10:44 "Bolup bilmedik biz atamyz ýaly..." | |
“BOLUP BILMEDIK BIZ ATAMYZ ÝALY...”
Goşgular
![]() Bolup bilmedik biz atamyz ýaly, Atam eli açyk, sahawatlydy. “Dünýä maly galar – diýdi - dünýäde”, Öz hakyna kaýyl, kanagatlydy. Biz bolup bilmedik atamyz ýaly, Myhmana açykdy mydam saçagy. Haçan barsaň gara gazan gaýnardy, At alypdy il içinde ojagy. Egser ýaly däldi tamdyrtowymyz, Sowulmazdy alaw ody tamdyryň. Suwa batyrylan gyzgyn nanymyz, Paşşyldysy owazydy tamdyraň. Biz bolup bilmedik atamyz ýaly, Megerem bu durmuşyň bir kanunu. Diýdiler: -Atasy misli Hatam Taý, Ogly welin gadym döwrüň Karuny... Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |