21:48 Beýik ussat Omar Haýýama öýkünme | |
BEÝIK USSAT OMAR HAÝÝAMA ÖÝKÜNME
Goşgular
It görse gözi agyr, günümi görýän, Ýary ýatlap ýatyp, ýatlap hem turýan, Görmesem sabryma haýran galýaryn, Içimi it ýyrtýar, çydap oturýan. Näbelli ýakynlyk bildirse bize, Güzabyn görýänim görünmez göze, Pyşyr-pyşyrdama, ümüňe razy, Atiýaç bähbidim tagaşsyz söze. Her hal seni görýän, şol bir bolşuňda, Gulagymda galan, täsin gülşüňde, Sebäbin agtardym tapdym özümden, Düýp-teýkar täsiri – sulhum alşynda. Nesip edip, bir gün ir säher daňdan, Posa alsam, seniň al ýaňagyňdan, Dilegim Alladan ýalbaryp, aglap, «Gaýtala» diýerin: ýene, ýaňadan. Bilýärin, doýmaryn, mähre mätäç men, Doýma ýokdur, hiç wagt, mydama aç men, Üznüksiz gözlegde, ynjalygym ýok, Ysgynym gaçansoň, ýatýan nalaç men. Gutulmaga ýer galmady gidere, Salgy ber, sökeýin dag bile dere, Synag üçin aýdaý göwün islegiň, Bahana tap, özüm gurban edere. Çyn aşyk men, utanmaryn ýaşymdan, Perwana men pyrlanaryn daşyňdan, Taýyn men atsalar, ütseler otda, Ykbalymdyr näme inse başymdan. Ýaryň özündedir bar bolsa gowluk, Pursat peýlemäge zerur aňtawlyk, Ömrüňde geçirme ýarsyz, bir güni, Basym idegne çyk, görmäge howluk. Çaklama pikirleň dürli, her hilli, Soraglardan saplanaňok eý, Illi, Ýar göwnünde ne bar, anykladyňmy? Näme üçin, şu çaka çen näbelli. | |
|
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Tumar / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 28.10.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ Aýalsyzyñ ariýasy / Goşgular - 25.11.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |