00:40 Biwepa / hekaýa | |
BIWEPA
—Men saňa öň hem biwepalyk etdim, —diýýän men, seň gaharyňy getirmek üçin.
Hawa, bu eýýäm üçin gezek, üçinji gezekde bar zadyň üsti açyldy. Boljak zatlaryň barsy bolanyndan soň, men saňa näçe gezek biwepalyk edenimiň parhy näme diýsene? Bagyşlamajak bolsaň birnem bagyşlamarsyň, bagyşlajak bolsaň meň eden etmişlerimiň barsyny hem bagyşlarsyň. Eger gitmeli bolsa, ähli zady aýan edip gideýin. Eger galmaly bolsa, goý soraglaryň barsy şu gün çözülsin, soň täzeden bir zatlar aýan bolup, ýene-de düşünşmeli bolmaz ýaly.
—Bilýän, —diýýäň sen, öz adaty we parahat sesiň bilen. Gözleriňi bolsa ýoldan aýraňok. Men bolsa eýýäm ýoly göremok, gözlerim ýaşdan gamaşdy. Näme üçindir seň eliňden tutjak bolýan, soň ukydan açylan ýaly öz pälimden dänýän. Ikimiz hem dymýas, hamala aýdar ýaly sözleriň barsy gutaran ýaly? Ýöne sözsiz hem ähli zat bir eýýäm düşnikli.
—Seň maňa öň iki gezek biwepaluk etdiň, —sen duýdansiz maňa ýüzlenýäň. Sen nireden bilýäň ony, kellede sorag ýaňlanýar. Men saňa öň biwepalyk edip ýetişmedim, men diňe oglan bilen öpüşdim we gujaklaşdym. Sen meni yzarlaýaňmy? —Men sorasym geldi, ýöne men seni edil şu wagt bir zatda aýyplap biljek däldim, şonuň üçin hem senden gönümel soramaly boldum:
—Sen bar zady bilýädiňmi? —Men soradym, öz sesime erk etjek boldum, ýöne başa barmady.
—Ýok, men hiç zat bilemok, —jogap berýäň sen, —şu güne çenli bilemokdym, diňe çaklaýardym. Seň bir ýylda iki gezek aýagyň döwüldi, mende şonda sen gezýän bolaýma diýip çakladym. Netijede çaklamalar dogry bolup çykdy.
Edil aýna ýaly dury ses bilen jogap berýäň. Hiç hili duýgusyz sesde. Seň sisiňde birjede gahar, ökünç ýa-da aýyplama ýok. Sen hamala maňa dälde, öz okuwçylaryňa ýüzlenýän ýaly gürleýäň? Men aglamamy goýdum, meni eşden zadym haýran galdyrdy. Dogrudan hem men bir oglan bilen seýilgähde edil ýaş gyz ýaly bolup öpüşdim. Ol oglan biziň edaramyza täze işe gelipdi. Edil şol gün öýe gaýdyp gelýäkäm meň ýolda aýagym döwüldi. Ulagdan ters düşdüm, büdredim, ýykyldym, soň aýaga galyp bilmedim, aýagym iki ýerinden döwülipdi. Aýagym saralgy 3 aý öýde ýatmaly boldum. Aýagym bitinçä ol oglan eýýäm menden sowaşypdy, meň hem dogrymy aýtsam kelläm öz ýerine gelipdi. Yz ýany men ýene bir oglan bilen tanyş boldym, ol oglan meni bir ýerik çagyrdy, ol gezek hem biz diňe bir öpüşüpdik, ýöne şol gün hem meň aýagym döwülipdi. Ýene birinji gezek bolşy ýaly, meň aýagym 3 aý bitmeli boldy. Men ýene işe çykynçam, ol oglan bir ýerlere ýitrim bolupdy. Men bolan zatlara edil gözüm gapylan ýaly hiç hili üns bermedim. Indem welin meni üçinji gezek Hudaý tutdy. "Aýagyňy egri basdyňmy?" diýen sözleri, öň müň gezek eşden bolsam hem, diňe şu gün ol sözleriň manysyna düşündim. Men sesimi çykarmadym, epesli wagtlap sesimi çykarmadym. Ýene aglap başladym, ýene gözlerim gapyşdy. Daşarda bolsa dynman ýagyş ýagýardy, meň gapdalymda otyran oglanyň iň gowy görýän howasy, ony maňa öň özi aýdandyr öýdýäňizmi? Ýok, ol maňa hiç haçan hiç zat aýdanok, men oň ýüzündäki ýylgyrşyndan aňdym.
—Meni ejeň ýanyna alyp git, —diýdim men, göz ýaşlarym dymanyndan soň. —Meni ejeň bilen tanyş et, şu wagtyň özinde ejeňlere tarap öwürde meni ejeňe görkez. Sen hiç zat gürläňok, ýöne maşynyň ugryny hem üýtgedeňok.
—Men seň ejeňi göresim gelýär, —men bir iki çatryk geçinçä garaşyp, soň gygyryp başladym. Ol çatryklaryň birinde ýoluny üýtgeder diýen umyt bardy, ýöne ýol üýtgänokdy. Dogrysy öz gaýnymlaryň nirede ýaşaýanyny men bilemokdym.
—Seni dünýä indiren aýaly göresim gelýär, meni göni şu wagt, şu durşuma ejeň ýanyna alyp git, eşidýäňmi? —Men ýene gygyrdym.
Sen eşidýäň, bar zady eşidýäň, seň hereketleriň ýaňky ýaly mylaýym däl. Sen tolgunýan bolmaly, eýýäm maşyny dolandyrşyň hem üýtgedi. Soňky 6 ýylyň içinde sen birinji gezek tolgunýaň. Men seni 6 ýyl bäri tanaýan, seň haçan ýatýanyňy we haçan turýanyňy bilýäň, seň bedeniň her bir santimetri maňa aýan, seň gowy görýän naharlaryňy men bilýän. Ýöne seň pikirleriň maňa düýbinden aýan däl. Sen bilen köçeden geçip barýan ýat adam, meň üçin des deň.
—Häziriň özünde maşyny saklada, meni ejeňlere alyp git, ýa-da meni düşür, —diýýän men iň soňky sözlerim bilen.
Sen maşyny saklaýaň, maňa seredeňok, seň gözleriň boşlygy synlaýar. Sen menden çala çyglap başlan gözleriňi gizleýäňmi, —men bilemok.
—Meň ejem ýok, ol ýogaldy, —diýýäň sen.
—Haçan ýogaldy?
—Üç ýyl bolup geçdi, —diýýärsiň sen.
Seň sesiň sandyraýar, men ellerim bilen agzymy ýumýan. —Toba, —diýýän men.
—Men seň bilen ýaşap ýören wagtym seň ejeň ýogaldymy? —Soraýan men. —Sen näme üçin maňa aýtmadyň? Bolýa, men hiç-le, ýöne seň özüň bir ejeňi jaýlama gitdiňmi? —Pikirlenýän men
Sen edil daş ýaly doňup dursyň, seň içiňde bir zatlar bolup geçýär, men seni ömrümde birinji gezek şeýle halda görýän. Duýgularyň seň daşyňa dyzaýar, ýöne sen olary gulplap saklaýaň. Seň boýnuňdan geçýän damarlar haýaljakdan titreýär. Seň durmuşyňda, seň ejeňe ýer ýok bolsa, onda men kim, seň üçin men kim? —Men sorasym gelýär. Seni gujaklasym gelýär, sebäbi seň öziň menden şony isleýäň, men duýýan. Ýöne saňa ýakynlaşmaga gorkýan. Sen nädip bu hala geldiň, näme üçin sen hiç kimi göresiň gelenok, näme üçin sende ýekejede dos-ýar ýok? Men seň bilen bile, bir ýerik aýlanmaga çykamda, hökman bir iki sany tanşyma gabat gelýän, ýöne seň ýekeje gezek birne gabat gelenim ýadymda ýok. Meni kakaň ýanyna alyp git diýjek bolýan men, ýöne ol adamdan ýaşynmalydygym ýadyma düşýär we barybir gürleşip bilmejegime gözüm ýetýär. Sen azajyk köşeşýäň we ýoly dowam edýäň.
—Sen indi meni näme edersiň, meni kowarsyňmy? —Men soraýan, özem gedemlik bilen soraýan. Özümiň bolsa kowulmajagyma gözüm ýetip dur. Beren soragmada jogap alaryn öýdemok. Men oň duýgularyny oýarasym gelýär, haýsam bolsa bir duýgularyny.
—Men hiç zat etmerin, men seni eýýäm bagyşladym. —Diýýärsiň sen we ýene seň dodaklaryňda çala göze ilýän ýylgyryş peýda bolýar.
—Bagyşladyň? —Men boşluga sorag berýän.
—Hawa, bagyşladym, ýöne meni diňle, indi seň bilen näme bolup geçsede, mende günä ýokdur. Maňa gargaýmagyn, —diýýärsiň sen.
Men welin oý pikire batýan, sen näme diýjek bolýaň? Näme bolsada mende günä ýokdur, maňa gargaýmagyn? Eýsem meň bilen näme bolmaly? Ýadyma düşýär, saňa baran ýylym öz häsýetimi görkezjek bolup seň bilen dawwalaşypdym. Şonda saňa 3 gün nahar bermändim, sen şonda meni birjede ýazgarmandyň, seň hatda keýpiň hem gaçmandy, sen şol günler edil şu wagtky ýaly ýagdaýyňdadyň, edil ýata suw ýaly parahatdyň we dodagyňda manysyz ýylgyryş bardy. Dördülenji gün bolsa meň çep gözüm kör bolupdy, men şonda aglap seň ýanyňa barypdym, biz şonda ýaraşypdyk. Gözüm öz özünden gapylypdy, we soň öz özinden açylypdy. Sen şonda hem maňa hiç zat diýmändiň, sen şu wagt hem maňa hiç zat diýeňok. Ertir irden bir gorkuly bir zat bolmalydy, meň ýüregim syzýardy. Ertir daňdan, gün dogmaka meň bilen gorkunç bir zatlar hökman bolmalydy. Her bir adam hökman birine öz arzyny aýtmaly, men öz arzymy ejeme aýdýan, aýal doganyma aýdýan. Sen-de bolsa arzyňy aýdara adam ýok, ýöne barybir biri seň arzyňy diňleýän bolmaly, men gijem bolsa diňe şu wagt bar zada düşünýän. Ýetimleriň arzyny kim diňleýär? Sen hem edil ýetim ýaly ýalňyz, ýöne sen meýletin ýetim, seň özüň ähli kişiden çetde durýaň, hiç kime özüňe golaýlaşdyrasyň gelenok. Senden çaga dogurmadygyma men şu wagt begenýän, ençeme ýyllar gynanýadym, ýöne edil şu pursat begenýän, gorkýan men saňa meňzejek çagadan. Iň ýaramaz ýeri bolsa, seň arzyňy diňleýän, meň gözümi gapmana ukyply, meň aýaklarymy döwmäge ukyply. Meň şu wagt eden işim üçin bolsa, oň näme etjegi belli däl, sen şony bilip çalaja ýylgyrýaň we maňa hiç zat diýeňok. | |
|
√ Mähir ummany / hekaýa - 23.12.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||