● Kökler
BÖRÜNIŇ ARZYSY NIREDEN?
Ýetmişinji ýyllaryň başynda kiçi oglum bilen haýwanat bagyna aýlanyp ýördük. Möjegiň saklanýan kapasasynyň öňüne ýetenimiz-de, başy seleň telpekli, çopan sypat ýaşuly türkmeniň sögünýänini eşitdim. Ol biziň golaý baranymyza ünsem bermedi. Kapasadaky hor möjege ýigrenç bilen garap:
-Häý, ýüzüň gursun, aýagy döwülmiş, tohumyň tükenäýsedi-diýip käýinip, hüňürdäp gitdi. Möjek welin, oňa ünsem berenokdy, ýaşulynyň käýinmegine sebäp bolan möjeklere berilmeli jezany özüniň çekýändigine kaýyl ýaly, biperwaýlyk bilen bize garady, bizden zat hantama däldigini duýdurdy. Bu haýwanyň mertligini häzir onuň çydamynda görse bolýardy. Gözlerindäki gussa naýynjarlygy däl-de, käýinip giden ýaşuly adamyň aslyndan bihabardygyna gynanjyny duýdurýan ýaly boldy.
Oýlanyp oturşyma, möjek bilen bagly döredilen rowaýatlardan hekaýatlardan, miflerden ýaşuly habarly bolan bolsady, belki, möjege gargamadan saklanardy, ony simwol derejesine göteren ata-babalarymyzyň hopmatyny belki-de, sürüsine ýetirilen zyýandan ýoka- ry tutardy diýýärin.
Taryhy faktlara salgylanyp dowam etsem, irki zamanda, ähli oguzyň totemi böri bolupdyr. Asmandan şöhle bilen inen böri agyr goşun çekip barýan Oguz hana ýol görkezýär, hemaýat berýär. Hun- lardan galan Pazryk halysynda böri şekilli nagyşyň bolmagy halkyň hakydasyny beýan edýän ygtybarly belgidir, faktdyr. Oýlanyp görseň, halydaky nagyşda asmandan şöhle bilen inen böri hakyndaky rowaýatyň beýanyny görse bolýar. Halydaky nagyşlar mifleriň simwollaryň, kultlaryň aňlatmasydyr.
“Dünýä halklarynyň mifleri” diýen ensiklopediýada Ýewraziýanyň, Demirgazyk Amerikanyň halklarynyň mifologiýasynda börüni taýpanyň atasy, goşuna ýol görkeziji hökmünde görkezmek umumy häsiýete eýedir. Ýene bir, häsiýetli alamat, ol hem Demirgazyk-Günbatar hem Merkezi Ýewraziýa halklarynyň miflerinde taýpany döreden adamyň möjek tarapyndan ösdürilip, terbiýelenmegidir. Rim legendasynda häzirki Rimiň düýbüni tutupdyr diýilýän Romulnyň hem onuň ekiz taýy Remanyň möjegi emip ulalmaklary, gadymy eýran rowaýatyna görä, dünýä taryhynda meşhur Ahemeniler dinastiýasynyň düýbüni tutan Kir (Kuros) patyşanyň möjegi emendigi muňa şaýatlyk edýär. Şulara meňzeş rowaýatlar türk kowumlarynda-da bar.
Ahmet Bekmyradow: “Bu Oguznamada-da şeýle. Biziň eýýamimiziň VII asyryna degişli hytaý senenamasynda şeýle bir özboluşly legenda saklanyp galypdyr. Bir gün hun halkynyň (Mode-Oguz ha-nyň hunlaryň ilkinji beýik hökümdarynyň biri bolandygyny ýatlaň) üstüne kese ýerli duşmanlar çozýar. Kese ýerliler halky uçdantutma gylyçdan geçirýär. Giden bir uly halkdan hiç zat galmaýar. Diňe bir on ýaşlyja oglanjygy elden-aýakdan aýryp, bir tokga et edip, kölüň gyrasyna taşlap gidýärler. Kese ýerliler gidenden soň bir ene böri söweş bolan ýerlere aýlanyp çykýar. Hälki oglanjygyň üstünden bar- ýar. Dürli-dümen zat getirip, oglanjygy idedip başlaýar. Ony ýeke goýmaýar. Olar şeýdip bile ýaşap ugraýarlar. Bir gün bu ahwalat şol kese ýerli duşmanyň hanynyň gulagyna degýär. Han ýetginjegi hem börüni öldürmek üçin kölüň ýanyna öz adamlaryny iberýär. Olar gelip ýetginjegi öldürýärler. Emma böri bir söý bilen olaryň deminden sypýar. Bir dagyň gowagyna girip gizlenýär. Şol ýerde hem onuň ýaňky ýetginjekden on sany çagasy bolýar. Şol çagalar önüp-ösüp, biri-biri bilen durmuş gurýar. Olar köpelip gidýär. Adam bilen börüniň nikasyndan bolan çagalaryň biri has rüstem çykýar. Aşina atlan- dyrylan şol ýigit özüni hökümdar diýip yglan edýär. Ýaşaýan ordasynyň derwezesinde ýüzüne börüniň suraty şekillendirilen baýdak asyp goýýar” diýip ýazýar.
Dogrusy, mallaryň ejizini, kesellisini iýip, tohumyň sagdynlygyna ýardam edýär diýäýmeseň, möjegiň başga bir adama görnüp duran bähbitli tarapy ýok. Ony it ýaly ellekileşdirip, goraw üçin ulanyp bolanok. Sähel biagyrlyk eden ýeriňde sürüňe talaň salyp gidýär. Onuň garşysyna birgiden it ýallap ýörmeli. Şonda-da hyzmatly eşege, peýdaly geçi janawara mähir bilen garaman, gurdy bagta deňäpdirler.
“Gorkut ata” eposynda ogluny elinden gideren Salyr Gazandan bir mysal: “Soňra bir gurda duş geldi, “Gurt ýüzi mübärekdir, gurt bilen bir habarlaşaýyn” diýdi. Göreliň, hanym ne habarlaşdy.
Gazan:
Garaňky agşam bolanda, güni dogan,
Gar bilen ýagmyr ýaganda, är kibi duran,
Gyzyl düýe gördüginde bozlaşdyran,
Akja goýunlary görüp, gyrpyn-çyrpan,
Semzin alyp gany bilen şap-şup ýuwdan,
Awazy gaba köpeklere gowga salan,
Çakmaklyja çopanlary dün ile ýüwürden,
Ordamyň habaryn bilermi sen, diýgil maňa
Gara başym gurban bolsun, suwum saňa!
Gurda käýinmeli bolsa, jany ýanyp duran Salyr Gazan käýinmeli dälmi! Gurduň çapawulçylygyndan bozlaşýan düýeler, gany şap-şup ýuwdulýan semiz ak goýunlar, gowga salynýan gaba köpekler, başagaý bolýan çopanlar Salyr Gazana-da degişli ahyry. Ýok, gaharlanma derek lälik oglunyň bezzatlygyna monça bolýan atanyň buýsanjyna meňzeş alamaty duýsa bolýar. Bu säwlik däl, bu ýerde taryhy kanunalaýyklyklar bar. Salyr Gazan aslyna, il-günüň simwolyna hormat bilen garaýar, sebäbi onuň özi-de “böri ýürekli” diýilýänleriň biri. “Halk arasynda bu totemiki obraz barada üç sany örän özboluşly pähim aýdylyp gelinýär. Olaryň ilkinjisinde “Gurt geldi, gut geldi” diýilýär. Bu ýerdäki “gut” sözi gadymy türk dilde “bagt” manysyny aňladýar. Halk arasynda ýörgünli “gutly bolsun” sözi munuň şeýledigini tassyklaýar. Biziň ata-babalarymyz gurduň gelmegini, gö- rünmegini bagt diýip bilipdirler. Çakymyz çak bolsa, “gurt agzasaň gurt geler” diýen halk pähimi hem şu düşünje bilen bagly. Üçünji “Gurt göreniň ýüzi mübärek” diýlen pähim hem öňki pähimleriň öz- boluşly gaýtalanmasy bolup dur. Täsin ýeri, halkymyzyň arasynda biziň ejdatlarymyzyň adam bilen börüniň nikasyndan dünýä inipdir diýlen totemiki ynanç bilen bagly ýene bir düşünje saklanyp galypdyr. Hut häzirki günlerde hem bir ýere sawçylyga giden adamlar gaýdyp gelenden soň, olardan “Gurtmy, tilki?” diýip soralýar. Eger täze maşgalanyň düýbüni tutmak, çatynjalary nikalaşdyrmak bara- da belli karara gelnen bolsa, şol soraga “Gurt!” diýlip jogap berilýär. Mahmyt Kaşgarlynyň ýazmagyna görä, biziň ata-babalarymyzda hem şuňa meňzeş däp bolupdyr. Eger bir aýalyň ogly bolsa, göbek enesi gelip “Ogul boldy” diýmän “Böri doguldy” diýip habar beripdir” diýip, A.Bekmyradow “Göroglynyň yzlary” atly kitabynda ýazýar
Türkmenlerde bar bolan ynanja görä, möjek çeýnän malyň eti haramdyr öýdülenok, ony hallallap ýetişseň iýibermeli. Diňe şol malyň etinden göwreli aýallara iýmek bolanok, iýäýse dogjak çaganyň, möjek gylykly bolaýmagy ähtimal diýýärler.
Etnograf alym A. Orazow Saragt etrabynda ýaşaýan saryklara belli bolan çarwa däbi hakynda ýazýar. Oňa “gurduň agzyny baglamak” diýilýär. Bu däpden nohurlylar-da, gökleňler-de habarly bol- maly. Eger, bir näsazlyk dörägeden süri bölünäýse, tazygyp giden goýunlaryň möjege ýal bolmazlyklary üçin doga edilýär. Şuňa ýörite niýetlenen doga bar, ony diňe erkek adamlar okamaly. Doga okalýan wagty çopan pyçagyny gynyndan çykarýar, gutaranda ýene gynyna salýar. Pyçagyň gyny bolmadyk halatynda ony ýere sünçmeli. Şu dogadan soňra möjek äňini açyp bilmezmiş diýýärler. Ýöne mö- jegiň ezýetini uzaklaşdyrmak bolanok, hormatlanýan haýwan bolany üçin ol uzak aç galmaz ýaly onuň agzyny belli bir wagt geçenden soň açmak buýrulýar.
Eger çagasy bolmaýan aýal möjegiň üstünden ätlese, hökman onuň çagasy bolmaly diýen ynanç hem bar. Gurt, Gurtgeldi, Gurtmyrat, Möjek, Böri diýen ýaly türkmen atlarynyň döremeginiň şu ynanç bilen baglydygyna düşünmek kyn däl.
Dünýä mifologiýasy bilen baglylykda gurt hakynda ýene nähili geň zatlar aýdyp bolar? Ýokarda “gurt göreniň ýüzi mübärek” diýen türkmen nakylyny getirdik. Şunuň ýaly garaýyş, düşünje slawýanlarda-da, Kawkazda ýaşaýan halklarda-da bar. Çeçenler baýdagyna gurduň şekilini goýdular. Kawkazşynas P.Uslar on dokuzynjy asyrda: “Daglylaryň düşünjesinde gurt iň şahyrana, täsin jandar” diýip ýazypdy. Bu ýerde gurdy diňe bir ýürekliligi, çakganlygy, güýçlüligi üçin hem däl, hudaýa mahsus keramaty aňladýandygy üçin hormatlapdyrlar. Gurda keramatly güýji ýöňkemek global häsiýete eýe bolupdyr. Ýaponlar üçin gurt mukaddeslik möhüri basylan jandar...
Ol mukaddesligi tebigy häsiýetine görä gazanmandyr. Ony daglaryň ruhy, ekinleriň penakäri, şemalyň piri, dertleri dep edýän tebip ha- sap edýärler. Şular ýaly garaýyşlaryň bolandygyny bilen adam üçin türk halklaryň aslyny mifologik böri bilen baglaşdyrmaklyk geň däl. Eýran mifologiýasynda harasatyň beýemçisi-de gurt sypatyndadyr.
A.Golan Ýewropanyň käbir halkynda dekabry, Zemin hudaýynyň gyş ukusyna ugradylýan aýyny, “möjek aýy” diýip atlandyrýarlar diýip ýazýar. “Möjek aýynyň” geňlikleri hakynda E.Taýlor birgiden mysal getiripdir. Germaniýada häzirem ýörgünli yryma görä, dekabrda möjek hakynda gürrüň etmek hem bolmaýar, edäýdigiň melgunlar tarapyndan süňňüň para-para ediler diýen ynanç bar.
Irki daş asyry zamanynda tebigy hadysalaryň, güýçli haýwanlaryň kulty hudaý derejesine göterilipdir. Şol döwre degişli kultlaryň arasynda möjege-de orun berilýär.
Ýerasty dünýäniň hudaýyny Gara hudaý diýip diýip atlandyrýarlar. Möjegem şol hudaýyň kulty bilen bagly. Bu baglylyk onuň ite meňzeşligi üçin däl, onuň daş keşbiniň ýyrtyjylyk alamatlaryna juda laýyklygy üçin. Şol sebäbe-de, ganhor hudaýyň obrazy möjegiň sy- patynda göz öňüne getirilipdir.
Möjek ýyrtyjylyk häsiýetinden üýtgemän gelýär. Ony eldekileşdirmek adama başartmandyr, ol hem hudaýlar ýaly elýetmez bolup galýar.
Tirkiş JUMAGELDI.
Edebi makalalar