OÝUNÇY UTULANYNY BILSE ÝAGŞY
- Jyr-r-r-r...
Doýduk çaýly käsesini elinde tutup durşuna gapdalynda goşa per ýassygy tirsekläp ýatan adamsynyñ ýüzüne ullakan gözüniñ gytagy bilen bakdy. Onuñ ýatan ýerinden gozganman, süýnmek kellesini aşak-ýokaryk yralanyny görüp özüne göwnüýetijilik bilen ýerinden galdy. Dähedem-dessem ýöräp baryp, telefonyñ gulagyna elini ýetirdi.
Añyrdan kimdir biriniñ hoşamaý gyryljyk sesi eşidildi.
- Alo Bekge daýynyñ öýümi?!
- Hawa.
- Hä, salam. Doýduk daýza, sizmi?!
- Salam. Hawa, edil özi men. Özüñ kim?
- Menmi?!
- Ýogsa kim bolar?
- Men Çukur obasyndaky ýegeniñiz Begelek.
- Hä, Begelek ýegen, senmi?
- Hawa, men.
- Öý-içerleriñjz gurgunçylykmy?
- Hawa, gurgunçylyk.
- Atañ-eneñ sagja gezip ýörmi?
- Hawa, gezip ýör.
- Jigileriñ dükürdäp ýörmi?
- Hawa, dükürdäp ýör.
- Özüñ işläp ýörmüñ?
- Toý etjek bolañzokmy?
- Ugrunda.
- Söýýän gyzyñ barmy?
- Bar.
- Okuwlymy?
- Ýok.
- Okuwlysyny tapmadyñmy?
Begelek daýzasynyñ soñsuz soraglaryna takady ýetmän, onuñ sözüni böldi.
- Daýza jan, bir minut saklansana!
- Näme, daýzañ gaçyp gider öýtdüñmi?
- Ýok-la, ýöne...
- Ýönäñ näme?
- Men ýene bir sagatdan Aşgabada ugramakçy. Gitmänkäm Bekge daýyma duşaýjakdym. Zerur işim bardy.
- Nä-me?!
- Daýyma duşmaly diýdim-dä!
- Hä, bi, neme... Oña duşmak hökmanmy?
- Hawa, hökman. Ýogsam göwnüme nämedir bir zadym kem däl ýaly bolup dur.
- Hä, düşündim. Öñräk şeý diýip aýdaýmal-a. Hany, dur bakaly! Daýyñ barmy-ýokmy, eýläk-beýläk seredip göreýin.
- Gaýrat etsene, daýza!
Doýduk gyssagarada näme bahana tapjagyny bilmän, çep eli bilen ýeñsesini gars-gara gaşady-da, daş-töweregine ýaltaklady. Degerli bahana tapmadyñmy-nämemi, telefonyñ gulagyny goltugynyñ aşagyna gysdyrdy-da, sözüni sozup pyşyrdady:
- Aýu, kakasy! Begelek ýegeniñe ýene pul gerek öýdýän. Seni soraýar. Näme diýsemkäm?!
Bekge iki eliniñ aýasyny biri-biriniñ üstüne goýup, kellesini gyşardyp görkezdi.
Doýduk adamsynyñ hereketinden onuñ diýjek bolýan sözüne düşünip, hasyr-husur goltugyndan telefonyñ gulagyny çykardy-da sesine bat berdi.
- Alo, Begelek ýegen, eşidýärmiñ?!
- Hawa, eşidýärin, aýdyberiñ.
- Onda iki gulagyñ bilen gowuja diñle!
- Daýza jan, telefonda iki gulagyñ bilen diñläp bolanog-a
- Sen meniñ diýenimi et-de, iki gulagyñ bilen diñlejek bol! Daýyñ süýji uka gidipdir. Indi ol oýanmaz.
- Nätdiñ-aý, daýza?!
- Hawa, hawa. Men bir zat diýsem anygyna ýetip soñ aýdýaryn.
- Onuñ Arap Reýhan bolasy barmy?
- Goýaweri, beýle diýmäge neneñ diliñ barýar. Daýyñ eşidäýse gaty görer.
- Ol süýji ukuda ýatyr diýdiñiz-ä.
- Onuñ gulagy jam ýaly. Ukuda wagtam eşidäýmesem bar.
- Onda, daýza jan, daýyma aýdyñ! Men ýene bir sagatdan agşamky otly bilen Aşgabad altu aýlyk okuwa ugraýaryn. Daýym uklamadyk bolsa o günki karz alan pulumy elinjik özüne gowşuraýjakdym. Indi okuwdan gelenimden soñ bererin-dä. Menden öýke-kine etmäñ. Hoş sag boluñ!
- Ä-ä...
- Guk-guk...
Doýduk elinde telefonuñ gulagyny tutup durşuna agzyny açyp, doñup galdy. Kalbynda harasat gopup, bütin endamy saññyl-saññyl etdi. Gözlerini elek-çelek edip, adamsyna aýlady. Onuñ sesini-üýnüni çykarman, lal-jim bolup, başyny aşak egip, oturanyny gören Doýduk:
- Oýunçy utulanyny bilse ýagşy - diýip, ysgynsyz seslendi.
Ödegeldi KULYÝEW.
Satiriki hekaýalar