13:16 Degişmelerden täsirlenip | |
• Goa gidiñ Если вас посылают на три буквы, летите в Гоа. Goa Gitseñ gow-a. Salkyn Kenar, Maýyl howa. Dereksiz işden, Pis durmuşdan, Ýadap, Ýadap, Yaşap yörşüña, Özüñi aldap, Ýene Oña urna Her ýerde Tapylar. Bardyr Seni ugratjak Üç hardan gelýan bir ýere. Hmm... Şoña görä, Eğer gitmeli bolsa, Onda bilet alyñ Goa. 16.05.23. • Ýaş ýigidiñ ýaşuly nesiliñ käbir wekillerinden haýyşy Ýaşulular sizden haýyş (Öñem näçe ýüzlenipdim, bu mesele barasynda). Obamyzda toý bolanda Uly iliñ arasynda. Her gezek. Barmagyñyz bilen böwrüme dürtmäñ, - Toý tutmak gezegi indi señki diýp, Gemmik agzyñyzy ýeser syrtardyp. Maña aytmañ! Haýyş maña aýtmañ. Menem bir gün jynazada durkañyz Böwrüñize hürsekläp: - Indi gezek señki - diýsem. Nähili bor, gürsakgal?! Bu ýönekeý Bir sadaja haýyş söz, Geplemegem islemedim paýyş söz. • Oba şahyrynyñ gaharly setirleri Meniñ içimi agyrtjak bolup siz Sürgi dermanny goşduñyz aragyma. Oturşmada masagara etjekdiñiz siz Agyry getirjekdiñiz siz ýüregime. Bar edeniñiz puç boldy eý duşmanlar Men öýe gaýdýançam zordan çydadym. Ýöne ol çydamak maña kyn düşdi Häli hem wagtynda öýe gaýdaýdym. • Diwar ýazgylaryny okap Gar ýagyp dur Aram-aram syrayar. Beton haýatyñ düýbünde durup. Men ondaky ýazgylara garaýan. Ünsümi sowga däl, harplara berip. Ýazgylañ içinde birini okap, Peýda bolýar doñan ýüzde ýylgyryş: "Kimiñ tualedi daşarda bolsa, Yglan edýäs bir minutlyk dymyşlyk". • Ýalançy hakynda gowşak goşgy Ýalan gepläp dursuñ, bilip durun men, Senem bilip dursuñ ynanmaýanym. (Indi mundan soñra näme ýazmaly?) Alakjap garaýan o ýan, bu ýanym. Ýalan sözden meslek ýasanan bende, Çypdyryp ýör gabat gelen her kese. (Häzir kapyya gözläp galýaryn derde, Ýalan hakda dogry gelse-gelmese. Dur! Bu goşgy eýýäm öli doguldy, Ýa ýalançy hakda bolany üçin. Bes, geçeýin, hem bolaýyn dogumly, Gynanmaýyn onuñ öleni üçin. Dert çeken bolmasañ günleñ bir güni, Adamlañ derdine aglap bolmaýar. Süýji sözläp aldap bolar il-güni "Emma öz-özüñi aldap bolmaýar". • Dilimiz hakda gülkünç däl goşgy Ene dilimiziñ içine ...ikip Ýat-nätanyş sözler sokuberýäris. Soñam bütin nesil bet hasiýet tapyp, Dinden, ymmatdan çykyberýäris. "Wapşeto", "serýozny" her bir sözümiz, Türkmençe gürläli etmäliñ hata. Söz ogurlap bilsek saýry dillerden Dilimiz baýlaşyp gitjekmiş "zato". Geplesek giñ açyp iki äñimiz, Ýa orsça bolup dur türkçedir ýa-da. Del illeriñ dili aldy añymyz, Aýtsana näçe wagt dert çeker adam. Haýran galýan bolýan eken şeydibem, Tez maral deý sözüm ýatyr läş ýaly. Türkmeniñ dilini kellä geýdiler, Wah, ýöne ol görünmeýär täç ýaly 30.12.2022. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Täzeçe tuýuglar / Goşgular - 30.11.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Mollanepes / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Jam içre meý ki daýyra salmyş hubap aňa... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Aglama sen, ýüregim! / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ Setirlem / Goşgular - 17.08.2024 |