22:32 "Blue baby" oýnunyñ howpy | |
"BLUE BABY" ("MAWY BÄBEK") OÝNUNYÑ HOWPY
Ylym we tehnologiýa
Internetde ölümе iterýän howply oýunlar ýene bir täze oýnuñ çykmagy bilen üns merkezine düşdi. "Mawy balinadan" soñ "Momo", "Mariam" ýaly howply internet oýunlary satuwa çykarlypdy. Şindi bolsa çagalar üçin iññän howply bolan "Blue baby" ("Mawy bäbek") oýny orta çykdy. Hünärmenler bu oýnuñ çaltlyk bilen ýaýraýandygyna ünsi çekip, "Hakyky illýuziýa we gipnoz. Mundan beýläk sosial mediýa arkaly çagalar munuñ bendisine öwrülýär" diýdiler. Birnäçe ýyl öñ orta çykandan bäri dünýä boýunça birgiden öz janyna kast etme wakalaryna sebäpkär hökmünde görkezilen "Mawy balina" oýny diñe Türkiýeden 142 ýaş oglan-gyzyñ ölümine sebäp boldy. Çagalar üçin howply hasaplanýan oýunlaryñ hataryna täzesi gelip goşuldy. Bir hammamda bolup geçýän "Mawy bäbek" oýny çagalara gorkuly pursatlary döredip, ölüme iterip bilýär. Oýun dünýäniñ birnäçe ýerinde çagalara ýiti täsir etdi. ■ "Blue baby" oýny nähili oýnalýar? Eýýämden oýnun abyny-tabyny alan çagalaryñ aýtmagyna görä, oýun bir rowaýat esasynda gurnalan. Rowaýata görä, hammamyñ gapysyny ýapyp, penjiräniñ öñünde eliñizde bäbek bar ýaly hallanladyp, “baby blue, blue baby” diýýärsiñiz. Muny 14-15 gezek gaýtalanyñyzdan soñ, özüñuzi eliñizde bäbek bar ýaly duýmaga başlaýarsyñyz. Eliñizdäki göze görünmeýän bäbek biraz wagtdan soñ ösgün dyrnaklaryny siziñ goluñyza batyrýar. Eger bäbegi zyñyp gaçmasañyz, onuñ ejesi "bäbegimi maña ber!" diýip gygyrýar. ■ Näme üçin çagalar üçin howply? Oýundan dek şo pursatda çykmaýan çagalaryñ akyl saglygynda düýpli problemalar orta çykyp bilýär. Bu oýun "Jonatan Kalindo" atly oýnuñ çäginde buýruk hökmünde berilýär we añyny elden aldyran oýunçynyñ bulary ýerine ýetirmegi talap edilýär. "Jonatan Galindo" oýny Facebook Messengerden hat ýazyşma arkaly oýnalýar. "Momo" oýnunda bolşy ýaly, siziñ ýazyşýan kişiñiz siz barada käbir maglumatlardan habarly. Töweregiñdäki käbir duran zatlary size aýdýar, soñabaka kiber diýdimzorluga ýüz urýar. Ses effektleri goýberlip, oýunçy zol-zol tisginip durar ýaly edilýär. Gysga pursatlyk wideo epizodlar goýberilýär. Şular ýaly usullar bilen çagalar gorkuzylýar. ■ "Blue baby" oýnunyñ adam añyna ýaramaz täsiri bar Sosial mediýa boýunça hünärmenler internetde "Blue baby" oýun programmasynyñ beýleki oýunlardan tapawutlylykda has çalt we giñden ýaýraýandygyny aýdýarlar. "Blue baby" oýny gaty bir täzeligem däl. Ol öñdenem bar bolan, emma häzir üns merkezine giren oýun. Ol sosial mediýa arkaly adamyñ beýnisini "amigdala" diýilýän gaýgy-ünjä we gorka iterip, ses, keşp we multimediýa ýaly ýardam beriji serişdeler arkaly ýiti täsir edýär. Sosial mediýa häzirki wagtda şular ýaly tapgyrlaýyn howply oýunlary dolanşyga girizmekde diýseñ amatly serişdä öwrüldi. "Mawy balina", "Momo", "Mawy bäbek" ýaly sanly (sifrowoý) illýuzion esasly oýunlara garşy ene-atalar ätiýaçly bolup, gelejegimiziñ umydy bolan bala-çagalarymyzy mundan uzak tutsalar gowy bolardy. Bular ýaly oýunlarda deñ-duş dost-ýar faktory ilkinji üns bermeli zatlaryñ biri bolup öñe çykýar. Ýetişip gelýän çagalarymyzyñ tirkeşýän ýa-da basdaş deñ-duşlary biri-birlerine özlerini görkezjek bolup azara galmaga ýaltanmaýarlar. Şonuñ üçin çagalar özleri-de bilmezden öñe saýlanma, götergilenme, bäsdeşlik duýgularyna özlerini aldyryp, tapgyrlaýyn ýagdaýda howply internet oýunlarynyñ toruna düşýärler. ■ Tapgyrlaýyn howply oýunlar "Blue baby" oýnunda çagalar ýuwaşlyk bilen gorkuzylýar. Bu 12-15 ýaş aralygyndaky çagalar üçin hasam täsirli. Mundan öñ "Mawy balina" WhatsApp arkaly ýaýran bolsa, "Blue baby" häzir TikTok, Facebook, Messenger we Instagram arkaly giñden ýaýrady. Bu oýun "Jonatan Galindo" atly galp hasapdan ýaýran programma. Çagalar belli bir wagtdan soñ oýnuñ dowamynda özlerine näme buýruk berilse, şonu-da ýerine ýetirýärler. Hünärmenler şonuñ üçin oña "tapgyrlaýyn howply oýunlar" adyny berdiler. "Blue baby" oýny goluña ownuk şikesler (kiçijik kesikler, sypjyryklar) bermek bilen başlaýar, "özüñe kast et, zyýan ýetir, dostuñ bir synasyny kes" ýaly iniñi tisgindiriji gorkunç we tragiki görkezmeleri ýerine ýetirmäge çenli alyp barýar. ■ Çagalaryñyz bilen köpräk gyzyklanyñ, olara haý-küş etmäge ýaltanmañ! Çagalar biziñ ýagty ertämizdir we ýurdumyzyñ röwşen gelejegidir Bu babatda ilkinji iş ene-atalaryñ paýyna düşýär. Ene-atalar çagalarynyñ telewizora, kompýutere, internete, telefona berýän wagtyny tertibe salmaly. Bu diýildigi, çagalary döwrüñ tehnologiýasyndan mahrum etmeli diýildigi däl. Gaýtam, olara wagt bölüp bermeli, emma telewizor, kompýuter, internet, telefon ýaly närseleriñ adamyñ durmuş şertlerini ýeñilleşdirmäge ýardam berýän serişdelerdigini dogry düşündirmeli, olardan ýerlikli peýdalanmagy öwretmeli. Häzirki döwrüñ çagalaryna internet medeniýetini we internetde özüñi nähili alyp barmalydygyny öwretmek hökmany. Çagalar - eger inernet, telefon we ş.m. zatlar ylym-bilim, edebiýat we sungat, söwda üçin peýdalanylanda, onuñ berýän peýdasynyñ çäksizdigine, tersine ýaramaz maksatlar üçin ulanylanda zyýandan başga zadyñ ýokdugyna, kanuny jogapkärçiliklere, hatda öwezini dolup bolmajak uly ýitgilere hem äkidip biljekdigine düşünmelidirler. "Blue baby" oýny hasam köp gije ýarymdan soñ 02:00-05:00 aralygynda ýiti täsir edýär. Sebäbi "Mawy bäbek" öýde hemmeler uklap ýatyrka, imi-salalygyndan we gijäniñ berýän gorkusyndan peýdalanýar. Şonuñ üçin ene-atalar çagalarynyñ özlerini alyp baryşlaryny ünsden düşürmeseler gowy bolar. Çaga şeýle ýagdaýa düşen wagty, tapgyr-tapgyr berlen buýruklary ýerine ýetirmäge özüni borçly duýýar. Eger muny ýerine ýetirmese, garşysyndaky ol barada bilýän zatlaryny ýaýradaryn diýip gorkuzýar. Sms ýazan kişi çagalary olaryñ ene-atasyna zyýan bererin diýip haýbat atýar. Çaga hem beýle ýagdaýlara düşmejek bolup gorkunjyna tapgyrlaýyn oýnuñ içine girenini bilmän galýar we geñ-tañsy hereketleri edip başlaýar. Çaga şeýle ýagdaýa uçran wagty gorkýar, muny ene-atasyna aýtmakdanam çekinýär. Şonuñ üçin çagalaryñyzy özüñize dost ediniñ, olar size hiç bir ýagdaýda garşylaşan zadyny aýtmakdan çekinmesin. Çagalaryñyz haýsy internet programmalaryna galp atlar (nik) bilen girýär, haýsysyna hakyky ady bilen girýär, nirede näme ýazýar, kim bilen näme ýazyşýar... bularyñ barsyna esewan ediñ. Eger çagañyza howp salýan bir ýagdaýa duş gelen ýagdaýyñyzda kiber jenaýatlara garşy göreşýän ýörite gulluklara ýüz tutmaga ýaýdanmañ. Taýýarlan: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||