10:02 Bir döwüm çörek hakda kyssa | |
Bir döwüm çörek hakda kyssa
Oýlanmalar
Oglanjykkam ýadyma düşýär: bir gezek öýmize myhman gelende, enem elime saçak tutdyryp, myhmanlaň ýanyna äkitmegi buýurdy. Men bolsa iki gezek gatnamajak bolup, duldaky mejimeden okara gowurdak salyp bolýança eneme garaşdym. Ol meniň äwmeýänime geňirgenip: “Myhmanyň öňünde ilki bilen saçak ýazylýandyr oglum, beýleki naharlar soň eltilýändir”. Men: “Bolýar ene” diýip, gowurdakly okarany saçagyň üstünde goýup ýönelemde, enem ýeňimden çekip saklady-da: “Mukaddes saçagyň üstüne hiç zat goýulýan däldir, ol ojagyň bereketidir, abraýydyr. Ýöne ýerden “desterhan diýmändirler-ä” diýeni hakydamdan çykanok. Adam aýasynyň ulylygyndaky bir döwüm çöregi aýak astyna düşmez ýaly geçip barýan ötegçiniň biri ýol gyradaky ýandagyň üstünde goýup gidipdir. Dürtgüjiň gülüniň bir deşijegi ýaşylja nokat bilen örtülipdir. Nan, eýesiniň torbasyndan tötänlikde gaçypmy, ýa-da, gatap we zeňläp başlansoň ony zelelsiz ýere geçiripmi, belli däl. Ýöne, bu hadysanyň guwandyryjy tarapy—ata-babalarmyzyň asyrlarboýy çöregiň mukadessligi barada tekaralap gelýän taglymatlarynyň netijesiniň bir nusgasydyr. “Nan” sözi agzalanda, aglaba, Gün ýaly nurana, jadylaýjy, hoşboý ysly, gyzgyn çörek göz öňümize gelýär. Ýap-ýaňyja tamdyrdan çykyp, desterhana salnan melemyssyk çöregiň aslyny—“ýedi arkasyny” yzarlap görsek ilki bilen näzik elleri bilen hamyr ýugrup oturan ene-mamalarmyzyň, ejelermiziň, gelin-gyzlarmyzyň keşpleri göz öňümize gelýär. Soňra olar, tamdyr közüniň howryna näzik elleri bilen mähirli ýüzlerini on dört gezek çabyradansoňlar, sungatyň bir görnüşi bolan, bir-birine meňzeşje ýedi sany dogany hatarlap, çalykmaga goýarlar. Ýaňy tamdyrdan çykan çöregiň kalbyňy gozgalaňa salýan hoşamaý ysyny alanyň başyny aýlandyrar we özüne imrikdiriji hasiýeti bilen ähli kişini maýyl eder. Ýoldan geçip barýan tanyş-u-nätanyş, tamdyryň başyna baryp, bir bölejik lukmany agzyna atar-da, şu ojagyň bereketiniň egsilmezligi üçin doga okar. Ap-akja un ejemiziň kendirigine girýänçä niçe kötelli ýollary geçýär: “ähli iliň soltany”—ak bugdaýyň ekişine Hormatly Prezidentimiziň ak patasyny alan ülkämiziň hormatly ýaşulylary, gadymyýetden gelýän däbe eýerip: “Biziň elimiz däl, Babadaýhanyň eli!” diýip, sag goly bilen sepen tohumy müňläp, baharda sümmül berýär. Ak bugdaý ýaşyl begresini altyn lybasyna çalşansoň, ýene-de, Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen oraga girişýärler. Hasyl ýygnalýarka “Harmanyňa bereket!” diýişip, ýagşy niýet ediler. Harmandan hazara baran bugdaýy eleklerden geçirmezden owal kir-kimirini aýyrmak maksady bilen ýuwýarlar. Soňra, birinji elek, bugdaý dänesinden uly zibilleri (daşdyr-kesegi) alyp galyp, diňe bugdaýy geçirýär; ikinji elek bolsa bugdaýyň özüni alyp galyp, ondan ownuk jisimleri saýlaýar. Arassalanan däne degirmene geçýär. Bu ýerde-de elek un bilen kepegiň arasyny açyp ap-akja uny haltalara gapgarýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen ekilen we orulyp, ýygnalan hasylyň unyndan bişirilen hälki ýandagyň üstündäki bir döwüm çörek üçin näçe adamlaryň zähmedi siňipdir: daýhanyň gije-gündiz çeken azaby; dili senaly ýaşulylarmyň ýagşy niýetleri; degirmençileriň zähmet goşandy; enelermiziň, gelinlermiziň, gyzlarmyzyň päkize we näzik elleri. Onsoň, şular ýaly gadyr-gymmat siňdirilen çöregiň hormatyna neneň tagzym etmejek! Palawa käşir azrak düşüp biler, börtmäň eti çigräk bişer, çorba şurrugrak bolmagy mümkin. Her owkatyň tagamyna baha kesýän ynsan ogly nana dil ýetirip bilmez. Onuň üçin saçaga haýkyrmak külli günä. Sebäbi, entek çagaka onuň kalbyna ene-atasynyň mukaddes abraýy bilen çörege goýulan hormat derejesi deň derejede guýulýar. Şöhratly türkmen halkymyzyň gadymyýetden nesilden-nesile geçip, üznüksiz dowam edip gelýän, myhmana duz-çörekli çykmak dessury—mukaddes saçagmyzyň hormaty halkymyzyň ruhy baýlygynyň özenidir. Çörek biziň baýlygmyzdyr.Ol her bir ojagyň bereket çeşmesidir, her bir maşgalanyň rysgal nurydyr, ynsanyň ynsap ölçegidir. Çöregi harlamalyň! Çöregi harladygmyz—özümizi horladygmyzdyr. Saçaga hormat goýalyň! Ol pederlermiziň ýagşy niýetli öwüt-öndewlerinden we däp-dessurlaryndan dokalandyr. Kakajan BALKANOW. 2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |