofýor yzyny aç - diýip, ýognas sesine bat berdi. Maşynyñ yzky kapotyny galdyranyma mähetdel, süsñeşip topuldylar barysy. Kartoşkalydyr almaly haltalary aljak bolşup, biri eýläk çekýär, biri beýläk. Ahyram "Gün güýçlüniñki - gowurga dişliniñki" boldy. Eginlek daýaw pyýada almaly haltany egine atdy. Kartoşkaly haltanam iki sany semiz gelniñ hersi bir tarapyndan tutup, süýrekläp göterdiler ökjäni. Goja-da selçeñ sakgalyny sypaşdyryp, mys-mys güldi-de, gelinleriñ yzyndan ýelk ýasady. Menem näme etjegimi bilmän, haltamy göterip barýanyñ mündüm söbügine. Onuñ bazaryñ geçginli ýerinde ýörite ýeri bar eken. Şol ýerde almalary ölçedi, ylalaşyp nyrh kesdi, hasap-hesip edibem puluny berdi. Soñundanam elimi berk gysdy-da: - Nesip etsin! Ertirem getir, özüm alaryn - diýdi. Bu söwda, br tarapdan, ýamanam bolmady. Harydymdan añsatjak dynyp, topbak puly kisäme saldym. Indem, näme, bazara aýlanyp, çagalara ojagaz-bujagaz alsam bolany. Ýöne azrak garaşmaly boljak. Sebäbi bazaryñ içinde entek söwda gyzanok. Esasy söwda daşarda bolýar. Men derwezäniñ agzyna gelip, alyp-satarlaryñ şüweleñli söwdasyny synlap köp durdum. Kimdir biri adymu tutup, gygyrýar. Seretsem, şäherli dostum Esen ýylgyryp dur. Onuñ bilen saglyk-amanlyk soraşdyk. Geçeni ýatlaşyp, biraz gümür-ýamyr edişdik. Ol sözüniñ arasynda: - Aşyr-a tanaýansyñ. Ana, şol keselhana düşüpdir. Ýagdaýyny sorap gaýtmaga barýan. Özem, berhizlimiş. Wagtyñ bolsa, ony-muny alyşdyryp, bile baryp gaýdaly - diýdi. Men göwünjeñ ylalaşdym. Sebäbi Aşyr bilen köp wagtlap bile işleşdik. Soñ ol işini täzeledi. Dostuñ, işdeş ýoldaşyñ halyny soramak parz ahyry. Esen bilen bazara aýlandyk. Almalaryñ her hilisi bar eken. Öz getiren almam gözüme yssy göründi. Galyberse-de, onuñ süýjüligine, suwlulygyna, daşky görnüşiniñ owadanlygyna söz diýer ýaly däl. Eseniñ hem oña göwni ýetdi. Ol: - Agam, iki kilo çekip bersene - diýip, gözi äýnekli epeý kişä ýüzlendi. Ol bize ünsem bermän, alma ölçäp durşuna, öz ugruna gürläp ugrady: - Wah, doganlar! Daýhanyñkam ýeñil däl. Zähmet çekmeseñ, hasyl bolanok. Gije-gündiz yssy-sowuk diýmän ýer dyrmalaýarys. Almadan hasyl almak hasam beter. Göz-gulak bolup, idegini sähel kem etseñ, gurçuk alýar. Aladasyny etseñ, hasylam süýji bolýar. Iýseñiz agzyñyz tagam tapar. Bahasynam arzan etdim - diýip, ol menden satyn alan bahasynyñ üstüne ýene şonçarak goşup aýtdy. Men keseden synlap durşuma, sesimi çykarmadym. Alyp-sataryñ hakyky daýhan kişi bolup, harydyny süýjüdip satyşyna welin, agzymy açdym. Ödegeldi KULYÝEW. # edebiyatwesungat_98 | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |