09:12 Bilmedim | |
BILMEDIM
Goşgular
Ömür sürdüm, bu ömüriň saly baryn bilmedim, Dost tutundym, men dostlaryň aly baryn bilmedim. Ýürek käte joşa gelse, onuň tabyn bilmedim, Bir gözele aşyk boldum, asla taýyn bilmedim. Ýigit çykdyn, öýli boldum, kem rysgally bolmadym, Daş et, maýda zatlar üçin il ryswasy bolmadan. Bugdaý nanyn iýip ösdüm, arpa nanyn bilmedim, Söýdüm ili, ilden uly arka baryn bilmedim. YNANMAÝAN Il-gününe wepasy ýok Şol “dürdäne” ynanmaýan. Günäsin özgä ýükleýän Şol “merdana” ynanmaýan. Höwürtgesin taşlap giden Hiç bir guşa ynanmaýan. Ýürekde kine saklaýan “Adyl” kişä ynanmaýan. Sähralarda ýaýnamaýan Elguşlara ynanmaýan. Ýeňil-ýelpaý serpaý atýan Durmuşlara ynanmaýan. Ynanmaýan zanny ýoga, Hem özünden talapsyza. Ynanmaýan men talant diýip, Gygyrýan her talantsyza. *** Goýuň meni peýwagtyma, Size şatlyk eçileýin. Kaýyl bolup öz bagtyma, Öz agyma ezileýin. Kä sähranyň jümmüşine, Kä gideýin daga tarap. Öz ilimiň ýollaryny Gideýin, ýüregme sarap. Uzak-uzak menzillerden Dolanaryn bir gün ýene. Dagdan eňerin sährama, Saçlarym oýnadyp ýele. Şonda gujak açyň maňa, Şonda giňden gujak geriň. Goý, gujaklap garşy alsyn, Gidemde ellerin seren. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |