09:47 Bolluk ülkesinde / absurd erteki | |
BOLLUK ÜLKESINDE
Ertekiler
1-nji bölek. Zamansyzlyk Bir bar eken birem ýok eken. Gadym zamandanam gadym zamanda, has dogrusy hiç zat döremänkä men bolluk ülkesinde üzüm iýip oturdym. Birden öňümden bir ak towşan çykdy. Ol elindäki sagada seredip ,,Men gijä galýan, men gijä galýan" diýip ikiýana bökjekleýärdi. Menem oňa seredip ,,Ahow eşekkelle towşan, sen hiç haçan gijä galaňok sebäbi bu bolluk ülkämizde wagt diýen düşünje ýok" diýdim. Ol eşekkelle towşanam maňa seretdide ,,Wiý bagyşlaň, men bu ýeri Täsinlikler dünýäsidir öýtdüm" diýdide gözden ýitirim boldy. Ol gidende bir sebet boýalan ýumurtgada goýup gidipdir. Men indi onuň Pasha towşanymy ýa Täsinlikler dünýäsiniň towşanymy bilmän galdym. Ýogsada men özüm bilen tanyş etmändirn-ä, men şu bolluk ülkesiniň patyşasy. Men bolluk ülkesine ejemiň garnyndan dogulmankamam patyşalyk edýädim. Meniň kakam bolsa menden soň dogulypdy. Bir gün kakam maňa "Ogul, men seniň kakaň ahyry. Menem şu bolluk ülkämize patyşa bolup göräýin, haýyş!" diýdi. O zamanda ülkämizde kakam ikimizden başga hiç zat ýokdy. Menem bäş minut ýaly oýlanyp oturdymda "Bäş ýyl patyşa bolarsyň, ondan soň ýene men patyşa bolaryn" diýdim. Kakamam: "Ogul, biziň bu ülkämizde wagt düşünjesi ýoga. Bäş ýyl geçenini nädip bileris?" diýdi. - Aý kaka, senemä ülkämiziň kanunlaryndan habaryň ýok öýdýän. Me al biziň kanunlarymyz, oka! - diýip kakama kanunlarymyz ýazylan kitaby berdim. Dogrusy men bu kitaby haçan ýazanym ýadyma düşenok, belkide muny maňa ejem berendir... - Hä ogul. 12-nji bap, birinji madda: bolluk ülkesinde bolan wagtyňyz. Siz islän zadyňyzy oýlap uka gitseňiz, turanyňyzda Şol islän zadyňyz bol bolup garşyňyzda durar we ol size mugt berler. Bu kanun ülkäniň raýatlary, başga ülkeleriň raýatlary we raýatlary bolmadyklar üçin hem geçerli. - Ana kaka senem wagt hakda oýlap uka git! Turaňda wagt bol bolup durar öňüňde. Bar erbetlikler şondan soň başlandy, kakam ýaman pis eken. Garaz kakam ukydan turanda garşysynda ejem durdy. Ejemiň elindede bäş ýyllyk gum sagady bardy. Kakam uklamanka ejem bilen bäş ýyl wagt barada oýlapdyr. Soň kakam ejeme öýlendi. Menem ejemiň garnynda peýda boldum. Kakam begenjinden ,,Ogul indi men bolluk ülkesiniň patyşasy. Indi sen bäş ýyldan soň dogularsyň! Onsoňam biziň ülkämizdäki bir ýyl ejeň garnynda müň ýyl bolýar. Mundan şeýle netije gelip çykýar. Sen ejeň garnynda bäş müň ýyl bolarsyň!" Ejem bolluk ülkesiniň enesidi. Raýatlarymyz kakam tagta oturan günden başlap ejeme we kakama ybadat edýärdiler. Men aglap ejeme ýüzlendim: - Eje, jan eje! Mähribanym ejem! Indi men näme edeýin?! - Wah söwer oglum meniň, sen islän zatlaryňy oýlada garnymda ýatyber. Turanyňda meniň üçin bäş ýyl seniň üçinem bäş müň ýyl geçer. Esasysy dogulanyňda islän zatlaryň şeýlebir bol bolup durar jan balam! - Sag bol ejejan! Men sizi şeýle bir gowy görýän eje! Hany onda maňa hüwdi aýdyp ber. Men islän zatlarymy oýlap uka gideýin. Ejem hüwdi aýtmaga başlady. Menem ejemiň garnynda süýji uka gitdim... 2-nji bölek. Ters dünýä Bolluk ülkesinde bäş ýyl, ejemiň garnynda bolsa bäş müň ýyl geçdi. Men doguldym, has dogrusy biz doguldyk. Bu ýer bolluk ülkesi ahyryn. Men üç bolup doguldym. Birimiz kördik, birimizem kerdik. Ýene birimiz bolsa ýalaňaçdy. Men üç bolup kakamyň ýanyna bardym. Kakam üçümizi görüp täji zyňyp, tagtdan düşip gaçyp gitdi. Şol ýeke täji üçimizem geýdik. Ýöne nädip geýdik hiç aklym çatanok. Soň üç bolup kakamy kowaladyk. Kakam bir ýere bukyldy. Kerimiz onuň sesini eşitdi. Körümizem ony gördi. Ýalaňajymyzam kakamy tutyp aldyda jübisine salyp ylgap gitdi. Soň gaýdyp ýalaňajymyzy gören eşiden adam bolmady. Biz indi iki bolup köşgümize gelýärkäk, ýolda körümiz bir towşan awlady. Ol towşan ol başdaky eşekkelle towşan däldi. Umuman ol eşekkelle towşanyň biziň tutan towşanymyza dahylly ýeri ýokdy. Soň öýe gelip ol towşany soýduk. Onuň etlerini bolluk ülkesindäki iň uly gazana saldyk sygmady. Soň ony ejemiň tikin tikende ulanýan oýmagyna saldyk. Ýaňky sygdy duruberdi. Nahar bişdi, ýöne biz ony bireýýäm iýip gutarypdyk. Ondan soň ikimiz birleşdik. Ýagny bir bütin bolduk. Biziň bolluk ülkämizde raýatlarymyz bulutlarda gurlan başaşak öýlerde ýaşaýardy. Aý, Gün we ýyldyzlar ýer ýüzündedi. Käwagt bulutlardan ýagyş ýaganda ýeriň ýüzündäki Aý, Gün we ýyldyzlar hezil edip suwda ýüzerdi. Biziň bolluk ülkämizde ýaltalar juda baýdy, zähmetkeşler we işeňňirler juda garypdy. Sebäbi ýaltalarymyz islän zadyny oýlap uklardylar. Soň turanlaryndan soň ýene islän zatlaryny oýlap ýene uklardylar. Bu müdümilik şeýledi. Garyp zähmetkeşlerimiz bolsa olaryň öýünde işleýärdi. Garaz biziň ülkämiz siziň ülkäňiz ýaly adalatsyz däldi. Siziň ülkäňiziň işeňňir adamlary ölende biziň ülkämizde ýalta bolup dogulardylar. Biziň ülkämizde adamlar mazarda dogulýardy. Olar müň ýyl ýaşap ejesiniň garnyna girip ölýärdiler. Bäş müň ýyl ejesiniň garnynda bolansoňlar, öli halda ejesiniň garnyndan çykýardylar. Soň olary kakasy gaýtadan dogulmasy üçin gabyr gazyp jaýlap gaýdardy. Dokuz aý geçensoň olar täzeden mazarda dogulardy we bu sikl müdümilik dowam eder durardy. Hool başdaky eşekkele towşanyň galdyryp giden boýalan ýumurtgalarnyň birinden kakam doguldy. Hool başda aýdypdym ahyryn, kakam menden soň doguldy diýip. Men kakamy bolluk ülkesiniň Generaly edip belledim. Käwagt goňşy ülkeler biziň ülkä uruş yglan ederdi. Şonda kakam mydama ýeňiş bilen dolanyp gelerdi. Ýöne şol uruşlarda hemişe ähli esgerlerimiz şol sanda kakamam wepat bolardy... 3-nji bölek. Hyýar iýýän adam Günlerde bir gün biziň bolluk ülkämize bir hyýar iýýän adam geldi. Onuň haýsy ülkeden gelenini hiçkim anyk aýdyp bilenokdy. Ol egnine nasyň reňkinde kostýum geýipdi. Ol diňe haltadan hyýar çykaryp iýýärdi. Pikirimçe ol biziň ülkä gelende uklamanka hyýar oýlap ýatypdyr öýdýän. Sebäbi onuň hyýarlary hiç tükenenokdy. Ol özem şeýlebir tankytçydy bar zadymyzy tankyt edýärdi. Oňa git diýdik gitmedi. Gitme diýdik gitdi. Özem ol gidende hyýarlaryny goýup gitdi. Biz onuň hyýarlaryny ondan ýadygärlik hökmünde bolluk ülkämiziň nämilli muzeýinde goýduk. Ýogsada biziň ülkämizde adamzat bagy hem bardy. Adamzat bagynda herdürli ýewropoid, mongoloid, negroid, awstraleopoid, äpet hem-de lilliput adamlar kapasalarda saklanýardy. Ýaňky hyýar iýýän adam adamzat bagyna girmekçi bolsa ony baga salmandyrlar. Sebäbi adamlary synlamaga diňe haýwanlara rugsat berlipdi. Soň ol öýkeläp köşge gelýärkä ony bir keýik kowalapdyr. - Heý keýik, sen meni näme üçin kowalaýaň? - diýip hyýar iýýän adam ondan sorapdyr. - Men seni awlajak bolýan! - diýip keýik jogap beripdir. Hyýar iýýän adam gaçyp barşyna howuza böküpdir. Soň howuzda onuň dodagyna garmagyň çeňňegi ilteşipdir. Garmagyň simi çekilip ol ýokara, suwyň ýüzine çyksa bir balyk oturan eken. - Heý balyk, sen näme edip otyrsyň? - Göreňokmy men adam tutýan. Häzir bolsa seni tutdym. Indi öýe äkidip seni gowrup iýjek! Hyýar iýýän adam gorkup dodagyndaky çeňňegi aýrypdyrda köşge gelipdir. - Hormatsyz bolluk ülkesiniň patyşasy, men siziň ýurdyňyzdan gitjek, siziň ýurdyňyz gaty manysyz. Adamlaryňyz towuklara ýumurtga guzlap berýär. Atlaryňyz adamlaryňyzyň aýagyna nal kakyp, arkasynada eýer goýup münýäler. Öküzleriňiz bolsa adamlaryňyza ýer agdardýar. Goýunlaryňyz bolsa çopanlaryňyzy bakýarlar. Gaty manysyz ülke men bu ýerde bir sekundam galjak däl. - Gitmäň, haýyş edýäs galyň! - diýip oňa ýalbardym. - Ýok men gitjek. Men çydamok! - Hany biz size gidiň diýsegä gitmediň. Indi size galyň diýsek gitjek bolýaňmy? - Howwa men gitjek. Ol gitdi we gaýdyp gelmedi. 4-nji bölek. Ülkämiz barada umumy düşünje Biziň bolluk ülkämiziň aşagy asman, ýokarsy ýerdi. Raýatlarymyz asmandaky bulutlarda başaşak gurlan öýlerde ýaşaýardy. Ýokarymyzdaky ýerde bolsa gijelerine Aý we ýyldyzlar görünse, gündizleri Gün şöhle saçardy. Ülkämizde bir gije 24 sagat, bir gündiz hem 24 sagatdy. Diýmek bir sutka 48 sagat bolýar. Ülkämizde baky bolluk pasly höküm sürerdi. Ülkämiz bulutlarda bolanynamy ýa başga sebäpdenmi, hemişe bolluk bereket içindedi. Ejem ülkämiziň Enesi, men bolsa Atasydym. Kakam bolsa ülkäniň Generalydy. Biziň ülkede ýaş çagalar ene atalaryny ekläp, terbiýe berýärdiler. Egerde ene atalar garagolluk etse, çagalar olary çybyklap urardy. Ýöne ülkämizde hiç hili muňa meňzeş waka hasaba alynmady. Ülkämizde dört sany derýa bardy. Olar Süýt, Şerbet, Şerap we Suw derýalarydy. Ülkämize käwagt ýokardan kömelekli, ýertudanaly, üzümli we injirli ýagyşlar hem-de şeker, un, tüwi we pagtaly garlar ýagardy. Bizde syçanlar pişikilerimizi tutýardy. Pişiklerimiz peýniri juda gowy görýärdi. Gyzgynjak peçden çykan buz ýaly doňdurmalarymyza taý ýokdy. Ylgamak boýynça geçirlen ýaryşda aýaksyz adam iň ýyndam atlary ozup birinji geldi. Garaz biziň ülkämiz şeýle täsinliklere baý! © Baýramgylyç SAPARGYLYJOW. 13.08.2022 10:32 | |
|
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |