17:01 Ýigrenji doñuz | |
● Kökler
Edebi makalalar
ÝIGRENJI DOŇUZ Doňuzyň başyna düşen gün geçi janawaryňkydanam aýylganç. Iň ýaramaz hapysa adamlary doňuza meňzedip sögünýärler. Doňuza haram diýýänler sögünse, olara geň galmasa-da bolar, ýöne doňuzy eý görüp, bakyp, semredip iýýän halklarda-da ýigrenji adamy doňuza meňzetmek ýörgünli. Bu ýerde-de gadymdan gelýän ynançlara eýermek endigi äşgär. Yslam dininde käbir iýgi-içgä bolan gadagançylyk mezheblere mahsus garaýyşlara görä üýtgedilip biliner, emma haramlyk taýdan absolýut derejä göterilen zatlar babatda ähli mezhebiň ynanjy bir meňzeş hem üýtgewsiz bolmalydyr. Yslamda doňuzyň haramlygy absolýutdyr. Injilde doňuz bilen bagly hekaýat bar. Iisus Hristos (isa pygamber okuwçylary bilen deňizden geçip, Gadar şäheriniň etegine ýetýär. Ýewreýleriň merhumlaryny jaýlaýan gowagyna ýetenlerinde olaryň öňünden zyr däli adam çykýar. Kellesini daşa urup, galmagal turzup duran däli Iisusy görüp, onuň öňünde baş egýär. Iisus: “Jyn-arwahlar, bu adamyň bedenini terk ediň!” diýip, buýruk berýär. Däli aýylganç ses bilen gygyrýar: “Keramaty güýçli hudaýyň ogly, Iisus, sen menden näme isleýärsiň? Saňa ýalbarýan, maňa ezýet berme!” Iisus: “Seniň adyň näme?” diýýär. Arwah-jynlar jogap berýär: “Biz köplük, bize leşger diýseň dogry bolar”. Golaýda, dag gaýasynda bir süri doňuz bakylyp ýörlen ekeni. Arwah-jynlar ýalbaryp: “Bizi uçutdan zyňma, gowusy, şol doňuzlaryň süňňüne girmägy rugsat beräý” diýýärler. Iisus razy bolýar. Arwah-jynlar doňuzlaryň bedeninde jaýlaşýarlar. Berbatlyk başlanýar, iki müňe golaý doňuz däliräp, uçutdan deňize gaçyp gark bolýar. Däli adam akyl-paýhasyna aýlanýar. Doňuzyň süňňünde arwah-jynlaryň mesgen tutandygyna garamazdan Iisus Hristosyň ymmatyndakylar üçin doňuz etine haramlyk gadaganlyk ýok, ýöne adamlary doňuza meňzedip sögmek endigi dowam edip gelýär. Diýmek, bu endik hristiançylykdan hem irki zamanlarda dörän bolmaly. Teke halysyndaky gölüň ortasyndaky altyburçlugyň iki tarapyna doňuzburun atly nagyş salynýar. Eger hakykatdanam suwuna guşlar gonup oturan, töwerek-daşy ösümlikler bilen gurşalan köli göz öňüne getirsek, onuň ýaýrawynda ýekegapa- nyň bolup biljegine şübhe edýän adam tapylmaz. Emma halydaky nagyşlaryň peýzažy suratlandyrmakdan başga-da, gadymy ynançlary, kult alamatlaryny aňladýandygyny telim öwre nygtap geçipdik, subut edipdik. Eger, yslamda jandaryň suratyny çekmek gadagan bolsa, doňuzam haram bolsa, ady tutulan türkmen nagşynyň yslam dininden has ir dörändigini aýtsa bolar. Jahankeşde S.Zaletaýew ýekegapanyň şekiliniň Eýranda sasany şalarynyň gereldikasyna giren- digine, olaryň jygalaryny bezändigine ünsi çekýär. Mundan başga- da, Hazar deňzinden gündogarda ýaşan gadymy halklaryň simwolikasynda ýekegapanyň orun alandygyny arheologik tapyndylar subut edýär. Şeýle ýerlikli delillerden soň, elbetde, halydaky “doňuzburuna” simwolikany aňladýan nyşan hökmünde garamaly bolar. Alym Mariýa Gumbutasyň “Beýik Aýal hudaýynyň siwilizasiýasy: Gadymy Ýewropanyň dünýäsi” diýen kitabynda sekiz müň ýylyň do- wamynda Topragyň enesiniň ýa-da Ene topragyň mukaddes nyşany diýlip doňuza sejde edilendigi aýdylýar. Doňuzyň heýkelini täze daş eýýäminde (neolit), ondan soňky döwürlerde-de palçykdan ýasapdyrlar. Alym doňuzyň saýlanyp alynmagyny bu haýwanyň çalt ulalýandygyny, adatdan daşary köpelmäge ukyplydygyny topragyň bol hasylly bolmagyna yrym hökmünde kabul edilendir diýen netijä gelýär. Ene topragyň kuwwaty doňuza häsiýetli bolan aýratynlyklarda öz beýanyny tapýar diýen ynanç bolupdyr. “Dünýä halklaryň mifleri” diýen ensiklopediýada ýekegapanyň söweşiň hem-de hasyllylygyň simwoly bolandygy aýdylýar. Gadymy grek, german eposlarynda söweşjeňlik nyşany hökmünde urşujylaryň harby telpeklerine ýekegapanyň kellesiniň şekili berkidilýän ekeni. Ýapon mifologiýasynda ýekegapan awlamak hudaýlara mahsus iş hasap edilipdir. Şeýle-de bolsa, mifologiýanyň taryhy doňuza ýigrenji garaýyşyň gadym zamanlardan bäri dowam edip gelýändigine esas bolup biljek faktlary-da hödürleýär. Olardan käbirini aýdyp geçeliň. Gadymy kultlarda ýekegapan mukaddes haýwan hökmünde hormatlanan hem bolsa, waliý patyşasynyň günä işler edendigi üçin hudaýlaryň buýrugy bilen ýekegapana öwürlendigi hakynda mif döredilipdir. Ýaramaz etmiş üçin jeza hökmünde doňuza öwrülmek grekleriň, hettleriň, başga-da birgiden halkyň mifologiýasynda bar. Günorta Amerikanyň asyl taýpalarynyň miflerinde günä iş üçin tutuş obanyň ýaşaýjylarynyň doňuza öwrülişlerine-de gabat gelse bolýar. Indi seredip otursak, Injilden mysal getirilen hekaýatda arwah-jynlaryň doňuzyň bedenine kowulmaklary tötänden däl ekeni. Eýse, doňuzlar babatda beýle ikiýüzli garaýyş nireden gelip çykan ahwalat? Herki zadyň özüne ýetik sebäbi bar. Men bu sebäbi J.Frezeriň “Altyn şaha” kitabyndan tapdym. Häzirem ilkidurmuş endiklerinden el çekmedik taýpalar haýwanlaryň etini iýenlerinde olaryň häsiýetiniň, keşbiniň adama geçip biljekdigine ynanýarlar. Akyl taýdan kütek, gymyldysy haýal, hereketinde ýaltalyk bar diýilýän haýwanlaryň etini iýmekden saklanypdyrlar, eger iýläýen ýagdaýynda adamyňam akyly kütek, hereketi go- wuşgunsyz bolýar diýipdirler. Haýwanlaryň ýyndamyny, çalt uçýan guşlary, balyklaryň çapagyny saýlap iýipdirler. Ekwadoryň indeýleri juda zerurlyga uçuraýmasalar doňuzyň ýagly etini iýmekden saklanypdyrlar, ýagly et iýseler, öz bedenlerinem ýag tutar, çakganlyk- dan galarys, aw etmek kyn düşer diýip ätiýaç edipdirler. Karyblar bolsa, doňuz etini iýen adamyň gözi-de doňuzyň gözi ýaly kiçi bolýar diýipdirler. Siriýada, Palestinada bolşy ýaly, gadymy Müsürde-de doňuza iki hili garaýyş bolupdyr. Birinji garaýyş doňuzyň mukaddes haýwandygyna, ikinji garaýyş onuň hapysalygyna esaslanýar. Ikinji garaýşyň has möhümdigni grek awtorlary biragyzdan tassyklapdyrlar. Hapalygy üçin müsürliler doňuzy ýigrenipdirler. Seresapsyzlykdan doňuza galtaşan adam çaltrak suwa urup tämizlenmäge howlugypdyr. Doňuzyň süýdüni içen adamyň heýwere keseline ýolugjagyna ynanýan ekenler. Doňuz çopanyna ybadathana barmak gadagan edilipdir. Onuň gyzynam almaly däl, oňa gyzyňam bermeli däl. Goý, olar öz aralarynda alyp-berişsinler. Şeýle zabun gadaganlyklara garamazdan müsürliler ýylda bir gezek Aýyň hem-de baş hudaý Osirisiň ýoluna gurban edipdirler, hatda şol gün onuň etinem iýipdirler. Birnäçe halkyň ynanjyna görä, mukaddes saýylýan haýwanyň etini iýmek gadagan edilipdir, onuň süýdüni içseň hökman heýwere keseline ýolugarsyň diýipdirler. Diýmek, müsürliler üçin doňuzyň mukaddes haýwan bolandygyna ynanaýmak galýar. Doňuza galtaşan adamyň ýuwunmagy-da bu haýwanyň mukad- desliginden bir nyşan, sebäbi, köp halkda keramat siňen zatlara galtaşanyňdan soň ýuwunmak düzgüni bolupdyr. Meselem, ýewreýlere mukaddes ýazgylary okanlaryndan soň ellerini ýuwmak buýrulýar Müsürlileriň baş hudaý Osirisiň ýoluna doňuzy gurban etmeklerinde ýigrenji saýylan bu haýwandan öç almak maksady hem bar. Sebäbi, Osirisiň ganym duşmany Tifon ýekegapan awlap ýörkä, Osirisiň jesedine gabat gelýär, ony para-para edýär. Soňky wersiýalara görä, Osirisi ýa-ha ýekegapan, ýa-da ýekegapanyň obrazyna giren hilegär Tifon öldüren bolmaly. Müsürlileriň doňuzy ýigrenmekleriniň ýene-de bir delili bar. Osiris adamlara ilkinji bolup däne ekmegi öwredipdir diýilýär. Daýhanlaryň däne eken meýdanlaryny ýabany doňuzlar häli-şindi dörüp, basgylap gidipdirler. Emma käbir çaklama ynansaň daýhanlar ekini basgylaýan doňuzlary dänäniň, nanyň ruhy bilen utgaşypdyrypdyrlar. Olary gapma-garşy goýmak soň döräpdir. Garaz, haýsy ýana garasaň iki hili garaýyşa uçuraýarsyň. 2000-nji ýylyň martynda rus telewideniýesinden alymlaryň täze ylmy açyşy hakynda informasiýa berildi. Doňuz genetikasy boýunça adama iň ýakyn haýwan bolany sebäpli, ony klanirlemek arkaly ösdürip, onuň organlaryny adamyň harap bolan organy bilen çalşyryp boljakdygyny alymlar subut edipdirler. Doňuzyň hasabyna ömrüniň uzaldylandygyna göz ýetirenden soñam, adam doñuza ýigrenç bilen garar ýörermikä?.. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||
| |||