11:09 Beýik söz ussadyny ýatlap... | |
BEÝIK SÖZ USSADYNY ÝATLAP...
Edebi makalalar
Halypalar, ussatlar, beýik şahsyýetler barada gürrüň etmek ýa-da bir zatlar ýazmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Onda-da biz şägirtler üçin halypalar barada ýazmak ünslüligi, inçeligi, seresaplylygy talap edýär. Men ol wagtlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýardym. Çagalygymdan höwes eden kärimi içgin öwrenýändigim üçinmi ýa juda bilesigelijilikdenmi, döwrümiziň ussat şahyrlary, tanymal artistleri, halypa ýazyjylary bilen söhbetdeş bolup, gepleşmegi, pikir alyşmagy halaýardym. Uniwersitete talyplar bilen duşuşyga gelen halypalara dürli sowallar bilen ýüzlenmek, olardan ýandepderçäme ýadygärlik ýazgy ýazyp bermegini haýyş etmek, halypalar bilen ýadygärlik surata düşmek meniň üçin juda lezzetlidi. Men umumyýaşaýyş jaýynda özümden uly kursda okaýan gyzlar bilen bile ýaşaýardym. Otagdaşym Jennet bu ýyl soňky kursunda okaýardy. Men bolsa ikinji ýyl talypdym. Bir gün Jennet okuwdan gelip, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarowyň «Gumlular» romany boýunça diplom işini ýazmalydygyny aýtdy. Men otagdaşymy gutlap, juda gyzykly temany saýlap alandygyny aýtdym. Ol muňa begendi, ýöne halypa ýazyjynyň juda kämil eseri barada ylmy işini nähili başla- malydygy hakynda köp oýlanýandygyny ýaňzytdy. Jennet «Gumlular» romanyny öwran-öwran okady, depdere bellikler edişdirdi, gerekli maglumatlary toplady. Indi işe girişseňem boljakdy. Ýöne men oňa işi ýazyp başlamazdan öň halypanyň özi bilen söhbetdeş bolsa, işiň has kämil ýazylmagyna itergi boljakdygy barada aýtdym. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Mag- tymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarow şol wagtlar Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygydy. Men halypa bilen didarlaşmaga Jennet bilen bile gitmäge döwtalap boldum. Jennetem gaýta begendi: «Men çekinjeň, halypa bilen gürleşmäge ýaýdanmanam duramok, sen tüweleme sowal bermäge-de, söhbetdeşlige-de ökde» diýdi. Biz amatly wagty peýläp, şol wagtky «Mekan» köşgüne, halypanyň iş ýerine ugradyk. B.Hudaýnazarowyň kätibi, orta ýaşlaryndaky zenan bizi ýylgyryp garşy aldy we näme maksat bilen ge- lendigimizi sorady. Biz ýagdaýymyzy aýdanymyzsoň, halypa bilen görüşmäge mümkinçilik aldyk. Ynha, halypanyň giň iş otagy. Jennet ikimiz ýaýdanjyrap girdik welin, bizi görüp, halypa ýerinden galdy. Ol sözüň göni manysynda hem beýik adam ekeni. Uzyn, syrdam boýly, agajetli, nurana, çeper söze ussat, şahyr ýürekli türkmen ýaşulusynyň, döwrüň görnükli prozaçysynyň we şahyrynyň myhmançylyga gelen ýönekeýje talyplary ýerinden ör turup garşylamagy meni juda tolgundyrdy. Soňra B. Hudaýnazarow bize oturmaga ýer görkezdi. Biz oňa näme maksat bilen gelendigimizi aýtdyk. Ýazyjy agras demini almak bilen, çagalyk döwrüni, Garagumuň jümmü- şinde galan ýatlamalary gürrüň berdi. Halypanyň gürrüňleri şeýle bir täsirlidi welin, ol söhbet haýsydyr bir lezzetli kitaby okanyňdan hem ýakymlydy. Söhbedimiz çaý başynda bir sagatdan gowrak dowam etse-de, biziň halypanyň ýanyndan gaýdasymyz gelenokdy. Ol biziň bilen entek hiç bir eserinde ýazmadyk gürrüňlerinem paýlaşypdy. Şeýle uly wezipeli, beýik halypanyň biziň üçin wagt tapyp, gyzykly gürrüň bermegi bizde ömürlik ýatdan çykmajak ýakymly pursatlar bolupdy. Gaýtmakçy bolanymyzda ol ýerinden turup, iş ota- gynyň bir çetinde duran şkafy açdy-da, ondan dört sany kitap çykaryp, olara öz eli bilen ýadygärlik ýazgy ýazdy-da, Jennet ikimiziň herimize iki sanysyny uzatdy. Men kitaplara elimi uzadanymda begençden uçaýjak boldum. Ussat ha- lypanyň kitabyny öz elinden ýadygärlik almak talyp üçin tapylgysyz bagt ahyryn! B.Hudaýnazarow Jennede: «Gyzym, işiň ugruna bolsun, ylmy işiňi ýazyp bolansoň hem ýanyma gel, menem okap göreýin» diýip, biziň bilen hoşlaşdy. Men halypanyň iş otagyndan çykan dessime, onuň beren kitaplarynyň 1-nji sahypasyndaky öz eli bilen ýazgysyny sesli okadym: «Gültäç Ballyýewa nurana arzuwlarym bilen bizden ýadygär. B.Hudaýnazarow. 07.05.1997ý». Jennet meni eli bilen kakdy: «A gyz, daşaryk bir çykaly!» «Mekan» köşgünden umumy ýaşaýyş jaýymyza çenli halypanyň beren iki sany kitabyny ýantorbama salman, gu- jagyma gysyp gaýtdym. Ol kitaplarynyň biri B. Hudaýnazarowyň 1996-njy ýylda çapdan çykan «Saýlanan eserleriniň» III jildidi, beýlekisi bolsa 1997-nji ýylda Türkiýede iki dilde — türkçe we türkmençe çap edilen «Dürdäneler dünýäsine çakylyk» atly halypanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýazan poemalar we goşgular ýygyndysydy. Men bu iki sany kitaby gözümiň göreji deýin aýap saklaýaryn. Kärim mugallym bolany üçin, okuwçylara halypanyň eserleri barada gürrüň berenimde, onuň öz eli bilen beren kitaplaryny hem görkezýärin. Öz döwründe hem prozany hem poeziýany bile alyp barmakda kämillik görkezip, hemmeleriň kalbynda mynasyp orun alan ýazyjy hem şahyr B.Hudaýnazarow bilen iş otagynda iki gezek bolan şol duşuşygy, halypanyň çagalyk we ýaşlyk ýyllary baradaky gyzykly gürrüňlerini häli-şindi ýatlaýaryn. Halypa bize: «Siziň ýaşlygyňyz nähili gowy ýyllara gabat geldi, döwrüň, ömrüň, Garagum ýaly giň göwrümli halkyň gadyryny biliň! Okaň, ýazyň, dörediň, üstünlik hemraňyz bolsun!» diýipdi. Beýik halypanyň sözleri edebiýata, döredijilige aralaşmagymda ak pata bolup ýaňlandy. Edebiýata, köplenç, belli bir ugur boýunça gelinýär. Kim terjimeçi, kim publisist, kim şahyr, kim ýazyjy, kim ssenarist. Ýöne Berdinazar aga şol ugurlaryň ählisindenem ussatlyk bilen baş çykaran beýik ynsan. Ol rus şahyry A.Twardowskiniň, awar şahyry Resul Gamzatowyň we beýleki şahyrlaryň ençeme eserlerini türkmen diline terjime edýär, onuň «Gyzgyn sähra» poemasy Moskwada rus dilinde neşir edilip, rus okyjylarynyň hem gyzgyn söýgüsine mynasyp bolupdy. Berdinazar Hudaýnazarow tutuş ömrüniň dowamynda türkmen edebiýatyny ösdürmegiň aladasy bilen ýaşady. Ol Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň başlygy, Magtymguly adyndaky halkara baýraklary baradaky komitetiň başlygy ýaly jogapkärçilikli wezipelerde işlän döwründe hem özüni unudyp diýen ýaly, edebiýatyň aladasy bilen ýaşady. Ol şygryýeti mukaddeslik saýyp, oňa juda seresaply çemeleşen şahyr. Goşgy ýürekden çykýar, Meňzeşdir ol perzende. Aklym siňsin her bende, Şeklim siňsin her bende. Mährim siňsin her bende, Gahrym siňsin her bende... — diýen şahyr goşga tüýs ýürekden, juda çynlakaý çemeleşmelidigini aýdýar. Halypanyň döredijiliginde Garagum temasy aýratyn orun tutýar. Onuň «Gyzgyn sähra» poemasynyň, «Gumlular», «Garaçägäniň ogullary», «Akar suwuň aýdymy» romanlarynyň, goşgularynyň aglaba köp böleginiň içinden gumdaky ýaşaýyş, sähraýy adamlaryň durmuşy, göwnaçyklygy, sadalygy, zähmetsöýerligi eriş-argaç bolup geçýär. Göwünleri çäge ýaly arassa, Bedenleri gurşun ýaly berkdir. Sadalygy, sagdynlygy olara, Meger tebigatyň özi beripdir. Gadymlardan gelýän gymmatly däpler, Gum içinde namys kimin goralar. Tanyşmakçy bolsaň öz adyň däl-de, Ilki ataň-babaň ady soralar. Halypanyň döredijiligi hem edil Garagumuň özi ýaly köptaraply, syrly hem ýakymly. B.Hudaýnazarowyň goşgularyny okasaňam, publisistikasyna aralaşsaňam, onuň dogruçyl, mert we gönümel ynsandygyny duýmak kyn däl. Şahyr bilen 1997-nji ýylyň ýazynda bolan duşuşykda ol özüniň kakasynyň pajygaly ykbaly, 9 ýaşyndaka gören kynçylykly günleri hakynda aýdyp, täze zamananyň ajaýyplyklaryndan binesip bolmandygyna şükür edipdi. «Saýlanan eserler» kitabynyň III jil- dinde ýazyjy çagalyk döwürlerinden başlap, özüniň edebiýata gelşini, başyndan geçen günleri ýazýar. Pikirini erkin we juda kämil beýan edýär. «Jahana bukdaklap gelmeýşim ýaly, Gaçgaklap gitmedim hiç bir mahalda...» Hawa, halypa ýazyjy, şahyr, ajaýyp ynsan Berdinazar Hudaýnazarow manyly ömür ýaşady. Özüniň buýsanyp gürrüň berşi ýaly, iň esasy zat hem, Garaşsyzlygyň lezzetli howasyndan dem alyp, ajaýyp zamanamyzyň eşretli durmuşyny, ynsanlaryň birek-birege sarpa goýýan döwrüni, çyn eserleriň höwes bilen okalýan, çyn ussatlaryň sarpalanýan zamanasyny gördi. Garaşsyzlyk ýyllarynda döreden eserlerinde türkmen ýaşulusyna mahsus bolan şükranalyk, geçen ömrüňe nazar aýlamak, kalba ýagşy umytlar beslemek ýaly ajaýyp pikirler bar. «Ogullarmyz ata ýumşun bitirsin, Her kes diňe öz ornunda otursyn. Gelen özi bilen döwlet getirsin, Gidenler yzyna köwlenip dursun. Ýigit, ýalňyz dogulmasyn döräňde, Hossar bolsun, dost-ýar bolsuň degräňde. Bili guşap, bir tarapa ugraňda, Işimiz mydama şowlanyp dursun...» Şahyryň «Giç bolar» şygrynda: «Adamyň bir mätäç zady hoş sözdür, Hoş söz aýdyň, depesine täç bolar. Dirilikde aýdyň, dirikä sylaň, Kim bilip dur, bir ýyldan soň giç bolar» — diýen setirleri kalbymyza giren setirlere öwrüldi. Tämiz ahlaklylyk, edeplilik, sadalyk ýaly häsiýetler B. Hudaýnazarowyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär: «...Başymyzda — dünýäň işi, Aýnatmaly akyl-huşy. Ynsanlygyň mähekdaşy — Ynsap bizden aýrylmasyn...» * * * «Pähimiň paýhasyň gadyryn bilýän, Öz aslyny bilýän, pederin bilýän. Umuman, özüniň ederin bilýän, Şeýleräk türkmeni göresim gelýär. Seniň mähekdaşyň agzybirlikdir, Gedemlik etme, ol köre-körlükdir. Bir baýdaga gulluk etmek ärlikdir, Şeýleräk türkmeni göresim gelýär...» * * * «...Yhlasymy ata ýurda bagş etdim, Başardykça ýürekleri ýumşatdym. Ululara edep bilen baş atdym, Kiçilerden helik-salam isledim...» Şahyr bagtyýar zamanamyzyň eşretini şeýle taryplaýar: «Garaşsyzlyk diýen nurana sözden, Göwünler gülledi, heýjana geldi. Gözüň aýdyň, il-gün, bu täze zaman, Seniň bähbidiňe, peýdaňa geldi. Atyzyň gelşigi, göwnüň takaty, Gözi dokundyrýar kaddy-kamaty, Bereketiň, bagtyň baş alamaty, Ak bugdaý ýene-de meýdana geldi...» Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarow hakynda 20 ýyldan gowrak wagt bäri gursagymda göterip gezen süýji ýatlamalarymy kagyza geçirýän pursatymda halypanyň nurana keşbi göz öňümde janlanyp, ýylgyryp duran ýaly... Ussatlaryň ömür ýoly, eserleri, ahlak häsiýetleri biz — şägirtler üçin nusgalyk mekdepdir. Gültäç ORAZJANOWA, Türkmenbaşy şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |