16:16 Betpäl | |
BETPÄL
Goşgular
Kim ol? Atañ ýaly ak saçlymy ýa? Parhy nä?! Garşyñda dur gara aždar, Il ýüze ol saña bakar ýylgyryp, Çem tapsa awuly dilini sanjar. Ýöne niçiksi bir pursata çenli Ajaýyp nikaply ýañky perişde - Hut şol atam ýaly diýip sylanyñ, Elinde töhmetden dörän serişde. Ne gözel galplykdan ýasalan okýaý - Ata. Harap etmek islär düz gúnüñ. Gyltyz geçsin! Olar ýala azmy nä - Iñ bolmanda az-kem galsa gyzgynyñ? Ýöne, anyk, bir gün içi möjekliñ Özi hem möjege öwrülip her hal - Içimtap hüjümleñ deregne, soñra Goranşa geçmeli boljagyn derhal. Ýeri, o tetelli nireden bilsin? ...Bir zady unutman gezmeli betpäl. Gyzaryp dogan Gün ýaşýan wagty hem - Ertiri ýatladyp, ot bolup batýar! Ahmet MÄMMEDOW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |