11:25 Bir zaman goýuñ! | |
BIR ZAMAN GOÝUÑ!
Goşgular
(Halk aýdymynyñ äheñinde) Öñünden öwünmek ozana kyndyr, Dünýe durky bilen seramat syndyr, Ajap sazy çalyp berjegim çyndyr, Dutarym düzýänçäm, bir zaman goýuñ! Erbetligimdenmi, gowulygymdan, Köp jebiri gördüm öz gylygymdan. Ýigitligmiñ badyhowalygyndan, Aramy üzýänçäm, bir zaman goýuñ! Ömrüm üçin ýadygärdir bu günlem, Çöşmek borjum, ýüpün kesmän düwünleñ, Kine salyp, gemre baglan göwünleñ, Zynjyny ezýänçäm, bir zaman goýuñ! Razy men ýigrendiñiz, söýdüñiz, Kä ortada, kä gyrada goýduñyz, "Ula ibermeli bedew" diýdiñiz, Aýlawda ozýançam, bir zaman goýuñ! Puç etmezi ýaly şygrym mañzyny, Namysa ýuwaýyn roýy-meñzini, Pyragy deý pederlermiñ deñzini, Gulaçlap ýüzýänçäm, bir zaman goýuñ! Türkmen ilim - siz penasy daşymyñ, Hak öñünde şüküri köp başymyñ, Ozan aýdar, ýaşan otuz bäşimiñ, Namasyn ýazýançam, bir zaman goýuñ! 1992 ý. Salyh AÝDOGDYÝEW. | |
|
√ Gardaşym / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Söýgi / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Kim görer hurşydy, ol mahy-sima bolmasa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ Ahunyň jogaby / Goşgular - 19.11.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |