22:57 Bilim hakynda | |
BILIM HAKYNDA
Edebi makalalar
Bilim - bil, bilmek sözünden bolup, täze bir zady öwrenmek manysynda gelýär. Şol sebäpli bilim bolgusyz bolup bilmez, eger ol bolgusyz bolsa nadanlygy öwredýän hapalykdyr. Döwlet tarapyndan tassyklanan programma boýunça ýaş nesle bilim bermek hökmany. Şol hökmanylyga düşünilensoň, biziň Konstitusiýamyzda her bir raýatymyzyň orta bilim almagy mugt hem hökmanydyr. Adamlar teoriýa (teoriýa sözüni nazaryýet diýip berýärler, gynansagam bu söz teoriýa sözüniň manysyny berip bilenok. Teoriýa haýsam bolsa bir sapagyň-pikiriň düýp özenine düşünmek, nazar aýlama däl) taýdan bilim almazdan, işi praktikada öwrenýär diýen pelsepe bar. Ýöne dünýä ýüzünde bu pelsepe özüni ödemedi. Şol sebäpli ýaş nesle döwlet tarapyndan tassyklanan programma boýunça bilim bermek edil howa ýaly zerurdyr. Emma orta mekdep nüçe ýyllyk etseňem, hiç kimiň kellesini açyp, bilim guýmaz. Orta mekdebiň wezipesi esasy öňe çykýan-döwrüň wajyp her bir bilim ugry boýunça umumy düşünje bermekdir. Aýdaly, şampunyň himiki element ýazgysyna düşünmändigiň üçin orta mekdepde alan himiýa bilimiňi günäkärlemek samsyklykdan başga zat däl. Mekdep mugallymlarynyň wezipesi her bir sapak boýunça okuwça umumy bilimi öwretmek, her bir sapaga düşünmäge ugrukdyrmak. Berilýän umumy bilimi öwrenmek derejesi her bir okuwçyň yhlasyna bagly. Döwlet-islendik ýurtda raýatlaryň howpsuzlygyny, abadançylygyny kepillendirýär. Şol sebäpli anyk hil boýunça takyklanan mekdep, okuw programmasy döwletiň elinde bolmagy hökmanylykdyr. Döwletiň tassyklan programmasy boýunça mekdepleriň tölegli ýa tölegsiz bolmagy ol aýratyn, her bir ýurduň sosiýal ýagdaýyna görä kanun bilen düzgünleşdirilýär. Aýdaly, häzir her bir çaga özi öwrensin diýseň, onuň haýsy programma boýunça näme öwrenjegi belli däl. Her kimiň islän zadyny “öwrenmegi” aň dagynyklygyny döreder. Emma döwletiň tassyklan programmasy boýunça bilim öwredilse, orta mekdebiň bilim programmalarynyň kämillik derejesine laýyklykda, döwletiň,ýurduň bähbidini goraýan milli düşünjä eýe bolan hünärmenlerimiz ýetişer. Akademik hem Orsýetiň meşhur döwlet işgäri Ý.M.Primakow orta mekdepleriň biliminiň kämil bolmalydygynyň zerurlygy hakynda anyk şu fakty aýtdy: “Ýaş neslimize kämil orta bilimini bermek hökmanydyr. Ýaş nesle berilýän bilimiň hili olaryň geljekde sagdyn nesil bolup ýetişmegine gönezlikdir. Moskwa hem onuň töwereginde orta mekdebi tamamlaýan ýaş nesliň bolar-bolgusyz saýtlara girmegi 20% geçenok. Emma orta mekdebiniň okadylyş hiliniň pes ýerinde bu görkeziji 50%-en geçýär”. Tanymal rus alymy Ý.M.Primakowyň bu mysaly orta mekdebiň şol bir okuw programmasy boýunça okadylsa-da, okuw-bilim berlişiniň hiline laýyklykda ýaş nesliň düşünjesiniň tapawutly bolýandygyny görkezýär. Şeýlelikde, programmalaryny okadýan mugallymlaryň ýokary taýýarlykly bolmagy derwaýys meseledir. Bu bolsa bilimleriň bolgusyz bolman, mugallymlaryň pes düşünjeligi, okadýan sapagyny bilmezlikleri bilen bilimiiň hili pes bolup biler. Şonuň üçin mugallym kadralaryny taýynlamakda korrupsiýany ýok edip, olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokary bolmagy hakynda aladalanylmaly diýilse, hakykata laýyk bolar. Magtymguly “Akyl kesmez, dür ýasalmaz ussatsyz..” diýýär. Beýik akyldaryň ussat diýýäni biziň häzirki zamanamyzda mugallymlardyr. Magtymgulynyň jöwher akylyndan çykan “Kürs çykar” eserinden bu jümläni kalbymyz bilen diňläliň: Başçysyz, pähimsiz ýola girenler, Ýolun şeýtan urar, ýoly ters çykar. Gündogaryň beýik akyldary Pyragynyň bu jümlelerine düşündiriş gerek däl. Eger döwlet okuw programmasy bolmazdan, mugallym ugrukdyrmazdan (Beýle zat bolmawersin), ýaş neslimize sowat- ýazmagy-okamagy öwredip, “Bar, näme okasaň, şony oka, ýöne sowatly bol” diýseň, ýaş nesliň köpüsiniň kalbyna şeýtan ornaşjakdygyna köpler jedel etmese gerek. Şol sebäpli ýaş neslimizde her bir çaga 12 ýyllyk orta mekdebimizde döredilen mümkinçilikden ýerlikli peýdalanyp, gowy yhlas edip, bilim-sowat alsa, sowatly-bilimli çaganyň durmuşda hor bolmajakdygyna kepil geçip bolar. Orta mekdebi, bolmanda ortaça tamamlan nesil şeýtany zatlary okamaly däldigine göz ýetirer. Şonuň üçin orta mekdebiň okuw programmasyna, berilýän bilime şübhe bilen garamagyň özi bolmanda gelşiksiz. Iň esasam, internetde ýa metbugatda ýazylýan her bir zada ynanyp ýörmän, akyl-paýhasymyz bilen degşirip netije çykarmagy unutmalyň, adamlar!!! Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|