00:10 Bizden galyp barýandyr | |
BIZDEN GALYP BARÝANDYR
Goşgular
Bize deň-duş bolan döwürdeşlerim, Tagam-terlik bizden galyp barýandyr. Ýygnanansyň, sarp bolýandyr güýçleriň, Edermenlik bizden galyp barýandyr. Göwün galkan wagty ýürek joşýandyr, «Etsemleriň» bary bir deň üýşýändir, Ýiti zehin ýiten, kelle çişýändir, Eserdeňlik, bizden galyp barýandyr. Ilki, galtaşanda näzik ten bilen, Sandyrap süňňimiz heýjana gelen, Hiç kimi hiç bir kim, bilmez çen bilen, Heserdeňlik, bizden galyp barýandyr. Gaýrat görünýändir bar bolsa ärde, Tozanly tupanda, jöwzada, garda, Birmahal, kürteli otyrka törde, Höweseňlik bizden galyp barýandyr. Bag başyny burar, öwsende ýeller, Mymyjak şemala ygşyldar güller, Toý-meýlisde bile şatlanan iller, Hemmä deňlik, bizden galyp barýandyr. Gaýtmalysyň eňip gitseň ugruna, Hoşlaşaňda mäkäm basgyn bagryňa, Baryn beýan salyp bilmen şygryma, Besdir çenlik, bizden galyp barýandyr. Munda gowy gören zadym nämedir? Arzym aýtsam, ol aşyklar dat eder, Belki, sözüm eşder, bizi ýat eder, Heňňam-heňlik, bizden galyp barýandyr. Bir bakyşyn gördüm gyýmady gözüm, Maňa söz diýenin, duýmadym özüm, Şükur Alla, düşdi ýüzüne-ýüzüm, Gözde ümlik bizden galyp barýandyr. Heniz hem, giç dälkä, gel, bir göreýin, Meýmiräp mähriňe janym bereýin, Ukybym usully döküp-döreýin, Hünärmenlik bizden galyp barýandyr. Gyzma gujaklanym, bagrym oýkanym, Dalaşyp-çolaşyp, göwre çaýkanym, Hyrç dişläp, göz ýumup, başym ýaýkanym, Gezegenlik, bizden galyp barýandyr. A1 şerabyn sarkyp, süzüp içenim, Yşk ýolunda käte serden geçenim, Aýby ýokdur, sorag salsa haçanam, Bardyr kemlik, bizden galyp barýandyr. Agzybirdir bir ugura ýöränler, Hany ol, bizden öň, doglup-döränler? Bolar bir gün, «Dady-perýat» ýaranlar, Bu ses-üýnlik bizden galyp barýandyr. Bu goja zeminiň kim biler ýaşyn, «Getirse, äkidip» näçe daşaýşyn, Ýagtylykdyr ýaraşygy ýaşaýşyň, Bolar tümlük, bizden galyp barýandyr. Ilmämmet, giç däldir, indi toba et, Öň sen, aňlamansyň misli bir «Robot», Ваку gelen dälsiň ýetýändir nobat, «Bu bäş günlük» bizden galyp barýandyr. | |
|
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Aglama sen, ýüregim! / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Ýalñyzlyk / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Мама, туркмена я люблю / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |