12:40 Begler | |
BEGLER
Goşgular
Är çykdyňyz, murtlaryňyz tabady, Alkyşlar aýdyň siz gundana, begler! Ata-ene öwüt beren halady, Germäň gulagňyzy murdara, begler! Sada boluň, tapyň iliň göwnüni, Giň bolarmyş sadalaryň göwrümi. Mert ýigitler güllederler döwrüni, Bil guşap, çykyň siz meýdana, begler! Adam kalby hazynasy merjeniň, Köp zat miras aldyň, hany berjegiň? Işi şowlar ýadawsyzyň, erjeliň, Halypa tutunsa bir dana, begler! Köp diňläň, geljege ýygnaň siz gory, Halal zada uzadyň siz gollary. Ýeňip bilseň harasady, gomlary, Tapylar ummandan dürdäne, begler! Akmaklar nyrh keser eşige görä, Danalar baha biýr işiňe görä. Baharyň gelişi gyşyna görä, Halk ykbaly bagly serdara, begler! Ejizlikden nep gören ýok, ozan ýok, Anbar ysly ýeller öser, hazan ýok. Ýoluňyzda batgalyk ýok, tozan ýok, Boluň bu durmuşda merdana, begler! Lala, güňe dil bitirjek baharyň, Ajap keşbin wasp et dilim, dahanym. Söýüň gözelligni ýagty jahanyň, Öwürmäň dünýäni zyndana, begler! Gök asmanda durna, gazlar aýlanar, Gyş, tomus güýz hem-de ýazlar aýlanar. Kimseler galarlar, kimler saýlanar, Şükür, çarhy-pelek gerdana, begler! Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |