22:30 Bilim ojagy | |
BILIM OJAGY
Pedagogika we edep-terbiýe
Gazanjyk etrap bilim bölüminiñ Owgan internasional urşunda wepat bolan Nurmyrat Setdarowyñ adyny göterýän 5-nji dünýewi mekdebi Küren dagynyñ dabanyny ýassanyp oturan Saparmyrat Türkmenbaşy adyny göterýän daýhan birleşiginiñ ortasynda ýerleşýär. Mekdep Gulaş şahyryñ nebereleriniñ ýardam bermegi bilen, 1932-nji ýylda salynýar. Okyjylara düşnükli bolar ýaly delilnama getirmeli boldy. Şol döwürde Gulaş şahyryñ 9 ogly, 20-30 agtygy ady agzalan obada ýaşapdyrlar. Özleri-de barjamly bolupdyrlar. Mekdep jaýyny gurdurmaga gurbatlary çatypdyr. Mekdep ilki işe başlanda, 14 sany okuwçysy bolupdyr. Häzir okuwçylaryñ sany 486-a ýetýär. Mekdebi bilim ojagy diýip atlandyrmagymyzyñ aýratyn sebäbi bar. Öz döwürlerini manyly, abraýly, il bähbitlu geçirenleriñ birnäçesi şu mekdebi gutaryp, ilki mugallym, soñ ketde kärlerde işlänler azlyk edenok. Muña tymsal edip, Täçdurdy Durdynazarowy, Şadurdy Köşekliýewi, Tagandurdy Suwhanowy, Igdir Musagulyýewi, Amanmämedowy, Bekdurdy Guzulyýewi, ýene-ýeneleri görkezmek bolar. Mekdebiñ öñki okuwçylaryndan ikisi ylymlaryñ doktory, 7-si ylymlaryñ kandidatlarydyr. Gurbangeldi Çagylow medisina ylymlarynyñ doktory, Myrat Kemenow geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyñ kandidaty, Naz Amantaganow fizika-matematika ylymlarynyñ kandidaty we şuña meñzeşler. Elli dört ýylyñ dowamynda şu mekdebi gutaranlar pedagogik uçilişäni, pedinstituty, uniwersiteti gutaryp, öz obasynda mugallym bolup işläpdirler. Häzirki wagtda çuñ bilim berýän 46 pedagogyñ hemmesi şu mekdebiñ uçurymlarydyr. Olaryñ köpüsi birinji we ýokary kategoriýaly mugallymlardyr. Ýokary okuw jaýlarynyñ 1-5-nji kurslarynda kyrk sany talyp okaýar. Her ýylda 6-7 sany okuwçy ýokary okuw jaýlaryna girmegi başarýar. Soñky okuw ýyllarynda okuwçylaryñ ikisi altyn, üçüsi kümüş medala mynasyp boldy. Mekdebiñ estetik bezegi döwrüñ talabyna gabat gelýär. Gözellik - hezillik. Hezillik mekdebiñ zalynda dos-doly. Olary kagyz ýüzi bilen gürrüñ bererden agdyklyk edýär. Onda-da käbir zatlary belläp geçmeli bolýar. On ýyl abadançylyga, Täze bilim syýasatyna, hemişelik Bitaraplyga, Watana söýgi döretmeklige, mekdebiñ taryhyna, okuwçynyñ sanynyñ ösmegini görkezýän diagramma, saglyga degişli stendler biri-birine sepleşip zalyñ ugry boýunça aýlanyp gidip otyr. Çagyryşlar, sapak burçlarynyñ ady umuman zaldaky ähli ýazgylar täze türkmen elipbiýinde ýazylan. Mugallymlar dürli usullary, görkezme esbaplary ýerlikli utgaşdyryp, okuwçylaryñ sapaga bolan höwesini, pikirleniş endiklerini artdyrýarlar. Tehniki serişdeleriñ dürli görnüşlerinden ýeterlikli peýdalanýarlar. Çagalar kompýuterde işlemegi başarýarlar. Mekdepde "Ýaş mugallymlara kömek" burçy hereket edýär. Metodik işler yzygiderli täzelenip durulýar. Ýaş mugallymlar degerli kömek alýarlar. Mekdep kitaphanasynyñ işi oñat ýola goýlupdyr. Kitaplar aýawly saklanýar. Okyjylaryñ sanyny köpeltmek maksady bilen, dürli çäreler täsirli geçirilip durulýar. Ýörite tekjelerde kitap sergileri guralýar, okuwçylar okuw kitaplary, esbaplary, depderler bilen üpjün edilen. Mekdepde bäş sany okuw kabineti bar. Okuwlar kabinetde geçirilýär. Taryh kabinetine ýokary kategoriýaly taryh mugallymy Orazmämmet Kürenow, biologiýa kabinetine ýokary kategoriýaly biologiýa mugallymy Ýarmämmet Annamämmedow, fizika kabinetine 1-nji kategoriýaly fizika mugallymy Myratdurdy Amandurdyýew, EWM-ne Begmämmet Soltanow ýolbaşçylyk edýär. Kabinetleriñ birini öwüp, birini syndyrar ýaly däl, hemmesi-de birkemsiz bezelipdir. Her bir sapaga degişli materiallar ünsüñi özüne çekýär. Mekdebiñ ülkäni öwreniş muzeýini ýokary kategoriýaly taryh mugallymy Torjan Ataweliýew döredipdir. Muzeýde öý esbaplary: tagan, semawar, soky, sokudaş, küýzejikler, çemçe, susak ýaly zatlar rejeli ýerleşdirilip, aýawly saklanýar. At esbaplary: eýer, uýan, üzeññi, hatda eşegiñ gaññasyna çenli bar. Torjan mugallym muzeý üçin uly otag berilse, gadymy goş-golamlaryñ sanynu artdyrmagy niýet edinýär. Mekdebiñ ussahanasyna Goçmyrat Çerkezow ýolbaşçylyk edýär. Okuwçylar oklaw, dürtgüç, ik, kül artmak üçin çalaw ýaly zatlary ýasap bilýärler. El işini Ejegül Kulyýewa alyp barýar. Gyzlar halyça, palasça, kitap üçin sumka, elde göterilýän gapjyk ýaly zatlary dokamagy, kakma zatlary ussatlyk bilen başarýarlar. Ussahananyñ tikinçikik sehi talaba laýyk, dynuwsyz işleýär. Bedenterbiýe, aýdym-saz kružoklary-da bar. Türkmeniñ halk bagşysy Saryhan Sapaýew, Gazanjyk etrap bilim bölüminiñ müdiri, atly bagşy Tuwakmyrat Bugaýew şu mekdepde okap, aýdym-saz kružogyna gatnap, tälim alanlardyr. Ýene-de şeýle bagşylar dörär diýip kružogyñ ýolbaşçysy Gorganow tama edýär. 1941-45-nji ýyllaryñ urşunda wepat bolanlaryñ, Owganystanda amanadyny tabşyran Nurmyrat Setdarowyñ ýagty ýadygärligine býustlar oturdylyp, aýawly saklanýar. Rejeli aýlawly, bag ekilgi, arassa saklanýar. Nurmyradyñ dogan, aradan çykan günleri ýatlanyp durulýar. Meldebe 8 ýyl guramaçy, 7 ýyl direktor bolup işleýän ýokary kategoriýaly fizik Orazgeldi Baýjanow ýolbaşçylyk edýär. Kollektiwiñ arasynda abraýly, göwünleri awlaýjy, talap ediji ýigit. Kollektiwde geldi-geçerlik ýok. Ylym ojagynyñ işiniñ mundan beýläk-de şowly bolmagyny arzuw edýärin. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |