17:46 "Biriniñ başgalara kömegi ýetmeýän bolsa, ol adam dymmaly" | |
KAFKA: “BIRINIŇ BAŞGALARA KÖMEGI ÝETMEÝÄN BOLSA, OL ADAM DYMMALY”
Edebi makalalar
• Kafkanyň “Öwrülme” hakdaky pikiri Birinji hepdämde Kafkanyň “Öwrülme”, “Höküm”, “Ojakçy” hekaýalaryny okadym. Kitabyň goýy goňras reňkli gön jildiniň ýüzüne owadanlap “Frans Kafka” diýip ýazylgydy. Men Fransa kinozala öwrülen ammarlardan söz açanymda (Ýanouh şol zallarda pianino çalypdyr), kitap dyzymyň üstündäki sumkanyň içindedi. Soň men buýsanç bilen kitaby sumkamdan çykaryp, aňyrky çüňkde duran Fransa uzatdym. Ol geň galyp: - Bu näme? – diýip sorady. - Birinji hepdämde okanym. - Puluňy muňa sowup özüňe zyýan eden dälsiň-ä? Gözlerini gyrp-gyrp etdi. Dodaklaryny birden içine çekdi. Birküç sekuntlap haşamlanyp ýazylan adyna seretdi. Kitabyň sahypalaryny şeýle bir agdaryşdyrdy welin, utanýandygyny açyk bildirip duran terzde kitaby öňünde goýdy. Nämüçin öz kitabyndan beýle biynjalyk bolandygyny sorajak bolan badyma üsgürip başlady. Jübüsinden elýaglyk çykaryp, agzyny tutdy. Üsgürip bolansoň elýaýglygy ýene jübüsine dykdy. Ýerinden turup, arka tarapynda el-ýüz ýuwulmak üçin ulanylaýn kiçijik stola tarap gitdi, ellerini ýuwdy. Elini süpürip durka: “Maňa uly baha berýäň. Men muňa utanýan” diýdi. Stolyna geçip oturdy, ellerini çekgesine ýetirip “Sönmejek wulkan däl-ä men...” diýdi. Men onuň sözüniň arasyny böldüm: - Beýle diýmäň. Bu aýdanyňa dogry diýip biljek däl. Meniň üçin-ä, siz ýanyp durtan ot, ýylylyk, ýagtylyk. Ol başyny öňe sallap garşy çykdy: - Ýok, ýok! Ýalşýarsyň. Meniň garalamalarym gön jiltli kitaba mynasybam däl. Olar meniň öz gorkunç garabasmalarym diňe. Hiç çap edilmese gowy. Ýakyp ýok edilmäge degişli. Hiç hili manysy ýok. - Kim aýdýar ony size? Beýle zady nädip aýdyp bilýäňiz? Geljegi görüp bilýäňizmi? Maňa aýdýanlaryňyz tutuşlygyna öz şahsy pikirleriňiz. Belkäm, siziň aýdýan “garalamalaryňyz” erte dünýäde üýtgeşik manyly ses bolup ýaňlanar. Şumat ony öňünden bilip biljek barmy? Uludan demimi aldym. Kafka stola seredip otyrdy. Agzynyň iki tarapynda garamtyl menegiň bardygy bildirip durdy. Duýdansyz batly gürlänime utandym. Şonuň üçin ýuwaşlyk bilen: - Maňa Pikassonyň sergisi hakda aýdan zatlaryň ýadyňa düşýärmi? – diýip soradym. Kafka maňa düşünmändigini bildirýän terzde seretdi. Soňra şeýle diýdim: - Sungatyň zymdyrylyp barýan sagat ýaly geljegi görkezýän aýnadygyny aýdypdyňyz. Belki-de, siziň ýazanlaryňyz şu günüň körler kinozalynda ertiriň aýnasydyr. Kafka: - Haýyş edýärin, bes etsene – diýdi. Iki elini bilen gözlerini ýapdy. Men ondan ötünç soradym: - Haýyş edýärin, bagyşlaň meni. Sizi gynandyrasym gelenok. Akmak bolupdyryn. - Ýok, ýok, akmak däl-ä siz! – Ol eli bilen gözüni ýapman, kellesini öňe-yza oýnatdy. – Dogry aýdýaň. Elbetde, dogry aýdýaň. Belki-de hiç zady soňlap bilmändigimiň sebäbi-de şu bolsa gerek. Hakykatdanam men gorkýaryn. Ýöne gorkman durmak adamyň öz elinde däl-dä! – Ol elini gözünden çekdi, düwlen ýumrugyny stoluň üstüne goýdy, gyryk ses bilen: - Biriniň başgalara kömegi ýetmeýän bolsa, ol adam dymmaly. Hiç kim öz lapykeçligi bilen näsagyň ýagdaýyny öňküsinden beterleşdirmeli däl. Ine, şoň üçinem çyrşan zatlarymyň barsy ýok edilmeli. Mende ýagtylyk näme işlesin. Men hapa-haşal otumyň içinde ugrumy ýitiren adam. Nirä barýanym belli däl – diýdi. Kafka arkasyny stola daýady. Onuň eli jansyz ýagdaýda stoldan taýyp gitdi. Gözlerini ýumdy. Men ynam bilen: - Ynanamok! – diýip gygyrdym. Şeýle-de, köşeşdiriji terzde sözümi dowam etdirdim: - Şu aýdýanlaryňyz dogram bolanda, soňy belli däl köçäni adamlara görkezmäge ýeterlik bolar. Kafka ýuwaşlyk bilen başyny öňe egdi: - Ýok, ýok... Güýjüm-kuwwatym ýok meniň, gaty ýadaw. Men aramyzdaky dartgynlylygy gowşatjak bolup, sypaýyçylyk bilen: - Şu günki işiňizi şu ýerde taşlamaň – diýdim. Kafka kellesini galdyrman durşuna meniň bilen birmeňzeş pikirdedigini ýaňzytdy: - Hawa, taşlamaly däl. Şu ýazuw stolunyň aňyrsynda ýok bolup gidesim geldi, emma güýjümi kemeltmekden başga zada ýaramady. – Kafka söz bilen beýan edip bolmajak gussadan doly gülümsireme bilen maňa äňetdi: - Ine, indi bu... körler kinozaly boldy. Soň ýene gözüni ýumdy. Şol wagt yz tarapdaky gapynyň kakylmagyna begenjimiñ çägi bolmady... Gustaw ÝANOUH / “Kafka bilen söhbetler” Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |