07:34 Bir küýze suw | |
BIR KÜÝZE SUW
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Alys çölleriň birinde garyp bir sähraýy adam ýaşaýan eken. Günlerde bir gün aýaly: - Ähli ýeter-ýetmezçilikleri, jebri-jepany biz çekip gelýäris. Başgalar ömürlerini rahatlykda ýaşap ýör, garyplyk diňe biz üçin niýetlenen ýaly. - Çörek ýok, beýleki azyk-owkatlarymyz hem kem. Küýzämizem ýok, suwymyz göz ýaş. Gündiz eşigimiz güneş, gije düşegimiz aýyň nury. Düýşümizde Aýy nanmyka diýip, asmana ymtylýarys. Biziň hal-ahwalymyz mundan beýläk nähili geçerkä?! – diýip derdinipdir. Sähraýy: - Ehh hatyn, haçana çenli dünýe malynyň arzuwynda ýaşajak?! galan ömrümiz näçe?! akylly adamlar baýlyga öçli bolmaýar. Ýaşlygyňda häzirkiňden has kanagatlydyň, häzir baýlygy özüňe ryzk hasap edýärsiň, altynyň-gyzylyň köplügi bilen gadyr-gymmatyňy artdyrasyň gelýär, şu wagta deňiç özüň altynsyzam has gymmatlydyň. Saňa ne döw çaldy? – diýýär. Aýaly bu geplere gulak hem asman, igençli sözlerini has-da ýagdyryp başlady. - Eý, namysdan başga zat bilmeýän takwa! Seniň nesihatly sözleriňden doýdum. Düşen ýagdaýymyzdan utan. Zol maňa sabyr-kanagatlylygy ündeýärsiň. Haçandan bäri şu ýagdaý, ýene naçe wagt dowam eder, aýt ahyr? Haçana çenli kanagat bilen jan saklajak? Özüňe gel, daş-töweregiňe göz aýla! - Gelinmiň ýa ýalynmyň sen?! Garybam bolsam şu ýaşaýşymdan närazyçylygym ýok. Kellämi köp garjaşdyrma. Meniň hiç kime göripligim ýok. Islendik baýyň aýby köp pul bilen ýapylar. Emma bizde sabyr-kanagatlylyk, asuda durmuş, hiç kimden gorkmazlyk höküm sürýär, hiç kime gowy görünjek bolmak, eden pyssy-pujurlyklaryň üsti açylar ýaly alada gorkuda ýaşamak ýaly aladalar ýok. Igençleriňi bes etmeseň, bu öýden başymy alyp çykyp giderin – diýýär. Äriniň gazabyndan heder eden aýaly özüniň diýenlerine puşman edip, aglap başlaýar. Sözüni şeýle äheňde dowam edýär: - Men seniň aýagyň astyndaky topragyň. Jismin, janym seniňdi, höküm hem seňki, permanam... Garyplykdan ýaňa sabrym gutaryp nalasamam, özüm üçin däl, seni alada edip naladym. Agyr günlerimde derdime derman bolduň, seniň hiç zada zar bolmagyňy islämok. Men hakynda erbet pikir etme, kalp we köňül hökümiňe boýun egerin... Sähraýy adam aýalynyň gözýaşlaryna dözmän, hälki aýdanlarynda gatyrak geçip, göwnüni agyrdandyryn diýen pikir bilen: - Sen üçin näme edip bilerin? Göwnüňi gatyrak agyrdandyryn, seni ýitiresim gelenok, ömrümi sen bilen geçirdim – diýýär. - Hakykatdan meni gowy görýäňizmi? - Elbetde, seni söýýän. - Onda saňa ýekeje haýyşym bar. Bagdad şäherinde bir halyf ýaşaýar, şondan kömek soran hiç bir bendäniň boş gaýtmaýandygy baradada eşdipdim. Ykbal sahyplarynyň dostlugyny ýola goýup bilenlere hem beýik ykbal garaşýar. Şonuň üçinem sen Bagdada bar we şol patyşany tap. - Ol aýdýanlaryňa dogry welin, men bir biçäre sähraýy, pahyr adam. Beýik soltanyň huzuryna nädip baraýyn?! Munuň üçin bir sebäp gerek, sebäpsiz zyýarat bolup bilmez. Aýaly adamsyna nesihat berdi: - Küýzämizde ýagyş suwy bar. Bar mal – mülkümiz hem şol. Şu küýzäni al-da, patyşanyň huzuryna bar we sowgadyňy kabul etmegini haýyş edip: “Biziň bar mal – mülkümiz şu. Çölde mundan gowusy tapylmaz” diýmegi tabşyrýar. Patyşanyň hazynasynda hemme zat bol hem bolsa, tebigy ýagyş suwy (türkmenlerde kak suwy) tapylmaz. Biçäre aýal Bagdadyň ortasyndan süýji suwly Dalje (özbekçe “Dajla”) derýasynyň akyp geçäýndigini nireden bilsin. Öz küýzesindäki suwunyň magtawyny gowy ýetirdi. Adamsyna-da bu gep makul bolýar. Öz ýanyndan “ Kimiň mundan artyk sowgady bolup biler, biziň küýzämizdäki arassa, süýji ýagyş suwy tüýs patyşalar üçin mahsus sowgat bolar” diýip pikiri ýüwürdýär. Küýzäniň agzynyň mäkäm daňyp, ýola düşdi. Gijelerine ogurlanaýmasyn gorkusy bilen, gözüniň göreji deýin goraýar. Günler, hepdeler geçip, Bagdada gelip ýetýä. “Agtaran Käbani tapar” diýlişi ýaly, sorag- ideg edip, patyşa saraýyny tapýar. Ýasawullar onuň näme sebäpden gelendigini soraýarlar. Garyp: - Eý, ýüzleri nuranalyk bilen parlaýan, patyşalyk ahlagy bilen bezelen bendeler! Men bir garyp sähraýy adam. Patyşadan lutf isläp, çöl-beýewandan geldim. Bu sowgadymy soltana eltip beriň, haýyr isläp geleniň ätiýajyny bitiriň. Bu datly we lezzetli suw, küýzäm hem täze. Halyfyň köşk emeldarlary bu adamyň göwnünde hiç hili erbetligiň ýokdygynyň, päk niýet bilen gelendigini aňyp, sowgady patyşanyň huzuryna eltip berýärler. sähraýy bolsa henizem köşküň ortasyndan akyp geçýän süýji suwly Dejle derýasynyň bihabardy. Sowgady ak ýürekden kanul eden halyf garyby öz ýanyna getirmegi býurdy. Oňa köp hezzet-hormat etdi, täze eşik- engamlary geýdirdi. Soň öz adamlaryna: -Küýzesini altyndan dolduryp beriň. Gidip barýarka, ony gämi bilen Dejle derýasynyň ugry bilen ugradyň. Dejläň ýoly onuň ýaşaýan ýerine ýakyn, şol ýerden öz öýüne gowuşsyn – diýýär. Sähraýy gämä münüp, Dejle derýasyny görüp haýran galdy. Oňa täsir eden zat elindäki bir küýze altyn däl-de, ýurt boýunça iň süýji suwly derýa hökmünde adyny eşden Dejle derýasy köşküň içinden akyp geçýän hem bolsa, sähraýynyň çölden getiren bir küýze suwuny halyfyň hormat bilen kabul edenine hiç akyl ýetirip bilmedi... we ýene Allatagala şükür etdi. Jelaleddin Rumynyň “Mesnewi” eserinden. Kyssa görnüşinde özbek milli kitaphanasynyň arhiw sahypasy ziyo.uz saýtyndan alyndy. Terjime eden: Serwi REJEPOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |